AÝDYÑ KÖÇELER
Reýimbaý Sabyrow

Şäheriň gül pürkülen ýaly uly köçeleriniň birinden barýan süýt ýaly ak "Mersedesiñ" tigriniň aşagynda bir zat “gyjyrt” etdi. Onuň nämedigini bilmek üçin ulagy saklap, ondan düşen näzenin gyzyň gözi ilki kellesini ahmyrly ýaýkap duran sary keltekçeli ýigide düşdi. Ýigit:
-Sübsämi döwdüňiz-ä-diýdi. Tigriň aşagynda döwlüp ýatan sübsäni görän gyz:
-Bagyşlaweriň, men görmändirin. Puluny töläýeýin, näçe durýa?-diýdi. Ýigit gyza synçy nazar bilen garap:
-Aý gyz, köçäni pul bilen süpürip bolmaýar, sübse bilen süpürilýär-diýdi. Bu ters jogaba gyzyň girre gahary geldi:
-Diýýäniň näme, sen oglanyň! Köçäniň näme bilen süpürilýänini bilmeýändir öýdýäňmi meni?
-Bilýän bolsaňyz, sübsäniň özüni getirip beriň.
-Bazarda öý süpürilýän sary sübse satylýanyny bilýän, ýöne munuň ýaly uly sübse ýog-a. Men ony nireden tapmalydygyny bilemok. Puluny alaýyň, özüňiz tapyp alarsyňyz-diýip, gyz gaharyny ýuwdup, haýyş äheňinde gepledi. Ýigit kinaýaly ýylgyrdy:
-Siz meniň sübsämi döwüp, ýene “özüň tapyp al” diýip, ýumuşam buýurýaňyz. Onyňyz bolmaz, aý gyz.
-Onda men nädeýin, munuň ýalyny nireden tapaýyn?
-“Gözlän Käbäni tapar”, diýipdirler. Gözleseňiz taparsyňyz, gözläň.
-Wah! Men nireden gözlejegimi bilemok-da, siz bilseñiz aýdyñ,alyp getip bereýin. Ýigit bir salym oýlanyp:
-Onda men size bir salgy bereýin, işiňizden gaýdyşyn şol ýere sowulsaňyz, şunuň ýaly sübse satyn alyp bilersiňiz.
-Beriň, ýazyp alaýyn-diýip, gyz ulagynyň çekmesinden ruçka bilen ýandepderçäni aldy.
-Ýazyň, “Şagadam” köçesiniň 10-njy jaýy, Şol jaýda islendik görnüşdäki sübseler satylýar. Ýazdyňyzmy?
-Ýazdym. Şol ýerde bar bolsa getirip bererin-diýip gyz ulagyny gaty sürüp gitdi. Ýöne “Şagadam” köçesiniň şäheriň niresindedigini soramany ýadyna düşüp, tas yzyna gaýdypdy. Ýene “Aý, işdäkilerden soraryn, biri bilmese biri biler” diýip yzyna dolanmady. Işinden soň köçäniň salgysyny alan gyz göni şol tarapa ugrady. “Şagadam” köçesi şäheriň çetiräginde, iki tarapy ýaşyl daragtly, tekiz, arassa köçe ekeni. Gyz jaýlaryň belgisine seredip, ulagyny ýuwaş sürüp barşyna 10-njy belgili jaýyñ deňine ýetende saklandy, maşyny öçürmän, bir salym ýaýdanyp oturdy. Çünki, belent haýatly, nagşynkär derwezeli köşk ýaly bu kaşaň jaý ýönekeý sübse satylýan ýere meňzänokdy. “Bäh, bu nähili boldy, girip, sübse sorasam, öý eýesiniň gahary gelip, ýüzümi alsa näderin” diýip içini gepleden gyz, soňunda töwekgelçilik edip, maşyndan düşdi. Derwezäniň gapysyny itip açdy. Içeri iküç ädim ädip, duran ýerinde doňup galdy. Bu giň howlynyň içi üýtgeşikdi. Gül kölçelerde reňbe-reň güller, ortada çaklaňyrak çüwdürim, iki ýan tarapda almadyr ülje agaçlary, Garşyda uzyn aýnabent eýwan, şondanam jaýa girilýän gapylar görnüp durdy. Şol mahal içerden ýuka ak sport eşigindäki, ýalpyldap duran gara saçlary yzyna daralan syratly ýigit çykdy. Ol:
-Geliň, hoş gördük, size kim gerek?-diýdi:
Gyz ony gören badyna tanap, ilki haýran galdy, soňundanam gahary geldi.
-Bu nä oýun, ýagşy ýigit? Meniň bilen oýun etjek bolýaňmy?!-diýip gyz gaharly gürledi.
-Weý, diýýäniňiz näme, aý gyz, men seni öň görmesem, tanamasam näme diýip oýun edeýin?
-O nähili görmesem, tanamasammyşyn! Şu gün irden “Sübsämi döwdüň, şunuň ýaly sübse getirip ber” diýip, ýüzüňi egşidip durduň-a. Ýene-de şu salgyda sübse satylýa diýip, öz jaýyň salgysyny berýäň. Näme jaýyňy mazamlajak bolduňmy maňa?!
Ýigit güldi.
-Men nämäniň nämedigine indi düşündim, aý gyz. Sen meniň däl, Ahmediň sübsesini döwüpsiň. Men Ýusup. Ahmet meniň ekiztaýym. Ikimiz gaty meňzeş bolansoň köp adamlar bizi çalşyrýa. Gyz bu gepe ynanjagyny-da, ynanmajagyny-da bilmän bir dem ýigide synçy nazaryny dikip durdy-da:
-Onda, sübse satylýa diýip siziň öýüňiziň salgysyny berenine nähili düşünmeli?
-Dogry düşünmeli.
- Siz, nä sübse-de satýañyzmy?
-Biz söwdagär, peýda galsa iñeden başlap düýä çenli alyp satyberýäs. Onsoñam Ahmediñ edarasynda müñe golaý adam işleýär. Olaryñam deñ ýarysy sübsekeş, olra-da sübse gerek. Şonuñ üçin söwdamyza sübsäni-de goşdyk.
-Onda maña bir sübse beriñ.
Ýigit “bolýa, häzir” diýip gapdaldaky pesiräk jaýlaryň birinden uzyn saply sübse alyp çykdy-da, ony öwüp başlady:
-Sübsäniň iň gowusy bu. Özi-de mis sim bilen gaýym edip daňylan...
-Bolýa, bolýa, gowy bolsun, gowy däl bolsun bir gara geçse bolýa. Bahasy näçe?
-Ýüz dollar.
-Näme!? Şunuñ ýaly bir ýönekeý sübse-de ýüz dollar bolarmy?
–Gaharyň gelmesin, aý gyz. Bu ýönekeý sübse däl. Munyñ ösümligi daşdan getirilýär Biziñ özümizem sübseçilerden elli dollardan alýas
–Bu artybyñ elli dollara-da gymmad-a, meniñ häzir elli dollarymam ýok.
Sen bahasyny soradyň, men bahasyny aýtdym. Saňa pylan manat ber diýemok. Puluñ bolmasa, şeýle alaý.
-Ýog-eý, şeýle aljak däl. Puluny berjek.
-Näçe berjek?
-On...onbäş manat bereýin.
Ýigit kellesini ýaýkap ýylgyrdy;
- Birinjiden seniñ ol aýdýanyñ meniñ üçin pul däl, ikinjiden men seniñ bir manadyñy alyp bersemem, satyp berdig bolar. Oguz pähimlerinde: “Sahawatly bol, ýöne mynasyplara bol”diýen pent bar. Sen sahawata hakyky mynasyp gyz ekenıñ. Meniň elimi gaýtarma-da şeýle alaý .
Gyz bu sözleriden soň bir salym ikirjiňlenip durdy. Soňra bir karar gelen ýaly ýigide garap ýylgyrdy.
-Şeýdip, sahawat edip, sogap gazanjak-da sen. Onda men seni sogapdan goýmaýyn.
-Ine, bu başga gep, sag bol!
-Senem sag bol, eden sahawatyň üçin.
-Onda sübsäni ulaga ýükläp bereýin-diýip, ýigit derwezäniň açyk galan gapysyndan görnüp duran ak ulaga ünsli seretdi. Soňra gyza seredip ýylgyrdy-da:
-Bu uzyn sübse maşynyň içine sygmaz, üstüne daňyp beräýeýin-diýdi.
-Ýog-eý, ol-a bir hili bolar...
-Düşündim, eýtsek saňa gelişmez. Gowusy sübsäni ertir irden Ahmede özüm eltip bererin, uzyn furgon maşyn bar.
-Be, sen maňa ýagşylyk üstüne ýagşylyk etjek. Bu-da sahawatmy?
-Bu aýal-gyzlara hormat. Onsoňam “Ýagşylyk et-de derýa at, balyk biler, balyk bilmese halyk biler” diýipdirler.
-Onuň ýaly bolsa köp sag bol! Eden ýagşylyklaryň Alladan gaýtsyn. Men onda gitdim. Saňa ynanýan.
-Şeýle gidiberjekmi, öýe gir, çöregiň duzuny dadyp, bir käse çaý içip git. Türkmençilikde öýe gelen adam gapydan gaýtarylýan däldir.
Gyz türkmençilik agzalandan soň içeri girmeli boldy. Girilen ýerdäki aýnabent eýwanda goýlan stoluň üsti dürli naz-nygmatlardan doludy. Ýigit stola direlip duran bir oturgujy çekip, gyza oturmagy teklip etdi, özi-de gyzyň garşysynda oturdy. Öňden demlenip goýlan termosdan bir käse guýup, gyza uzadan çaýy birden eline dökülip gitdi.
-Wah-eý, eliň bişdimi?-diýip gyz özelendi. Bişen eli awap dursa-da bildirmän:-Zyýany ýok, hiç zat bolanok-diýip, elini üledi. Gyz bu öýde ýigidiň özünden başga adam görünmäni üçin gyzyklanyp sebäbini sorady:
-Ejem, kakam, jigilerim Awaza dynç almaga gitdiler. Olar bilen menem gidibermelidim welin, bu söwda diýen zada ulaşsaň dynç almagam ýadyňa düşmeýän ekeni. Bir uly peýdadan galjak ýaly nebsime çolaşyp gitmedim-diýip, ýigit güldi, gyz çalarak ýylgyrdy.
-Gitmedigiň gowy bolupdyr, ýogsam men sübsäni nirden tapardym. Tapmasamam ekiztaýyň meni suda berermidi, gör - diýip, gyz ýaňy ýigidiň gepine çalarak ýylgyran bolsa indi öz gepine açylyp güldi..
-Dogry, gitmedigim, seniň üçinem, meniň üçinem gowy bolupdyr.
-Seniň üçin nämesi gowy bolupdyr?-diýip gyz gaşyny çytdy. Gaşynyň çatylyşynda gahara garanda näz köpräkdi.
-Meniň üçin gowy tarapy saňa duşup bir müşderi artdyrdymmykam diýýän. Maňa el telefonyňy, salgyňy goýup gitseň, firmamyza gelen täze zatlardan halanyňy bererdim. Bize zenanlaryň gowy görýän üýtgeşik zatlary tiz-tiz gelýär.
-Üýtgeşik nämeler gelýä?
-Iň soňky modada tikilen dürli geýimler, iň gowy fransuz atyrlary, gözelligiňe gözellik goşýan dürli kremler. Zada gyzmaýan gyz barmy :
-Bolýa, telefonymy bereýin, telefonyňyza ýazyp alaýyň-diýip, gyz öz telefonynyň belgisini aýtdy. Ony ýazyp alan ýigit, gyza garap ýylgyrdy-da:
-Men saňa jaň etsem näme diýip ýülenmeli? Alo, sen şol sübse sorap gelen gyzmy diýeýinmi?
Gyz açylyşyp güldi.
“Alo, Gülruhmy sen?”-diýäý. Adymy öňräk sorasaňam aýdardym.
-Gülruh. Gowy adyň bar eken. Indi näme diýsene, men irde-giçde habar etjek bolup telefon edäýsem, ýanýoldaşyñ gabanyp dagy etmezmi?
-Diýýäniñ näme, men entek durnuşa çykamok,
-Şeýlemi? Dogry edýäň, çuň oýlanman durmuş gurup bolýamy, şonuň üçin menem entek öýlenemok. Özüň ýaly bir asylly gyz sataşýança öýlenjek däl.
Ýigit bu gepi bilen gyzyň ýüreginiň urşuny çaltlandyryp, biraz aljyratdy. Gyz oňa bir hili kinaýa bilen seredip, ýerinden turdy.
-Men gaýdaýyn, sübse üçinem, çaý üçinem sag bol-diýip, gapa tarap ýöredi. Ýusup ony derwezäniň öňünde duran ulagyna çenli ugradýança bir zatlar diýip gep nokatlap bardy. Ýusubyň aýdanlary onuň gulagyna ilenokdy, onuň kellesinde Ýusubyň “Özüň ýaly asylly gyz sataşýança” diýen sözleri aýlanýardy.
Gülruh ertesi irden düýnki ýoly bilen işine barşyna sübsäni döwen ýerine seredip geçdi. Ol ýerde hiç kim ýokdy, aňyrrakda başga bir erkek kişi bilen bir aýal göründi. Gülruh olaryň deňine ýetip ulagyny saklady. Olar bilen salamlaşyp, soňundan düýnki şu ýerde işläp ýören ýigidi sorady.
-Aý, düýn ol sübsesini döwüpdir, ony-da geçip barýan zibil maşyna atyp goýberipdir. Şeýdip eli boş durka ýoldan geçip barýan başlygyň orunbasary görüp: “Sen näme bäri gezmäge geldiňmi, hany sübsäň? Esger söweş meýdanyna eli ýaragsyz girýämi? Bu ýer hem iş meýdany, eliňde iş guralyň bolmasa näme diýip geldiň?"1-diýip käýäpdir. Olam kişiniñ minnetini çekjek oglan däl-de:
"Aý minnetiň şu işiň bolsa alsana, men gitdim" diýip, gidip galdy. Indi ol gelmeýär, bir sözli ýigit ol.
Gülruh bu habary eşidip birhili boldy. Içinden «Be, men bir bendäniň işden gitmegine sebäpçi bolupdyryn-a» diýip, özüni kötekledi. Ol adamyň ýanyndaky aýal hem näme üçindir oňa seredip, kellesini ýaýkady. Gülruhyň şol gün güni bilen keýpi bolmady. Özüni bir hili günäkär adam ýaly duýdy ýördi. Ýusuba telefon etmäge-de çekindi. Ol «näme diýer» diýip endişe etdi. Ýöne şol güni işinden gaýdyşyn ony birneme ynjaldan ýagdaý ýüze çykdy. Ertirki bolan gürrüňde ol adamyň ýanynda duran aýal Gülrühyň ulagyny daşrakdan tanap, onuň öňüne çykyp saklady.
-Doganym, irden saňa ol adamyň aýdany ýalan. Ol soran ýigidiň işden çykanok. Ol ýerini şonuň bilen çalyşdy.
-Bä, ol adam näme üçin meni aldadyka?
-Sen giden soň men oňa «näme ýalan sözlediň?» diýsem, ol «onuň özi haýyş etdi» diýdi. Gülruha bu gürrüň bir hili täsir etdi. «näme üçin ol maňa özüni işden çykan edip görkezjek bolýarka» diýen pikirler geçdi serinden
-Sen, doganjan şol wagt ol habary eşidip erbet bolduň, ýüzüň üýtgäp gitdi. Menem ol adamyň ýanynda saňa dogrusyny aýdyp bilmedim. Sen gynanyp ýörmesin diýip, öňiňe çykdym.
-Sag boluň, daýza. Siz onuň täze iş ýerini bilmeýäňizmi.?
-Bilýän, şäheriň gaýra tarapynda-diýip, aýal anyk salgysyny aýtdy. Soňra Gülrüha bilesigelijilik bilen seredip:
-Näme ol senden gaçýa, bergisi dagy barmy?-diýip sorady.
-Ýok, daýza onuň maňa hiç hili bergisi ýok, tersine meniň oňa bergim bardy. Şol bergimi oňa biri gowşurmalydy. Men ondan şony sorajakdym.
-Hä, şeý diýsene. Ol-a bergiden-zatdan gaçýan oglan däl. Ol mert ýigit bolmaly.
-Onuň mertligi şu bolsa, namartlygy nähili bolar-diýip Gülruh daýza bilen hoşlaşyp ýoluna rowana boldy.
Onuň gözleri ýolda bolsa-da hyýaly hälki gürrüňdedi. «Muny Ýusupdan bir sorap göreýin-le, ol näme diýerkä» diýen pikir bilen ulagy ýoluň gyrasyna çykaryp
saklady-da, telegon etdi.
-O-ho, Gülruhjan, Salam, Salam! Men özüm saňa jaň etjek bolup birküç ýola hyýalandym weli, ýene sebäpsiz jaň etsem ýaman görermi, nämemi diýip saklandym. Sag-salamat ýörmiň, gurgunçylykmy, işler bilen arma...
-Ýusup, dursana, maňa gezek bereňoga özünem başda aýdylmaly zatlary soňuna tirkäp başladyň-a. Men sebäpsiz däl, bir sebäp bilen jaň edýän.
Gülruhyň jaň edenine altyn tapan gul ýaly begenjine sözüniň öňüni, yzyny parhlaman geplän Ýusup:
-Bagyşla, diňleýän, näme hyzmat?-diýdi.
-Düýünki hyzmat biten bolsa başga hyzmat ýok. Sübsäni doganyňa eltip beripmidiň?
-Aý, hawa-la, şu gün irden işe gitmezinden öň eltip berdim. Emma ol «indi sübse gerek däl, men işden çykdym» diýip otyr.
«Bu hem ýalan gepledi, näme üçin?» Gülruhy bu sowal örän gyzykdyrdy. Ýöne bilmediksirän bolup gepledi.
-Bä, şeýdip ol, näme sebäpden boşapdyr?
-Aý, düýn başlyklarynyň biri, işe iş guralyň bilen gelmeli, hany sübsäň?-diýip gygyrypdyr. Ahmedem birinden gepini alyp galýan adam däl-de. Şoňa gahar edipmi, bilmedim.
-Bä gowy bolmandyr, onuň işden çymagyna men sebäpçi bolupdyryn-ow...
-Aý, ýok Gülruh, bu ýerde seniň ýekeje-de günäň ýok. Onuň özi öňräkden çykjak diýip ýördi...
-Bolýa-da onda. Oňa aýt menden gaty görmesin.
-Görmez, görmez. Näme diýsene Gülruh, men... men özüm jaň etjekdim diýenim, saňa agşam seýilgähe gitmegi teklip etjekdim...
Gülruh dymdy, ol ýigidiň özüni alyp baryşyndan iru-giç şeýle teklip etjegini bilýärdi, dogrusy garaşypdy hem Ýusup ýüregini eline alyp , jogaba garaşdy.
-Näme diýsemkäm. Saňa... Men bu gün-ä baryp biljek däl. Ertire goýaýaly şuny.
-Ertirem bolsa bolýa!-diýip, begenjine batlyrak aýdanyny özi-de duýman galdy.
***
Gülruh doganlaryň ikisiniň hem ýalanynyň aňyrsynda näme bardygyny oýlanyp-oýlanyp çözüp bilmedi. Şonuň üçin ol ertesi hemişekisinden irräk atlandy-da, işine düýnki daýzanyň beren salgysy tarapdan aýlanyp barmakçy boldy. Aýdylan salga golaýlap baranynda iküç sany sary keltekçeli adamlara gözi kaklyşyp, olardan biriniň Ahmetdigini tanady. Onuň egninde şol öňki sary keltekçesi başynda maňlaýlygy uzyn baş gaby bardy. Ahmet duýdansyz gelip, deňinde saklanan ulaga gözi düşende, ýüzi tamdyrdan çykan külçe ýaly hem gyzdy hem gyzardy. Gülruh ulagdan ýylgyryp düşdi, salam berdi. Birbada aljyran Ahmet Gülruhyň salamyna baş atyp, oña geňirgenip garady. Gülruh kinaýaly ýylgyryp:
-Seni işden çykdy diýipdiler-ä, ýene näme işläp ýörsiň? -diýdi.
-Aý, näme-laý, bi başlygyň özi, öýe gelip «Beýtmesene» diýip ýalbaryp oturansoň gelmeli boldum...- Ahmet gepleýärkä onuň sübse tutup duran sag elindäki gyzaryp duran tegmile tötänden gözi düşen Gülruh «hiýk» diýip içini çekenini duýman galdy. Bu şol gün Gülruha uzadylan çaýyň dökülen ýeridi. Gülruh beýik bir syry açan ýaly tolgunyp gitdi. Emma syr bildirmedi. «Dur, bakaly, Ahmetmiň, Ýusupmyň seniň bu oýunyň garşysyna menem bir oýun guramasam bolmaz» diýip içini gepleden Gülruh «işden çykdym» diýen ýalanyň sebäbine indi düşündi.
-Onda gaýrat et-de işläber, Sübsäňem-ä alypsyň-diýip, Gülruh ondan arany açdy.
Gülruhy indi sübse sorap baran kaşaň jaý gyzyklandyryp başlady. «Şol jaý özüniňkimikä? Onuň ýaly jaýy bar adamyň ogly munuň ýaly işde işlärmikä? Muny anyklap görmeli» diýip içini gepleden Gülruh şol güniň özünde işden soň Şagadam köçesine sowuldy. Şol jaýdan iküç jaý bäride gapysynyň öňüni süpürip ýören 13-14 ýaşlaryndaky gyzyň deňinde ulagyny saklap,
-Jigim, bäri gel- diýip gyzy ýanyna çagyrdy. Gyz maşynyñ Gülruh oturan tarapynadan baryp salam berdi.
-Jigim, şol 10-njy jaý kimiňki?-diýip Gülruh barmagy bilen görkezip sorady.
-Ol Töre agalaryň jaýy.
-Töre aga nirede işleýär?
-Nirede işleýänini, bilemok, kakam alyp satar diýýä.
Gülruh güldi.
-Söwdägär diýsene. Töre aganyň oglunyň ady kim?
-Olaryň ogly ýok, iki gyzy bar. Biri meniň boýdaşym.
-Eýsem ol öýde bir ýigit ýaşaýar-a.
-Hä, olmy, garyndaşy. Töre agalar her ýyl dynç alyşa gidende şol oglany garawul goýup gidýäler.
-Onuň adyny bileňokmy?
-Ady, ady Ýusup diýdilermi... anyk bilemok. Ol nä saňa... -diýip gyz soňuny aýtman ýylgyrdy. Gülruham oňa mylaýym ýylgyryp:
-Ol maňa hiç...-diýdi-de ulagyny yzyna aýlap sürüp gitdi. Şol mahalam el telefonyna jaň geldi. Ýusup salam-alekden hem öň, şu günki duşuşygy ýatlatdy. Gülruh oňa ilki salam-heligi ýatladyp degişdi.
Syryny bilen adamyň bilen bilmedik kişi bolup duşuşmak has gyzykly bolsa gerek, Gülruh duşuşyga gije galsa-da örän gyzygyp bardy. Seýilgähiň girelgesiniň öňünde bir kemsiz geýnüwli, şar gara saçlary yzyna daralan, owadan gözleri gülüp duran görmegeý ýigide nazary düşen Gülruh içinden imrinse-de syr açylandan soň oňa bolan ýaňsyly garaýşy yza çekinmedi.
-Seni köp garaşdyraýdym öýüdýän, Ýusup. Garaşyp ýadamadyňmy?-diýip Gülruh ýaňsyly ýylgyrdy.
-Men saňa bir asyr garaşsamam ýadaman.
-O-ho! Bir asyr garaşmaga taýyn ýigidiň elinde bir desse güli bolmazmy?
-Bagyşla, Gülruh. Bu meniň geleňsizligim. Indiki sapar bu ýalňyşymy on esse edip düzedýän.
Olar seýilgähde, ondan-mundan umumy gürrüň edip bir salym aýlandylar. Bir boş oturgyjyň deňine gelenlerinde Gülruh oturmagy teklip etdi. Ol häliden bäri ýalan Ahmediň «işden çykyp, ýene işine geleni» hakynda aýdarmyka, näme diýerkä diýip garaşdy. Ýöne Ýusup o barada dil ýarmady.
-Ýusup, seniň habaryň ýokmy? Ahmet ýene işine barypdyr-a-diýip Gülruhyň özi gürrüň gozgady.
-Ä? Ony saňa kim aýtdy?
-Özüm gördüm, onuň işläp ýören köçesinden geçip barýarkam gördüm, gürleşdimem.
Ýusup birhili gülümjiredi-de:
-Aý, ol baran bolsa-da ol ýerde uzak işlemez.
-Näme üçin?
-Näme diýsene, Gülruh Ahmet diýeniň bir täsin, özboluşly häsiýetli adam. Onuň ýerine başga biri bolanda şol ýere işe barmazdy. Ol öňki işinden çykansoň iş bilen üpjünçilik müdirligine barýar. Müdirligiň işgäri orta ýaşlaryndaky zenan onuň resminamalaryny görüp:
-Häzirlikçe size dogry gelýän iş ýok-diýýär.
-Işiňem dogry gelýäni gelmeýäni bolýamy?-diýip Ahmet gaharly soraýar.
-Bizde häzir köçe işgärleriniň ýagny köçelerde arassaçylygy saklaýan işgärlere ýer bar. Siz bolsa ýokary bilimli injener ekeniňiz.
-Bolanda näme? Injeneri köçe işgäri edip işe almaly däl, diýen görkezme barmy?
-Ýok, ýöne Siziň işlejek işiňiz däl-de.
-Näme üçin meniň işlejek işim däl? Näme, meniň elim sübse tutmaýarmy ýa gözüm görmeýarmi?-diýip Ýusup ol aýala kinaýaly garasa, aýal oňa haýran galyp seredýärmiş.
-Dünýäde arassaçylykdan gowy zat barmy. Pygamberimiz Muhammet Eleýhissalam her gün daňdan turup, goňşularynyň öýleriniň öňi bilen köçesini süpürýän ekeni. Şeýdip sogap gazanýan ekeni. Ol iş sogaply işdir. Ol işi size dogry gelmeýär diýip peseltjek bolmaň. Işiň pesi, belendi bolmaýar, düşünjäniň pesi belendi bolýar. Halal zähmet bolsa, onuň nähili görnüşde bolmagyna garamazdan edibermeli.
Köçelerimize serediň, nähili arassa, gül pürkülen ýaly. Eger şol köçe işgärleri, sary keltekçeli adamlar bolmadyk bolsa köçeler nahili bolardy?
Ahmediň sözlerine kän bir pitiwa etmedik zenan:
-Boldy, boldy, düşnükli. Men size häzir şol işe ýollanma ýazyp bereýin-diýip ondan gutulypdyr. Ine, şondan bäri bir ýyla golaý wagt bäri şol işde işläp ýör. Şu arada birjadan öz injenerçilik käri boýunça iki gezek iş teklip edilip hat gelse-de «biraz işläýin, soň bararyn» diýip baranok. Ahmediň bir gowy häsiýeti onda tekepbirlik, men-menlik diýen zat ýok. Onuň üçin bitmejek iş, bolmajak zat ýok. Hemme zat onuň islegine bagly ýaly.
-Beh! Asmana çykaryp öwdüň-le ony. Men Ahmet bilen däl, seniň bilen tanyşlyk açmak isleýärin. Şonuň üçin özüň hakynda-da gürrüň ber-diýip, Gülruh oňa synçy nazaryny dikip ýylgyrdy.
-Özüm hakda näme diýip bolar. «Özüni öwen akmak» diýipdirler. Ýöne öwündigim bolmasyn, Ahmet ikimiziň häsiýetimiz bir. Ekiztaýlar şeýle bolýandyr-da.
Gülruh onuň sözlerini içki kinaýa bilen, içinden gülüp oturyp diňleýärdi.
-Özüm hakda ýene bir aýtjak zadym, olam seniň bilen baglanyşykly.
-Meniň bilen näme baglanyşygy bar?
-Men seni ilki görenimde, hyýalymdaky perişde asmandan ýere düşdümikä, diýdim. Şonda seniň bilen tanyşmak, dostlaşmak, onsoň... hawa-da şonuň ýaly arzuwlar döredi. Ine şu gün şol arzuwlarymyň bir bölegi amala aşdy, men şuňa örän şat, galan bölegi hem amala aşaýsa men örän bagtyýar...
-Ýusup, gaty köp gürleýän ekeniň. Maňa sözem bermediň-diýip Gülruh onuň sözüni böldi.
-Bagyşla, men seniň bilen duşanyma begenjim içime sygman köpräk gepländirin-de Al onda, saňa söz bereýin.
-Söz bereniňe sag bol. Ýöne men näme diýsemkäm. Seniň ýaly öwmäge ekiztaýymam ýok. Özüm hakda aýtsam, Halk hojalyk institutyny gutardym, trestde ykdysatçy bolup işleýän. Münüp ýören maşynymy kakam alyp berdi. Kakamam, ejemem lukman. Özümden uly agam Aşgabatda işleýär. Kakam, ejem bir jigim, dördimiz bile ýaşaýarys. Jaýymyz gowy, ýöne seniňki ýaly kaşaň howlusy çüwdürimli däl-Gülruh jaý hakynda aýdanynda kinaýaly ýylgyryp goýdy. -Ine, bilesiň gelse men hakyndaky bar gep.
-Näme diýsene Gülruh, çüwdürimli kaşaň jaý, baýlyk adama bagt bolup bilmeýär. Hakyky bagt bilýäňmi nämede? Söýgide! Söýseň, söýülseň şundan uly bagt ýok. Söýmeýäniň bilen köşkde ýaşandan söýäniň bilen çatmada ýaşanyň müň paý gowy!
-Ýusup, bu aýdanlaryň köneden galan, köp gaýtalanan gürrüňler, täze bir zat aýtsana.
-Hakykat müň gezek gaýtalansa-da, Gurhanyň süreleri ýaly könelmeýär.
-Ýusup, sen juda dilewar ekeniň. Gepiň ýary gijä çenli-de tükenmez seniň. Oýunyň azy ýagşy diýipdirler. Şonuň üçin indi gaýdaýaly. Ýusup gaty kynlyk bilen gaýtmaga razylaşdy.
-Indi haçan duşuşýas?
-Ony özüm aýdaryn.
-Çynyňmy?
-Elbetde çynym, Şonda biznesiňden, alýan peýdalaryňdan, haýsy ýurtlar bilen söwda edýäniňden gürrüň berersiň. Bu sapar bu zatlar hakynda gürrüň bolmady.
-Bolýa, bolýa, sen duşuşygymyzy uzaga çekdirmeseň bolýa.
-Uzaga çekdirmen, belki ertiriň özünde duşarys.
-Aý, ýaşa Gülruh. Onda men maşyny çagyraýyn seni öýüňe elteýin.
-Azara galma, özüm giderin.
-Azary bormy, men sürüjime aýda bäş ýüz dollar töleýän, şonuň üçin islän wagtym, islän ýerime geläýmeli.
-Bäh! Hany, onda çagyr-diýen Gülruh onuň bu oýnuna-da içinden gülüp goýdy. Ol:
-Häzir, bäş minuda seýilgähiň öňüne gel!-diýip, el telefonynda kimedir buýruk berdi.
Ýuwaş ýöräp seýilgähden çykdylar. Ýusup seýilgähiň derwezesiniň bir gapdalynda duran ulaglaryň birisiniň yzky gapysyny açdy-da, Gülruhy mündürdi, özü-de onuň ýanyna münmekçi bolanynda gyz.
-Öňüne mün-diýdi. Gülruh aýtmasa-da ol özünden bilmelidi. Keseki adamyň ýanynda gyzyň gapdalyna münüp, ony oňaýsyz ýagdaýda goýmaly däldi. Ýalňyşyna düşünen Ýusup geplemän ulagyň öňüne geçdi. Gülruh salgysyny aýtdy, öýleriniň golaýyna gelende, ulagy saklatdy. Ýusup ylgap düşüp, Gülruhyň oturan tarapynyň gapysyny açdy. Gülruh ulagdan düşýärkä:
-Saňa etikadan azyrak sapak bermeli boljak-diýdi.
-Ýaňy berdiň-ä, şol ýeterlik boldy-diýip Ýusup güldi. Soňra sagbollaşyp, hoşlaşdylar. Gülruh Ýusubyň bolşyna içinden hem gülýärdi hem täsin galýardy. Ol ertesi irden turanynda-da kellesinden Ýusup hakyndaky oýlar aýrylanokdy. Näme? Ýusuby ýazgarmalymy? Ýok Ol näme etse-de, maksadyna ýetmek üçin eden bolmaly. Gülruh indi onuň bu guran oýnuny jemlemegi ýüregine düwüp, işine bu gün hem düýünki ýol bilen ugrady. Daşyrakdan işläp ýören sary keltekçeli adamlaryň arasynda oňa gözi kaklyşanda ýüregi birhili jigläp gitdi. «Heý ýürejigim, saňa näme bolýar, sen oňa biparh däl ýaly-la» diýip içini gepleden Gülruh onuň deňine ýetende ulagyny saklady. Gyza gözi düşen ýigit aňk-taňk boldy. Gülruh düýnküsi ýaly maşynyndan ýylgyryp düşdi-de «Salam!» diýip oňa elini uzatdy. Düýn ýöne kelle kakyp salamlaşan gyzyň bu saparky hereketine geň galan ýigit hem biygtyýar elini berdi. Gülruh onuň elini gysyp, ýarym tow ýokary aýlady-da, beýleki eli bilen onuň eliniň gyzaryp duran ýerini sypady.
-Çaý gaty gyzgyn eken-ow, dökülen ýeri entegem bildirip dur-diýip kinaýaly ýylgyrdy.
Syry açylan ýigit ankasy aşyp, gyzyň ýüzüne garap galdy.
-Nämä gepläňok, Ýusup adyň bir dogrumy, ýa Ahmetmiň sen?
-Ýok, Ýusup.
-Ahmet bolsa toslap tapylan at, şeýlemi?
Bu soraga ýigit kellesini kakyp goýdy.
-Düýn seýilgähde maňa beren Gürrüňleriň hem toslap tapylanmy.
-Ýok, maşyn bilen sürüjiden başgasy dogry, Özüm hakynda gürrüň edipdim.
-Onuň ýaly bolsa gürrüňi şu gün agşam düýnki ýerde dowam etdireris.
-Çynyňmy Gülruh?!
-Meniňki hemişe çyndyr-diýip, Gülruh ýylgyyp hoşlaşdy.
Ýusup onuň yzyndan tä ulagynyň garasy ýitýänçä garap galdy.

Soñy.

Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir