Ululygy boýunça Lýuksemburgyň çägi bilen deňleşýän A23a ägirt uly aýsbergi Günorta ummanyň suwlarynda ýene-de hereket edip başlady. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg institutynyň metbugat gullugy habar berdi. “Iýun aýynyň ilkinji günlerinde akymlaryň täsiri bilen A23a aýsbergi gündogara tarap 60 km süýşdi we häzir Annenkow adasyndan 74 km uzaklykda ýerleşýär” – diýip, institut buz we gidrometeorologiýa maglumatlary boýunça baş hünärmen Polina Soloşuga salgylanyp, habar berdi. Üç aýlap ýalpak ýerde durmak bilen, aýsberg meýdanynyň 7%-ini ýitirdi we häzir ol 2730 inedördül kilometre barabar. Ilkibaşdaky ululygyndan 35%-i ýitdi. Aýsberg 1986-njy ýylyň sentýabrynda Filhner buzlugyndan bölünip aýryldy. Şol wagt onuň meýdany 4170 inedördül kilometrdi we Ýer ýüzünde iň uly aýsberg hasaplanýardy. 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda A23a Ueddell deňzinde hereketsiz durdy. 2023-nji ýylyň noýabrynda aýsberg açyk suwlara çykdy, 2024-nji ýylda bolsa 1400 km töweregi ýol geçip, 2025-nji ýylyň ýanwarynda Günorta Georgiýa adasyna golaýlaşdy. Mart aýynda kenardan 80 km uzaklykda ýene ýalpak ýere çöküp, maý aýynyň ahyryna çenli şol ýerde galdy. Soloşugyň aýtmagyna görä, aýsbergiň geljegi ýele we suwuň akymyna baglydyr. Bölünip aýrylýan bölekler ýylylygyň we akymyň täsiri bilen dargar. Aýsberg ummanyň derejesine düýpli täsir etmez, sebäbi ereme kem-kemden bolup geçýär diýip, metbugat gullugy belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir