Microsoft IV maliýe çärýeginde arassa girdejisini we girdejisini çaklamalardan ýokarlandyrdy
Microsoft Corp. 2023-nji maliýe ýylynyň dördünji çärýeginde arassa girdejisini 20%, girdejisini 8,3% ýokarlandyrdy, görkezijileriň ikisi-de analitikleriň çaklanyndan ýokary boldy.
Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, aprel-iýun aýlarynda arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 16,74 mlrd dollar ýa-da paý üçin 2,23 dollar bile...
Tesla awtoulaglary ýedi ýyllyk möhlet bilen karzyna satyn almagy hödürleýär
Amerikanyň Tesla kompaniýasy müşderilerine ýedi ýyllyk karzyna awtoulag satyn almagy teklip etdi. Bu barada Electrek neşiri habar berýär.
Habar beriş serişdeleriniň žurnalistleriniň pikiriçe, 84 aý ýa-da 7 ýyl karz bermek mümkinçiligi korporasiýanyň web sahypasynda peýda boldy. Täze sarp edijiler elektrik awtoulagyny karzyna alyp, onuň doly...
Futbol boýunça ABŞ-niň milli ýygyndysy rekord goýdy
Täze Zelandiýada zenanlaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynyň ABŞ-niň we Niderlandlaryň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygy geçirildi. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Şeýlelikde, amerikanlar erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionatlarynda yzygiderli ýeňlişsiz duşuşyklarynyň sany b...
Ýürek ýetmezçiliginde günde näçe ädim ýöremeli?
Miçigan uniwersitetiniň alymlary pyýada ýöremegiň 12 hepdäniň dowamynda ýürek ýetmezçiliginden ejir çekýänleriň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edip biljekdigini ýüze çykardylar. Bu barlagyň netijeleri «JACC: Heart Failure» žurnalynda çap edildi diýip, gazeta.ru habar berýär.
Barlaga ýürek ýetmezçiligi bolan 425 adam gatnaşdy. Alymlar...
Rimde gadymy teatryň harabalyklary tapyldy
Arheologlar Rimiň merkezinde, Watikanyň golaýynda b.e. I asyryna degişli gadymy teatryň harabalyklaryny ýüze çykardylar. Çaklamalara görä, bu Gadymy Rimiň imperatory Neronyň çykyş etmegi gowy görýän teatry bolup biler diýip, mail.ru «Corriere della sera» gazetine salgylanyp habar berýär.
«Theatrum Neronis» atly şeýle teatryň bolandygy gadymy...
Täze smartfon zarýadynyň kuwwatlylygy boýunça rekord goýar
«Infinix» kompaniýasy özüniň täze «GT 10 Pro» oýun smartfonyny tanyşdyrmaga taýýarlyk görýär. Ol «Nothing Phone 2-ä» meňzeş dizaýna we smartfonlaryň bazaryndaky tiz çalt zarýad almak mümkinçiligine eýe bolar diýip, gazeta.ru «MyDrivers» portalyna salgylanyp habar berýär.
Smartfon 26 Gb operatiw ýada eýe bolar. Onda goşmaça ýadyň bir bölegini...
Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň garşydaşlary belli boldy
27-nji iýulda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň merkezi edarasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kuala-Lumpur şäherinde 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berdi.
Onuň netijesinde saýlama tapgyrçasynda “E” toparça...
Aşgabatda 46-njy «Gurtly — Halkara nebit we gaz uniwersiteti» belgili awtobusyň gatnaw ugry üýtgär
1-nji awgustyndan 46-njy «Gurtly — Halkara nebit we gaz uniwersiteti» belgili awtobus gatnawynyň ugry üýtgeýär. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi resmi saýtynda habar berdi.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak...
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi dalaşgärleri çagyrýar
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Myhmanhana hyzmatlary.
2. Syýahatçylyk hyzmatlary.
3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
4. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.
5. Daşky gurşawy goramak we tebigy...
Singapuryň Prezidenti Türkmenistanyň täze ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky (ýerleşýän ýeri Seul şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halima Ýakoba ynanç hatyny gowşurdy.
Ynanç hatyny gowşurmak dabarasyndan soňra Singapuryň Prezidenti bilen ilçiniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ilçi Türkmenistanyň Singap...
Awgustyň başynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler
2023-nji ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Sammiti geçiriler. Sammite görülýän taýýarlyk işleri we ony geçirmek bilen bagly meseleler şu gün wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň we...
27-nji iýulda Aşgabatda we beýleki şäherlerde garaşylýan howa barada maglumat
Gidrometeorologiýa baradaky gulluk şu gün — 27-nji iýulda Türkmenistanda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi.
Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25… +27° maýyl, gündizine +36… +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglyl...
Russiýada ýerli sport awtoulagy üçin patent alyndy
Russiýaly awtosürüji Roman Rusinow hususy sportkarynyň dizaýny üçin patent aldy. Awtoulagyň senagat maksatly nusgasynyň şekilleri Federal senagat eýeçiligi institutynyň binýadynda çap edildi.
Rusinow patentiň eýesi hökmünde görkezilýär. Awtoulag ösen aerodinamiki aýratynlyga eýedir, onuň üçeginde howa akymy üçin ýörite gurluş we motor bölümi...
26-njy iýulda Türkmenistanda garaşylýan howa maglumaty
Gidrometeorologiýa baradaky gulluk şu gün — 26-njy iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi.
Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27… +29° maýyl, gündizine +39… +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 20 — 4...
Ýaponiýada işleýän aýal-gyzlaryň sany rekord derejä ýetdi
2022-nji ýylda Ýaponiýada işleýän aýal-gyzlaryň sany rekord 30,35 milliona ýetdi, bu bäş ýyl mundan ozalkydan 1,22 million köpdür diýip, Kyodo agentligi habar berýär. Muny rossaprimavera.ru ýetirýär.
Ýaponiýanyň Içeri işler we aragatnaşyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, aýal-gyzlaryň arasynda iş bilen meşgullyk derejesi rekord 53,2%-e ýe...
“Barbi” filmi ilkinji uikendde amerikan prokatynda rekord goýdy
Baş keşpde Margo Robbi bilen “Barbi” filmi ilkinji uikendde amerikan prokatynda 155 mln dollar gazandy, bu ýylyň dowamynda iň gowy başlangyçdyr diýip, forbes.kz habar berýär.
Greta Gerwigiň “Barbi” filmi ýene bir rekordy goýdy – bu taryhda zenan tarapyndan surata düşürilen filmiň iň gowy başlangyjy. Öň rekord Anna Boden we Raýan Flek tarapyn...
Jokowiç ýadawlyk sebäpli Kanadadaky "Masters" ýaryşyndan aýryldy
Dünýäniň ikinji raketkasy serbiýaly Nowak Jokowiç ýadawlyk sebäpli Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) Torontoda (Kanada) geçiriljek "Masters" ýaryşynda çykyş etmez. Bu barada ýaryşyň metbugat gullugyna salgylanyp, sportrbc.ru habar berýär.
"Men Kanadada wagt geçirmegi hemişe halaýardym, ýöne toparym bilen gürrüňdeşlikden soň b...
Ýewropanyň iň asuda howa menzilleri saýlandy
Awtomobilleri kärendesine bermek hyzmatlaryny hödürleýän StressFreeCarRental kompaniýasy iň asuda howa menzillerini tapmak üçin dünýäniň iň meşhur howa menzilleri barada maglumatlary ýygnady. Bu barada Tengitravel.kz habar berýär.
Hünärmenler ýylyň dowamynda syýahatçylaryň umumy sanyna, şäher merkezinden uzaklygyna, awtoulag duralgasynyň bah...
Xiaomi käbir meşhur smartfonlary, şol sanda käbir Redmi modelleri üçin täzelenmeleri çykarmagyny bes eder
Xiaomi 2020-nji ýylda çykan alty sany meşhur smartfon modeli üçin goldawyň gutarandygyny habar berdi. Bu barada XiaomiUI portaly habar berýär.
Könelişen smartfonlaryň arasynda flagman Xiaomi Mi 10, Mi 10 Pro we Mi 10 Ultra, şeýle hem býujet Redmi Note 9 Pro, Redmi Note 9C we Redmi Note 10 5G bar. Bu enjamlar indi öndürijiden operasiýa ulgamy...
Google Android-iň meşhur nusgasyny goldamagyny bes etdi
Google korporasiýasy «KitKat» ady bilen hem meşhur bolan «Android 4.4» operasion ulgamyny goldamagyny dolulygyna bes edýändigini yglan etdi.
«Android KitKat» ulagmynyň API interfeýsi awgust aýyndan goldanylmagyny gutarnykly bes eder. Şeýle hem «Android 4.4» ulgamynda «Google» hyzmatlarynyň işlemejekdigi bellenilýär.
Munuň sebäbi ozal...