Huawei emeli aňly we titan çarçuwaly Eyewear 2 akylly äýneklerini tanyşdyrdy
Huawei "Eyewear 2" täze nesil akylly äýneklerini hödürledi. Bu enjam berk titan çarçuwanyň içinde ýerleşýän sport görnüşli optiki linzalar bilen enjamlaşdyrylan bolup, iş hem-de gündelik ulanmak üçin köp sanly emeli aň funksiýalary bilen üpjün edilen. Bu barada «Huawei Central» habar berýär.
Eyewear 2-niň aýratynlyklarynyň arasynda sesli buý...
Google Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde ilkinji geotermal elektrostansiýasyny gurar
Google kompaniýasy Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde ilkinji geotermal elektrostansiýasyny gurar diýip, «Interesting Engineering» neşiri habar berýär.
Google kompaniýasy Baseload Capital maýa goýum guramasy bilen Taýwanda geotermal elektrostansiýany gurmak boýunça ylalaşyk baglaşdy. Bu stansiýada öndüriljek elektrik energiýasy Google-yň ýerli mag...
Ýuwaş ummanynda ýerleşýän ýurtda ilkinji gezek bankomat gurnaldy
Dünýäniň iň alysdaky ýurtlarynyň biri bolan Tuwaluda ilkinji gezek bankomat oturdyldy. Ýuwaş ummanyndaky adalarda ýaşaýan halkyň elektron bank hyzmatlaryna girmegi ozal mümkin däldi diýip, «The Guardian» neşiri habar berýär.
Bankomatlaryň işe girizilmegi mynasybetli, ýurduň baş adasy bolan Funafutiniň Waiaku obasynda dabaraly açylyş çäreleri...
Linkin Park Mýunhende Çempionlar ligasynyň finalyndan öň sahna çykar
Linkin Park nýu-metal topary 31-nji maýda müňlerçe futbol janköýeriniň öňünde çykyş eder. Bu çykyş topar üçin aýratyn ähmiýetli waka bolup durýar. Sebäbi olar 2024-nji ýylda täze wokalist Emili Armstronk bilen sahna dolanyp geljekdiklerini we «From Zero» atly täze albomlaryny çykarjakdyklaryny yglan edipdiler diýip, «The New York Times» neşiri haba...
ABŞ-da täzeleriniň ýetmezçiligi sebäpli ulanylan ulaglara isleg ýokarlandy
CarFax tarapyndan geçirilen täze barlaga görä, ABŞ-da ulanylan awtoulaglara bolan isleg geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse köpeldi. Şol bir wagtda bahalar hem ýokarlanmagyny dowam etdirýär: ýolsuz ýerler üçin niýetlenen ulaglaryň bahasy ortaça 400 dollar, pikaplaryňky 250 dollar, miniwenleriňki bolsa 800 dollar ýokarlandy.
Munuň esasy s...
Motorola özüniň ilkinji noutbugyny - Moto Book 60-y hödürledi
Motorola kompaniýasy öz taryhynda ilkinji noutbugyny – Moto Book 60-y hödürledi.
Ykjam gurluş durulygy 2,8K we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 14 dýuýmlyk OLED ekranyna eýe boldy. Ekran Dolby Vision, HDR tehnologiýalaryny we DCI-P3 reňk giňişligini goldaýar.
Korpus metaldan ýasaldy we MIL-STD-810H ülňüsine laýyk gelýär.
Noutbuk...
Raýan Gosling “Ýyldyz söweşleri” boýunça täze filme gatnaşar
Lucasfilm kinostudiýasy “Ýyldyz söweşleri” (Звездные войны) franşizasy boýunça “Ýyldyz ýok edijisi” (Звездный истребитель) ady bilen täze filmi anons etdi. Filmde baş keşbi Raýan Gosling ýerine ýetirer.
Önümçilik şu güýzde başlar, reliz bolsa 2027-nji ýylyň 28-nji maýyna meýilleşdirilýär diýip, Variety ýazýar.
Film režissýor Şon Lewin...
Johnson & Johnson OTTAVA hirurgiki robotynyň kliniki synaglaryna başlady
Johnson & Johnson MedTech kompaniýasy özüniň täze OTTAVA hirurgiki ulgamynyň kliniki synaglaryna başlady. Robotyň ulanylmagynda ilkinji operasiýalar üstünlikli geçdi.
OTTAVA ýumşak dokuma operasiýalary üçin döredildi. Ulgam hem adaty, hem bedeniň dürli bölekleri bilen işlemegi talap edýän çylşyrymly operasiýalar üçin ulanylyp bilner. Onuň üç...
Intel çökgünlik sebäpli Altera kompaniýasyndaky paýyny satyp başlady
Intel biznesiniň bir bölegini satýandygyny mälim etdi. Ol 2015-nji ýylda 16,7 mlrd dollara satyn alan Altera kompaniýasyndaky paýlarynyň 51%-ini aýyrmak kararyna geldi. Şol wagt bu Intel-iň taryhynda iň uly şertnama bolupdy.
Altera dürli işler üçin sazlap bolýan programmirlenýän logiki mikroshemalary (FPGA) işläp taýýarlaýar.
Alyjy hö...
Hytaýda bir çaga magnit lewitasiýaly örän ýeňil ýürek oturdyldy
Uhandaky Tunszi lukmançylyk kollejiniň ýanyndaky Bileleşik hassahanasynyň lukmanlary özboluşly operasiýa geçirdi. Olar ýedi ýaşly çaga magnit lewitasiýaly emeli ýüregi oturtdy.
Bu ýüregiň agramy bary-ýogy 45 gram bolup, diametri 2,9 sm ýetýär. Bu öz hatarynda agyr ýürek şikesi bolan çagalar üçin döredilen iň ykjam we iň ýeňil ýürekdir.
...
Samsung ulanyjylaryň arz-şikaýatlaryndan soň, One UI 7 täzelenmesini ýaýratmagyny bes etdi
Samsung kompaniýasy One UI 7 täzelenmesini paýlamagy wagtlaýynça bes etdi. Ulanyjylar Galaxy S24 smartfonlaryny açmaga päsgel berýän bökdençlikler barada habar berýärler diýip, Wccftech.com habar berýär.
One UI 7 programma üpjünçiliginiň dünýä ýaýramagy 7-nji aprelde başlandy. Ol Android 15 -e esaslanýar we emeli aň ulanylýan täze özleşdirme...
ABŞ-nyň ýaşaýjysy iki sany Toyota Tundra-da 3 million km ýol geçdi
ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň ýaşaýjysy Wiktor Şepard 2007-nji we 2014-nji ýyl iki sany «Toyota Tundra» pikaby bilen 3 million kilometrden köp ýol geçip, olaryň ygtybarlylygyny subut etdi. Bu barada «The Drive» neşiri habar berýär.
Ilki bilen ol 2007-nji ýylda Toyota-nyň Tehasdaky zawodynda öndürilen model bilen 9 ýylyň dowamynda 1,6 million km...
Lexus täze "TZ" modelini taýýarlaýar
Ozalky yglan edilen meýilnamalara laýyklykda, Toyota bilen Lexus 2027-nji ýyla çenli täze 15 sany elektromobil çykarmagy göz öňünde tutýarlar. Şondan soň Lexus täze awtoulagyň iki wersiýasynyň resmi atlary bolan «TZ450e» we «TZ550e» haryt nyşanlaryny bellige aldy. Olaryň ikisi hem ilkinji gezek apreliň ahyrynda, maýyň başynda geçiriljek Şanhaý awto...
Mercedes ChatGPT-niň sesi bilen gürlär we ýoly ýokardan görkezip biler
Mercedes-Benz kompaniýasy 2023-nji ýyldan bäri öndürilen iki million awtoulag üçin MBUX multimedia ulgamyny täzeledi. Täzelenme Wi-Fi arkaly elýeterli bolup, birnäçe täze aýratynlygy öz içine alýar. Olaryň arasynda ýoly ýokardan görkezýän Google Satellite View görnüşi, ChatGPT esasly kämilleşdirilen sesli kömekçi we off-road ulaglar üçin niýetlenen...
Redmi Turbo 4 Pro we Xiaomi 16 barada täze maglumat syzylmalary peýda boldy
Insaýderler Redmi Turbo 4 Pro we Xiaomi 16 smartfonlary barada täze maglumatlary habar berdiler. Enjamlar ýokary kuwwatly batareýalary we Qualcomm-yň iň täze prosessorlaryny alyp bilerler.
Smart Pikachu insaýderiniň habar bermegine görä, ýakyn wagtda çykjak Redmi Turbo 4 Pro 7500 mAh akkumulýator alar. Onda, ölçegini känbir ulaltmazdan, kuww...
Sony kompaniýasy PlayStation 5-iň bahasyny ýokarlandyrdy
Sony Group kompaniýasy PlayStation 5 oýun konsolynyň bahasynyň Ýewropada, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde, Awstraliýada hem-de Täze Zelandiýada ýokarlanandygyny mälim etdi.
Kompaniýa bu kararyny dünýädäki «kyn ykdysady ýagdaý, ýokary inflýasiýa we durnuksyz walýuta kurslary» bilen düşündirdi. Meşhur konsolyň bahasy 14-nji aprelden başl...
Pfizer semizlige garşy dermanlary işläp taýýarlamagyny bes etdi
Pfizer kompaniýasy Novo Nordisk we Eli Lilly kompaniýalarynyň bazardaky meşhur horlandyryjy serişdelerine garşy taýýarlaýan dermanyny işläp düzmegi bes etdi. Bu kararyň kabul edilmegine klinik synaglara gatnaşan bir näsagda bagyr zeperlenmesiniň ýüze çykarylmagy sebäp boldy.
Pfizer kompaniýasynyň beýanatynda aýdylmagyna görä, danuglipron syn...
Toyota Supra-nyň önümçiligini tamamlaýar: ABŞ-daky iň soňky wersiýasy iki esse arzan, ýöne güýji pes bolar
Toyota «GR Supra-nyň» bäşinji nesli bilen hoşlaşýar: «MkV Final Edition» atly iň soňky wersiýa 2025-nji ýylyň ýazynda ABŞ-nyň bazaryna çykar. 69 müň dollar bahasy bilen, Ýewropadaky «A90 Final Edition» modelinden iki esse diýen ýaly arzan, emma şoňa görä-de onuň kuwwaty hem pesräk. Ýewropadaky wersiýasy 429 at güýjüni öndürýän bolsa, ABŞ-daky 382 a...
Beýik Britaniýanyň banknot we pasport öndüriji kompaniýasy «De La Rue» satyldy
Dünýäniň köp ýurtlary üçin banknotlary, markalary, möhürli kagyzlary we pasportlary öndürýän Beýik Britaniýanyň «De La Rue» kompaniýasy ABŞ-nyň «Atlas Holdings» maýa goýum gaznasy tarapyndan hödürlenen satyn alyş teklibini kabul etdi. Bu barada «The Wall Street Journal» we «BBC» neşirleri habar berýär.
«Atlas Holdings» maýa goýum gaznasy «De...
Amerikaly fridaýwer suw astynda iki rekord goýdy. Ol howa halkalaryny çişirdi
Amerikaly professional fridaýwer (suwda çümüji) Ameliýa de los Rios suwuň aşagynda bir minutda çişirilen howa halkalarynyň sany boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Ol 56 halkany çişirmegi başardy. Şeýle hem, çäklendirilmedik wagtda howa halkalarynyň umumy sany boýunça rekord goýdy – 81 halka. Bu öňki üstünlikden dokuz san köpdür diýip, Ginnesiň rek...