Türkmenistanly boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow Hançjou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlarynda ýarym finala çykmagy başardy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi. 71 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän türkmen türgeni çärýek finalda mongoliýaly Tuguldur Býambatsogty tehniki nokaut arkaly ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, Baýramdurdy Nurmuhammedow özi üçin iň azyndan ýaryşyň bürünç medalyny kepillendirdi. Öň habar berlişi ýaly, Baýramdurdy Nurmuhammedow Aziýa oýunlarynyň çäklerinde birinji söweşinde Daşkentde Dünýä çempionaty-2023-iň gatnaşyjysy Dawud Mahkamowy ýeňdi, ikinji söweşinde bolsa, tehniki nokaut bilen Palestinadan Nidal Fokahaadan üstün çykdy.