Ýazgyt (nowella)
Göýä säher çagy gopan tupana çalym edýän ýowuz uruş uzak ýerlerde dowam edýärdi. Emma ol özüniñ badyny gaçyrman haýdan-haý öñe hereket etmegini dowam etdirse garaşylmadyk hasrat bolup, bu gün bolmasa ertir ganly gözlerini islendik ýere aýlap biljekdigine hiç şübhe ýokdy. Şol sebäpli her bir ýarag tutyp bilýän erkek göbekli ene topragyny duşmana bermezlik üçin howada göze görünmän gaýyşyp ýören tozgajyklar ýaly şabyrdap ýagýan güllelere döşlerini gerip göreşýärdiler. Bu bolsa Ata Watana bolan çäksiz söýgiden nyşandy.
Dañ atyp, nurly Gün zemini mähir bilen çoýanda küren obanyñ ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşlysy demir ýoluñ töweregine ýygnanyşypdylar. Şeýle bir adam köp welin alma zyñsañ ýere düşjek däl. Olaryñ arasynda şumjaryp, agysyny zordan saklap duranlar has-da ilki bilen göze ilýärdi. Daşyndan göräýmäge bir bende işini bitiren ýaly, emma ne jeset, ne-de bar bolsa alysdan gözüñe dürtülýän agaç tabyt bardy. Ölüm- ýitimiñ ýoklugyna şol zatlardan göz ýetireniñ hem bir hasap welin ulus iliñ arasynda sesiniñ ýetdiginden bozlap aglaýan enäniñ agysyny eşidip, ýene-de düýpli pikire batanyñy duýman galýañ. Enäñ bar aýdýany ,, Balam, eziz balam, başyña döneýin balam!'' bolup, bu sözler hemmäniň gulagynda ýañlanyp durdy. Enäñ garşysynda bolsa syrdam boýly ýaş ýigit ýuwaşlyk bilen mylaýym ýylgyryp durdy. Ol başardygyndan aglap, özüni ýitirip barýan enesini köşeşdirjek bolýardy. Enesiniñ sandyrap duran ellerinden öpüp, mañlaýyny onuñ elleri bilen sypaýardy. Başardygyndan hoşamaý sözler aýdyp, enesiniñ derdini ýeñletmek isleýän ýaş ýigidiñ ady Begençdi. Ol kiçiliginden zähmetsöýer, bir işi başlap, ony soñyna çenli bitirýän, dogryçyl, sypaýy ýigitdi. Başardygyndan obañ köpçilikleýin işlerine işewir gatnaşyp, il içinde oñat abraý alypdy. Hawa, bu gün bolsa ony Ata Watany agyr ýagdaýda galany üçin kömege çagyrypdy. Häzir ony dabara bilen fronta ýollamak üçin bütin oba otlynyñ saklanan ýerine gelipdi. Tanyşdyr-nätanyş adamlar Begenji taýly gezek bagra basýardylar. Şeýle agyr hoşlaşyk pursadynda Begenç giden mähelläniñ içinden birini gözleýän ýalydy. Eýlesine-beýlesine garanjaklap, uly umyt bilen birine garaşýardy. Birden märekäñ arasyndan orta boýly, zülpleri towlanyp, al ýañagyna gelşik berip duran juwan gyz Begenjiñ gabadyna geldi-de, nazaryny başga ýana sowman oña seredip durdy. Soñra bolsa durnañ gözi ýaly öwşün atyp duran gözlerinden hünji göz ýaşlaryny gaçyryp, juwan gyz Begenji berk bagryna basdy. Bütin märeke ajy aýralyga çäre tapman göz ýaş döküp duran gyz bilen özüniñ howply ýola rowan bolup barýandygyna birjik-de darykman, pessaýlyk bilen ýylgyryp duran Begenjiñ birek-biregi bagra basyp duranlygyna diri şaýat bolupdy. Muny bir çetde kibtini gysyp, ,,barsammykam ýa barmasammykam'' diýip, duran Maral hem synlap durdy. Ol pikir ummanyna çümen ýaly bolup, süzülen gara gözlerini az salymlyk ýumup durdy-da, iki ýana başyny ýaýkady. Hawa, Maral hälden bäri garanjaklap duran Begenjiñ garaşýan gyzydy. Ýolboýy ,,Nädip märekä syr bermän Begenç bilen hoşlaşyp bolarka?!'' diýip, öz-özüne telim gezek sowal berip gelýän Marala häzirki waka garaşylmadyk sowgat bolupdy. Ol häzir ýüzüni öwrüp yzyna gaýtsa ýüreginiñ mejal tapmajagyny oñat bilýärdi. Çünki ol Begenji çyn ýürekden söýýärdi ahbetin. Begenjiñ bir nätanyş gyz bilen duranyny gözi bilen görse-de Maral ýüregine giñlik berip, Begenjiñ söýgüsine wepaly ýigitdigine berk ynanyp, oña uly umyt baglaýardy.
Hyýalynda müñlerçe sowala jogap tapyp bilmän duran Maral ýanyna bile okan synpdaş gyzy Senemiñ gelenini duýman galdy. Senem biraz gülümsireýän ýaly uludan dem aldy-da, kä Begenje, kä Marala seretdi.
- Wah-wah, Maraljan, bagt diýip saýlanyñ şum ykbal bolup çykaýdymy?!- diýip, Senem çep gaşyny ýokary galdyrdy-da, kellesini ýaýkap, Maralyñ ýaraly ýüreginde kiçijek uçgunjykdan ot ýakmak isleýärdi.
- Men öz bagtymyñ şum ykbala dönjegine hiç haçan ynanmaryn.
- Näme, indi öz gözüñ bilen görüp duran zadyña ynanmajak bolýañmy?! Men ol gyzy örän oñat tanaýan, ol ilerki obada ýaşaýar. Begenjiñ ony ir wagtdan bäri tüýs ýürekden söýýändigini saña aýdasym hem gelipdi, emma saña dözmedim.
Maral biraz sandyraýan elleri bilen örüm saçynyñ ujuny emaý bilen sypap, märekäñ orta arasynda duran syrdam boýly Begenje seredip durdy.
-Eger başga birini söýýän bolsa ,goý, bagtly bolsun! Men gül arasynda tiken bolmaryn- diýdi-de Maral öýlerine bakan ýola düşdi. Hamana iş bitiren ýaly gözlerini oýnakladyp duran Senem bolsa ,,Ahyryn başa bardy'' diýýän mysaly gözlerini ýumup, öñküsinden-de beter ýylgyrdy.
Begenç eýlesine-beýlesine garanjaklap durşuna, şindi hem birine garaşýardy. Onýançada otlynyñ aýylganç sesi bütin märekäñ depe saçyny bir ýere üýşürdi. Begenjiñ enesi ogluny bagryna basyp, oña ene kalbyndan çykýan mähirli sözlerini aýda-aýda, gözlerinden boýur-boýur ajy gözýaşlaryny dökýärdi. Şol juwan gyz hem aglamjyrap, Begenjiñ sag gidip, aman gelmegini dileýärdi. Ine-de aýralyk pursady. Begenç otla mündi-de gollaryny bulap, mährem enesi, şol hoşlaşmaga gelen gyz, garasaý bütin obasy bilen gyzgyn hoşlaşyp, ençeme külpetleri özünde jemlän hunabaly urşa bakan ýola rowan boldy...
Uruş zawun sesler , ençeme ýitgiler bilen dowam edýärdi. Elinden, aýagyndan ok degenine garamazdan Watanlaryny jandan söýýän merdana esgerler söweşmeklerini dowam etdirýärdiler.Duşman güllesinden gyzyl gana bulaşyp harap bolup ýatan esgerler hem az däldi.
Begenç öz egindeşleri bilen başardygyndan duşmana sary durşy bilen ar-namysa ýugrulan gülläni ene topragyna bolan çäksiz söýgüsi bilen ýagdyrýardy. Esgerler diñe öñe hereket edýärdi. Wagtyñ geçmegi bilen olar duşmana berk zarba urup, ençeme ýerleri duşman howundan azat edipdiler.
- Esgerler, şu gün agşam biziñ aýgytly hüjüme geçmelidigimizi size ýatladýan. Şonuñ üçin häzir oñat dynç alyñ!- diýip komandir ýogyn sesine bat berip gürledi.
Aýgytly hüjüm barada eşiden esgerler ellerine galam alanlaryny duýman galdylar. Sebäp bu söweş ençeme esgeriñ ömür tanapyny gyryp, ony şum ykbalyñ bosagasyna eltip biljekdi. Begenç hem eline galam alyp, bölejik kagyza gysgajyk hatyny ýazdy-da, kisesine saldy. Indi hemmeler aýgytly söweş barada oýlanyp, özlerine ýakyn saýan adamlaryny hyýallarynda janlandyýardylar.
Obada bolsa şol öñküje durmuş öz akgynlygy bilen dowam edýärdi. Tylda galmaklyk hem urşa gidip söweşmekden onçakly tapawyt etmeýärdi. Oba durmuşynyñ agyr işleri zenanlaryñ, ýaşy ötüşen garrylaryñ, çagalardyr ýetginjekleriñ paýyna düşüp, mele ýer olardan agyr zähmedi talap edýärdi. Emma agzybirlikde jebisleşen ulus iliñ yhlasy bilen başy başlanan her bir işde kynçylyk ýok ýalydy.
Özüni ýalñyzlyk dünýäsinde tanap bilen baglan Maralyñ bar hyýaly Begenç baradady. Ol başardygyndan Begenji unutjak bolýardy, emma kalbynda uly orun tapyp, ýürek tarlaryna perde bolan baş söýgüsi muña hiç ýol bermeýärdi. ,,Begenç, men saña özümden hem beter ynanypdym, seni ýaş ýüregimiñ söýüp bildigiçe söýüpdim, ýöne sen welin meni söýmeýän ekeniñ! Dogry, seniñ ykbalyñ öz eliñde, öz isleýşiñ ýaly ýaşap bilersiñ! Men hem seni bir dem saklanman gürsüldäp urýan ýüregimden sogrup aýyraryn, seni baky unudaryn!'' diýip, Maral hyýalynda Begenç bilen gürleşýärdi. Ýatsa tursa şol Begenji bagryna basan gyz barada pikir edip, özüni oña bäsdeş edip däl-de, özüne nesip etmejek bagtyny bagtly edip biljek gyz hökmünde garaýardy. Şeýle oýlanmalar, aýralyk derdinden şaha-şaha boluşyp, gitdigiçe ýokary galyp barýan ýalñyzlyk duýgusy bir dem saklanman geçip duran günleriñ sepgidine seplenip, maýdaja akymy bilen geçip durdy.
Bu günki gün öñkilerden düýpgöter tapawytlydy, sebäbi bu gün Watan goragçylarynyñ aýgytly hüjüme geçmeli günüdi. Ähli esgerler komandiriñ ýolbaşçylygynda ýaraglaryny berk guratlap, hüjüme geçmeli ýere towşan ädimini edip gelipdiler. Söweşde ýitginiñ az bolmagy üçin duşmanyñ aglaba böleginiñ nirededigini bilmek gerekdi. Komandir esgerleriñ içinden öz göwni ýetýän iki esgerini saýlap, olary ýagyñ orryk ortasyna hüşgärlik, seresaplylyk bilen razwedkaçylyk etmäge iberdi. Olaryñ esasy maksady duşman taýýarlyksyzdygyna göz ýetirip, özleriniñkilere habar ýetirmekdi. Razwedkaçylyk etmäge iberilen iki esgeriñ biri bolsa Begençdi. Iki esger ädimlerini ýeñillik bilen basyp, barmaly ýerlerine oñat golaýlaşypdylar. Ýaragyny egninden asyp iki ýana ysgynsyz gezmeläp ýören garagula gözleri düşen badyna Begenç az-kem çekinen ýaly etdi-de, salgym bolup garagula görünmän bir tarapdan beýleki tarapa geçdi. Eli bilen yşarat edip, ýanyndaky ýigide duran ýerinde oñat gözegçilik etmegi tabşyrdy-da ýene ýuwaşjadan ädimläp başlady. Daş töweregi dymyşlyk gurşap alypdy. Esgerler bolsa hüşgärligi elden bermän, habara garaşýardylar. Birhaýukdan kimdir biriniñ ,,Esgerler ,öñe!'' diýen sesi alyslara ýañlanyp gitdi. Komandir Begenjiñ sesini eşidip, esgerlere ,,Öňe!'' diýip buýruk berdi. Ýaraglaryny jebis tutup, esgerler öñe hereket etmäge başlapdylar. Duşmana tarap atylan oklar ar-namysa, Watana bolan söýgä ýugrulandy. Gandöküşikli söweşde esgerler duşmany jus gabap, olary ýeñlişe sezewar edipdiler.
Söweş gutaransoñ komandir ýitgileriñ sanyny bilmek isläp, esgerleri nyzama düzdi. Olardan ýedi esger duşmana garşy göreşip, gahrymanlarça wepat bolupdy. Komandir tozan siñen papagyny eline aldy-da bir çete saýlanyp uludan dem aldy. Özüniñ günäsi bar ýaly gözlerini ýumup, hyrçyny dişleýärdi. Ol has-da dogumlylykda, dogryçyllykda özüni oñat aldyran, bu gün bolsa duşman güllesine pida bolan Begenç üçin ah çekýärdi. Çünki şu günki söweş has agyr bolmalydy, emma Begenjiñ ýagy üstüne baryp, olaryñ taýýarlyksyzdygyna, özleriniñ duşman bilen söweşmäge güýçleriniñ ýetikdigine mazaly göz ýetirip, özüniňkilere habar bermegi söweşiñ ýeñil bolmagyna sebäp bolupdy.
Bütin oba gahrymany ýerlemek üçin, soñky ýolda razylaşmak üçin onuñ öýüne şol demir ýolda üýşüşleri ýaly ýygnanyşypdy. Aglamakdan ýaña ýañaklary gyzaryp, gözleri çişip giden enäñ haly harapdy. Ol sandyraýan ellerini balasyndan gelen hata ýetirip, uzak ýaýlalaryñ ysy siñen haty mañlaýyna degirýärdi. Balasynyñ indi hiç haçan dolanmajagyna gözi ýetse-de töwereginde oturan goñşy gelinlerden haraý isleýärdi.
- Oguljan, gyzym, Begençjan geler gerek?! Hawa, ol hökman geler. Begençjan enesini ýalñyz goýup,özi alyslara gitjek ogul däldir. Ol hökman geler, hawamy gyzym?!- diýip, ajy göz ýaşyny ýaz çagbasy ýaly gözlerinden guýanyny duýman galýardy.
- Daýzamjan, giñräk boluñ, muña durmuşyñ eçilen keç ykbaly diýerler- diýip, goñşy gelin Oguljan göz ýaşlaryny saklap bilmän oturan enä göwünlik berýärdi.
Begenç bilen hoşlaşmaga Maral hem öz ejesi bilen gelipdi. Häzir onuñ ýüreginden agyr daş asylan ýalydy, emma agysyny başardygyndan içine salýardy. Şol gün, demir ýoluñ gyrasynda onuñ bilen hoşlaşman galanyna diýseñ ökünýärdi. Soñra bolsa ,, Sen özgäni söýýärkäñ men nädip seni uly söýgi bilen urşa ýollap bilerdim?!'' diýip, öñküsinden-de beter gam girdabyna çümýärdi. Uly ýatlamalar dünýäsine perwana bolan Maral birden doñup galdy. Sebäbi şol Begenjiñ bagryna basan gyzy bosagadan gözýaş edip ätläpdi. Maralyñ iki gözi şol gyzdady. Ol gyz Begenjiñ enesiniñ ýanyna bardy-da onuñ alnyndaky ak saçyny ogşady. Soñra bolsa içi-içine sygman uly ses bilen aglady.,,Eziz agamjan, Begençjan, jaýyñ jennet bolsun!...''
Maral gözlerinden akýan göz ýaşlaryny gara ýaglygy bilen süpürip aýyrdy-da, uludan dem alyp, ah çekdi.
Awtory Maksat Seýitliýew

Edebiýat, marokka tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir