Dolce & Gabbana işini giňeltmek üçin 150 million ýewro (170 million dollar) möçberinde goşmaça maliýe serişdesini aldy. Bu barada BOF neşiri habar berdi. Kompaniýa birnäçe aý bäri bank karz berijileri bilen gepleşik geçirýär. Modalar öýi ösüş strategiýasyny üýtgetmäge we girdeji çeşmelerini diwersifikasiýa etmäge synanyşýar. Brendiň ýolbaşçylary gözellik-biznesiniň esasy bolmagyna garaşýar. Bu bazaryň durnuksyz mahaly kompaniýanyň garaşsyzlygyny saklamaga kömek eder. Häzirki wagtda kaşaň harytlara bolan isleg azalýar we modalar öýi näbellilik döwrüni başdan geçirýär. Şeýle hem, Dolce & Gabbana Chanel, Gucci, Prada, Louis Vuitton, Versace, Christian Dior, Valentino, Fendi, Burberry we Oscar de la Renta ýaly kompaniýalaryň göreldesine eýerip, gozgalmaýan emläk taslamalaryna gatnaşmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň baş müdiri Alfonso Dolçe Bloomberg News bilen bolan söhbetdeşliginde şu ýylyň başynda 12 aýyň içinde gözellik önümlerinden gelýän girdejiniň 20 göterimden gowrak ösmegine garaşylýandygyny aýtdy.