Şemal öwsüp, gara saçlaryň darar,
Gözleriňi süzüp, galdyrsaň başyň.
Dünýäň ummanlarna belentden garar
Seň gözleňden gaçan bir damja ýaşyň.

Bu günler ötüp dur yzly-yzyna,
Şatlyk, hasrat bilen gabaryp daşym.
Kyn günlemde kuwwat berdi dyzyma
Seň gözleňden gaçan bir damja ýaşyň.

Ömrüm menzil-menzil ýollary söküp,
Hasratly günlerde çalarsa saçym,
Göwnümi ýaşardar, ýüregme çöküp,
Seň gözleňden gaçan bir damja ýaşyň.

Garraýar bu ýaşlyk, garrasam eger
Harasat içinde ýitäýse huşum,
Maňa bu dünýäni gaýtaryp berer
Seň gözleňden gaçan bir damja ýaşyň.

Ýöne... aňzak gyşyň golaýlan çagy
Başym penalasa deňlerim duşum,
Bir ýylgyryş bilen soldurar baky
Seň gözleňden gaçan bir damja ýaşyň.

Guraklyk içinde gandyrsa yzgar
Soňky ýolda goýlan merdemsi daşym,
Meger mazarymy her gezek gozgar
Seň gözleňden gaçan bir damja ýaşyň.

Edebiýat, marokka tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir