«Apple» amerikan kompaniýasy kiçi ýat gurluşlarynyň bahasynyň gymmatlamagynyň öwezini dolmak maksady bilen, öz önümleriniň nyrhlaryny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Tim Kuka salgylanýan «ria.ru» habar berdi. «Gynansagam, bahalary gymmatlatmak gutulgysyz ýagdaý» diýip, Tim Kuk «Wall Street Journal» neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Onuň sözlerine görä, kompaniýa müşderilerini nyrhlaryň ýokarlandyrylmagyndan goramak üçin synanyşsa-da, ýagdaýyň durnuksyzlygy muňa mejbur edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir