Goşgy

Söýgime
Sen gaşlaň astynda gözleriň süzüp
Diýýärsiň: ,,Ömrümiň ýazy, ezizim,
Men soňky deme çen seni söýerin,
Ýöne sen hem meni baky söýermiň?''

Ýeri nämä gerek beýle sowallar?
Gözler saklamaýar aşygyň syryn.
Seň ýüregiň baky söýüp başarsa
Meň ýüregmem gara daş däl ahyryn.

Dowamy »

12 0
Edebiýat, 13 hours ago


Enäniň ykbaly

Enäň ykbaly

Kerim Gurbannepesowyň ýadygärligine

Gara duman ýer ýüzüni büredi,
Doňan buzlar damja bolup eredi,
Sebäp bäş balasyn dünýä indiren
...

Dowamy »

95 1
Edebiýat, 3 weeks ago


Ýazgyt ( nowella)

Ýazgyt (nowella)
Göýä säher çagy gopan tupana çalym edýän ýowuz uruş uzak ýerlerde dowam edýärdi. Emma ol özüniñ badyny gaçyrman haýdan-haý öñe hereket etmegini dowam etdirse garaşylmadyk hasrat bolup, bu gün bolmasa ertir ganly gözlerini islendik ýere aýlap biljekdigine hiç şübhe ýokdy. Şol sebäpli her bir ýarag tutyp bilýän erkek...

Dowamy »

87 1
Edebiýat, 3 weeks ago


Seniň gözýaşyň

Şemal öwsüp, gara saçlaryň darar,
Gözleriňi süzüp, galdyrsaň başyň.
Dünýäň ummanlarna belentden garar
Seň gözleňden gaçan bir damja ýaşyň.

Bu günler ötüp dur yzly-yzyna,
Şatlyk, hasrat bilen gabaryp daşym.
Kyn günlemde kuwwat berdi dyzyma
Seň gözleňden gaçan bir damja ýaşyň.

Öm...

Dowamy »

82 4
Edebiýat, 3 weeks ago


Ýazyjy şahyrlaryň salgysyny, tel. nomerini biýäňizmi

Salam hormatly agzalar, eger araňyzda türkmen ýazyjy şahyrlarynyň salgysyny, tel.nomerini bilýän bar bolsa ýazaýsaňyz.

Dowamy »

153 5
Sorag-jogap, 1 month ago


Goşgy

Awtory: Maksat Seýitliýew
Durmuş
Men durmuşa başgaçarak düşünýän,
Durmuş- köl içinde ýatan suw däldir.
Ol mydama däli derýa deý joşup,
Öz akymy bilen öňe gidýändir.

Durmuşy hakykat bilen agtaryp,
Her gün gussa bilen atyrdym daňy.
Maňa bu durmuşda rol beril...

Dowamy »

75 0
Edebiýat, 1 month ago


Saňa

Saňa
Sen maňa her gezek:,, Hoş gal! ''diýeňde
Ýüregim agaçda ýapraklar deýin,
Saralar, soň bolsa güýzdäki ýaly
Agaçdan zemine gaçar, ezizim!

Ýöne ýürek bolup gaçan ýapraklaň
Her düýbünden müňläp ýüregim öner,
Topraga kök uran sansyz ýüreklem
Zeminiň gursagna sygmazdy meger.

Dowamy »

219 0
Köneler, 7 months ago


Eneme

Eneme
Aglap-eňräp, uly dünýä gelemde,
Ene mähri bilen diňdirdiň meni.
Dilsizdim, derdimi gözümden aňlap,
Halal ak süýt bilen emdirdiň meni.

Ine, indi başym aman, janym sag,
Uzadan ýerime ýetip dur elim.
Ýöne şol gazanan ýüz müň zadymyň
Togsan dokuz müňün sen berdiň, enem!

...

Dowamy »

395 0
Köneler, 7 months ago