Goal internet neşiri 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna esasy dalaşgärleriň sanawyny täzeledi. Ilkinji onlukda Çempionlar ligasynyň finalyna gatnaşan Milanyň “Interiniň” ýekeje-de oýunçysy ýok. Ýaryşyň ýeňijisi “PSŽ” boldy. Klubuň sanawda dört oýunçysy bar. “Altyn top” – 2025-e dalaşgärleriň ilkinji onlugy: Usman Dembele (“PSŽ”, 1-nji orunda galdy); Lamin Ýamal (“Barselona”, 2-nji orundady); Rafinýa (“Barselona”, 3-nji orundady); Mohamed Salah (“Liwerpul”, 5-nji orundan ýokary galdy); Kilian Mbappe (Madridiň “Realy”, öň 8-nji orundady); Dezire Due (“PSŽ”, ozal onluga girmeýärdi) Hwiça Kwarasheliýa (“PSŽ”, reýtingde ilkinji gezek); Aşraf Hakimi (“PSŽ”, onlukda ilkinji gezek); Pedri (“Barselona”, 6-njy orundan aşak düşdi); Harri Keýn (“Bawariýa”, ozal 7-nji orundady). Onlukdan şular çykdy: “PSŽ-niň” derwezebany Janluiji Donnarumma (4-nji orundady), “Interiň” hüjümçisi Lautaro Martines (9-njy orun), şeýle-de ozal onlugy jemlän “Barselonadan” Robert Lewandowski. 2024-nji ýylyň “Altyn topunyň” eýesi “Mançester Sitiniň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Rodri boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 28-nji oktýabrda Parižde geçirildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir