Kanadanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Katary 6:0 hasabynda ýeňdi. Oýun Wankuwer şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde gollary Larin (16), Dewid (29, 45+3, 90+2), Saliba (64) dagy geçirdi, şeýle-de Al-Mannai öz derwezesine gol (75) geçirdi. Kataryň ýygyndysy oýny dokuz futbolçy bilen tamamlady: Al-Amin (33) we Modibo (53) gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy. Kanadaly ýarym goragçy Ismael Kone 52-nji minutda katarly goragçy Assim Modibonyň gödek düzgün bozmasyndan soň şikes alyp, meýdançany terk etmäge mejbur boldy. Bu ýagdaýdan soň futbolçylaryň arasynda dawa-jenjel ýüze çykdy. Şunda Modibo gyzyl kart bilen meýdançadan çykaryldy. Kanada dünýä çempionatlarynyň taryhynda bir duşuşykda bäşden köp gol geçiren Ýewropadan we Günorta Amerikadan daşarky ilkinji ýygyndy boldy. Jonatan Dewid bolsa 1930-njy ýyldan bäri Dünýä çempionatynda üç gol geçiren ilkinji KONKAKAF-yň futbolçysy hökmünde taryha girdi. Kataryň baş tälimçisi Hulen Lopetegi hem dünýä çempionatlarynda ispan tälimçileriniň ýolbaşçylygyndaky toparlaryň arasynda iň uly ýeňliş bilen bagly antirekord goýdy. Kanada 4 utuk bilen B toparçasynyň başynda barýar. Şweýsariýa hem 4 utuk bilen ikinji orny eýeleýär. Bosniýa we Gersegowina bilen Katar bolsa hersi 1 utuk toplap, toparçanyň soňky orunlarynda ýerleşýär. Jemleýji tapgyrda (24-nji iýunda) Kanada Şweýsariýa garşy oýnar, Katar bolsa Bosniýa we Gersegowina bilen duşuşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir