Ylgaw boýunça Rigada geçirilen dünýä çempionatynda bir mil aralyga (1,6 km) ylgamakda dünýä rekordlary goýuldy. Erkekleriň arasynda amerikaly Hobbs Kessler bu aralygy 3 minut 56,13 sekuntda geçdi. Zenanlaryň arasynda rekord eýesi efiopiýaly Diribe Welteji boldy – ol 4 minut 20,98 sekunt netijäni görkezdi. 4 minut 1,21 sekunt bolan öňki dünýä rekordy 25-nji aprelde Demoýn amerikan şäherinde amerikaly ylgawçy Semýuel Preýkel tarapyndan goýlupdy. Kessler ýeňijiden 0,28 sekunt haýal bolan britaniýaly ylgawçy Kelam Elsondan we öňki dünýä rekordynyň eýesi Preýkelden (3:56.43) öňe geçip, altyn medal gazandy. Welteji 25-nji aprelde Demoýn amerikan şäherinde amerikaly Niki Hils tarapyndan goýlan rekorddan 6,99 sekunt öňe geçdi. Ikinji orny onuň watandaşy Freweýni Haýlu eýeledi, ol ýeňijiden 3,08 sekunt yza galdy. Üçünji orna 4 minut 24,13 sekunt netije bilen keniýaly Feýt Kipýegon mynasyp boldy. 5 km aralyga ylgamakda keniýaly Beatris Çebeta (14 minut 35 sekunt) we efiopiýaly Hagos Gebrhiwet (12 minut 59 sekunt) dünýä çempionlary boldular.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir