Guançžou awtosalonynda täzelenen Toyota Corolla görkezildi. Model ýörite Hytaý bazary üçin gaýtadan dizaýn edildi we ol ýerde FAW–Toyota bilelikdäki kärhanasynda öndürilýär. Autonews neşiriniň habar bermegine görä, esasy üýtgeşmeler sedanyň öň bölegine degip geçdi. Indi awtoulagyň daşky görnüşi markanyň häzirki zaman stilini tassyklaýar we 2022-nji ýylda ilkinji gezek tanyşdyrylan täze nesil "Prius" modelini ýatladýar. Täze görnüşde öňki aýry-aýry faralar ýok edildi – olaryň ýerine bitewi yşyklandyryş blogy goýuldy. Faralaryň özleri C şekilli boldy. Öňki bamper has kiçi howa sorujy we ýiti burçlary bolmadyk ýalpak çyzyklar bilen bezeldi. Yzky böleginde üýtgeşmeler ep-esli az: yzky çyralar birneme garaldylan edildi. Hereketlendirijileriň hatary öňküligine galdy. "Corolla" ozalkysy ýaly 1,8 litrlik benzin hereketlendirijisiniň esasyndaky gibrid toplumy, şeýle hem adaty 2 litrlik benzin hereketlendirijisi bilen elýeterli. Mundan öň, "Toyota" Japan Mobility Show 2025 sergisinde täze nesil "Corolla" sedanyň konsepsiýasyny görkezdi. Bu konseptual görnüşi özüniň has dykyz we geometrik dizaýn çyzyklary hem-de elektrik awtoulaglary üçin has adaty bolan proporsiýalary bilen häzirki, 12-nji nesil modelinden doly diýen ýaly tapawutlanýar.