Awtory: Maksat Seýitliýew
Durmuş
Men durmuşa başgaçarak düşünýän,
Durmuş- köl içinde ýatan suw däldir.
Ol mydama däli derýa deý joşup,
Öz akymy bilen öňe gidýändir.

Durmuşy hakykat bilen agtaryp,
Her gün gussa bilen atyrdym daňy.
Maňa bu durmuşda rol berilmedi
Ilki oýnap, soňra goýaryn ýaly.

Indi geçenleri ýatlap otursam,
Sanardan köp eken durmuşyň derdi:
Ömür gülüp ýören meni agladyp,
Ömür aglap ýören meni güldürdi.

Ýöne däli derýaň soňu-da bolýar,
Durmuş kitabynda ýapylar gatym.
Meniň kimdigime düşüner olar
Bir gysym topraga garylan wagtym.

Edebiýat, marokka tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir