2022-nji ýylyň Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy wengriýaly alym Katalin Kariko we amerikaly Drýu Waýsmana berildi. Bu barada Stokgolmyň Karolinska institutynyň Nobel komiteti yglan etdi diýip, TASS habar berýär. Alymlar “COVID-19-a garşy netijeli mRNK sanjymlaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik beren nuklein kislotalarynyň esaslaryny üýtgetmek ugrundaky açyşlary üçin” bu baýragyň eýeleri boldular. “Iki Nobel baýragynyň eýeleriniň açyşlary 2020-nji ýylyň başynda başlanan pandemiýa döwründe COVID-19-a garşy netijeli mRNK sanjymlaryny işläp taýýarlamakda möhüm rol oýnady. Olaryň mRNK-nyň immun ulgamymyz bilen özara gatnaşygy baradaky düşünjämizi düýpgöter üýtgeden açyşlary adam saglygy üçin iň uly howplaryň biriniň dowam edýän döwri sanjymlaryň işlenip taýýarlanylyşynyň görlüp-eşidilmedik ýagdaýda çaltlaşdyrylmagyna ýardam etdi” – diýip, Nobel komiteti metbugat relizinde belleýär. Komitetiň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, “mRNK sanjymlarynyň taýýarlanyş tizligi beýleki ýokanç kesellere garşy sanjymlar üçin hem täze platformany ulanmaga ýol açýar. Geljekde bu tehnologiýa terapewtik beloklary ýetirmek we käbir rak kesellerini bejermek üçin ulanylyp bilner”. “Dürli metodologiýalara esaslanýan SARS-CoV-2-ä garşy başga-da birnäçe sanjymlar hem çalt ornaşdyryldy we umuman alanyňda, tutuş dünýäde 13 milliarddan gowrak COVID-19-a garşy sanjym dozasy goýberildi. Sanjymlar millionlarça adam janyny halas edip we köp adamlarda agyr keselleriň öňüni alyp, jemgyýetiň açylmagyna we kadaly şertlere gaýdyp gelmegine mümkinçilik berdiler” – diýip, şwesiýaly hünärmenler belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir