Enäň ykbaly

Kerim Gurbannepesowyň ýadygärligine

Gara duman ýer ýüzüni büredi,
Doňan buzlar damja bolup eredi,
Sebäp bäş balasyn dünýä indiren
Ene gözlerini ýumdy ebedi.

,,Hany, tur, aýaga galsana, eje,
Ümmüldeşip, çaý içeli bileje!
Ýa-da indi seniň şol mährem gözleň
Ýumuldymy müdimilik bu gije?!''

Diýip, ogul enäň zaryny çekip,
Ýalbarardy ejiz dyzlaryn epip,
Haraý isleýärdi pany dünýäden
Ýaralanan ýüregine duz sepip.


Emma ne-hä enäň,ne-de bir dünýäň
Hemaýat bermäge gurbaty ýetýär.
Ykbal öz wagtynda enäni berip,
Ýene öz wagtynda ony äkidýär.

Gam derdi bolupdy ýürekde gat-gat,
Indi salgym bolup geçýärdi sagat.
Perzentler, ynsanlar beýlede dursun,
Ene üçin gözýaş dökdi tebigat.

Bulutlar asmanda gara boýalyp,
Durdylar doň gara daş deýin bolup.
Hasrat bilen enäň ýasyn tutdylar
Asmandan zemine ak çagba guýup.

Goşgynyň başynda diýipdim, dogry
Şol enäniň perzendi bäş bolmaly.
Ýöne nämüçindir dört ogul ýokda,-
Enäniň ýasyny tutýar bir ogly?

...Bäş ogluň ulusy bir gün dänjiräp,
Öýi terk etmäge tapypdy bir tär:
,,Özüm, gelnim hem-de çagalam bilen
Siziň hemmäňizi edýärin inkär!''

Diýende ak saçly mähriban ene
Ak saçly başyny goýdy-da ýere,
Nurdan dolup-daşýan gözlerin süzüp,
Öz ogluna ýalbarypdy müň kerem:

,,Balam, kakaň pahyr ýogalan çagy
Garyldy gözümiň garasy agy
Indi, balam,sen hem meni terk etseň
Para-para bolar seň eneň bagry''.

Şonda enesini ýerden galdyrman,
Çykdy gitdi öýden göýä bir myhman.
Şodur-şodur ne-hä öýün gördi ol,
Ne-de habar aldy ene pahyrdan.

Enäň şol ogluna habar baranda
Ol göýä çolaşan ýaly emgege,
Hat ýazdy yzyna wagtyn ýitirmän:
,,Men baryp bilmerin, gömäýiňsene!''

,,Gömäýiňsene'',şeýleräk sözi
Heý ynsan ogluna diýip bolarmy?
Onda-da bu sözi öz enesine
Diýipdi enäniň şol uly ogly.


... Enäniň ikinji ogly öýlenip,
Gelnine wepaly gul deýin boldy.
Şondan bäri öçüripdi huşundan
Enesiniň öýüne barýan ýoly.

Ikinji ogluna gelende habar
Eline aldy-da habarly hatyn,
Bir bukjaň içine salyp iberdi
Reňki solup giden elli manadyn.

,,Şundan başga zada güýjüm ýetenok,
Men nädeýin, pesiräk-dä ýagdaýym.
Onsoňam men işli, baryp bilmerin,
Soň bir gün gubryna baryp gaýdaryn''.

Diýip, hat iberdi dogduk öýüne
Göýä harajaty çökeräk ýaly.
Emma baýlygyny deňeşdiräýseň
Karun mülkünden-de köpüräk ýaly.

Şeýle baýlygyndan birje janlyny
Mährem enesine rowa görmedi.
Emma başyna täç gelnine bolsa
Günde göwherdir dür sowgat bererdi.


... Üçünji ogluna gelende habar
( Özüňiz çözüň-dä, çynmy ýa galat)
Diýdi:,,Ýaşlar ýaşap, garrylar ölse
Gynanara zat ýok, bu bolmaly zat.


Ýöne welin men-ä baryp bilmerin, -
Şu gün meniň iň bir wajyp ýygnagym.
Ertirem, birgünem, gepiň keltesi
Soň bir gün görünip gaýdar aýalym''.

Dokuz aý göwrede göteren enä
Dokuz minudynam sarp eýlemedi.
Hatda perişde deý enesi bilen
Razylaşyp, hoşlaşmaga gelmedi.

...Dördülenji ogul başyny sallap,
Mährem enesiniň ýasyny tutýar.
Ýaraly ýüregin tanapsyz baglap,
Kalbynda gussaly harasat gopýar.

Enäniň bu ogly çopan bolsa-da
Enesi bir gezek çytaýsa gaşyn,
Tagzym edip enesiniň aýagna,
Ah çekip goýardy öz gara başyn.

Bäşinjiden bolsa hiç habar ýokdy,
Şol hütdüjek öýden çykyp gidişi.
Özüni eneden, enäni bolsa
Özünden müdimi mahrum edişi.

...Hawa ulus-iliň gerdeni bilen
Göterilip barýar enäň tabydy.
Bir tarapyn ogly göterip barsa,
Üç tarapy ýalňyz barýan ýalydy.

Mazarystanlyga alyp geldiler,
Salladylar çuň çukura ýüp bilen.
Enäň jesedini ele alanda
Oglunyň ýüregi çişdi güp deýin.

Şeýdip kümüş saçly beýik enäni
Ýerlediler mes toprakly zemine.
Enäniň mazary tümmeklenilip,
Iki jür agajy dikileninde
Mazarystanlyga gelen il-güne
Heniz görülmedik gudrat göründi.
Entek sowamadyk mazara goýlan
Enäň iki jür agajy gülledi.


Hemmeler baş egip bu keramata,
Enäň mazaryna tagzym etdiler.
Göz ýaş döküp, ýüreklerin ýeňledip,
Kä agajy, kä mazary öpdüler.

... Meşhur bolmasam-da men bu dünýäde
Her sözi dür bolan halypam deýin,
Nowça perzentlerden bir dilegim bar:
Mährem eneleriň gadyryn biliň!

Awtory Maksat Seýitliýew

Edebiýat, marokka tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir