“Boş wagtlaryňda näme bilen meşgullanýaň?” ýaş nesillerimiz üçin jogaplary standart bolaýjak sorag.

Näme bilen meşgullanýarka görmek mümkin, aý telewizor görmek, gyz bolsa serial görmek, gaty gitse dwordaky çagalar bilen üýşüp, çigit çakyp ,telefonda prikol wideo görmek. Boş wagty nämä sarplap bolýar? Hobbi sözem biziň nesiller üçin entek ýa:t. “Häzirki ýaşlaryň kellesi diňe telefonda internetde” diýýän ene-atalaryň zeýrenjem bir tarapdan. Güýmenje hemmä-de gerek. Ýöne nämä güýmensinler? Söýüşmek. Iň elýeter, iň aňsat ýetdirýän güýmenje-dä şol. Onda-da sagdan-soldan hemişe söýgiň propagandasy gidýän ýerde ýaşaýan bolsalar dagy näme etsinler. Ýedi ýaşlysyndan tut, on ýedi ýaşlysyna çenli. “Häzirki döwrüň çagalary gaty ir ýetişýär-ow” ulularyň dilinde ýaňsyly gülki. Ondan soň bolsa gorky. Çagalarda ýaramaz endiklere, ýalňyş işlere baş goşma ýagdaýlary köpelýär. Öňüni almak gerek.

 Näme etmeli? Erkinliklerini gysmaly, gadagançylyklary köpeltmeli, aýagyny duşaklap saklamaly. Alty-ýedi ýyl mundan ozal meýdançalarda köpräk ýadatsaň ýaramaz işe baş goşmaga ýagdaýam galmaz ýaly düşünjeleriň dörän döwrem bolupdy. Garaz hiç kim bu nesilleriň ýagdaýyna düşünesi gelenok.
Düýnkülikde bir teswirde çagalara ir ýaşdan jynsy terbiýäniň berilmegi möhümdigi baradaky pikiriň
üstünden bardym. Näme üçindir şol pursat çagalyk dünýäsi ogurlanan nesiller hakda pikir etdim. Bu çagalar hiç haçan çagalyk dünýäsiniň öz lezzetini duýmadylar, çaga bolup görmediler. Olarda çagalyk dünýäsi bolmandygy üçinem olar ulularyň durmuşyna şeýle ir howlukdylar. Bolmasa öz dünýäsinde bagtly çagalar näme üçin ulularyň dünýäsine bilesigelijilikli meýil etsin. Etmez, meň pikirimçe etmez.
Gürrüňi wagty sarplamakdan başlapdym. Gaty içigysgynç durmuşy bar çagalaryň. Monoton. Reňksiz.

Höwessiz. Maksatsyz. Içlerinde şeýle energiýanyň, ýaşaýşa höwesiň, hyjuwyň joşup durmaly çagynda olary juda içigysgynç işleri etdirmek bilen saklajak bolşumyzam täsin. “Telefon ulanma, köçä çykma, oturyşma gurama, ony etme, muny etme....” gadagançylyklar, gadagançylyklar...Ene-atalaram çagalaryny “otur diýilse oturmaly, tur diýilse turmaly robot” halynda görmek isleýär. Mekdepde-de şol hal. Mugallymlaryň buýruklary, buýruklary, buýruklary. Çagada hatda mekdebe gatnamaga-da höwes döredýän sebäp ýok. Soňam näme üçin “nesiller beýle problemaly “ kellagyryly. Aşa köp gadagançylyk çagany ýaramaz ýollardan goranok, ol ony gaýta has köp iterýär, çaganyň wagtyny sarplamaga alternatiw 
hödürlemezden edilýän bolsa onda-da.

 Alternatiw aktiwiteler mekdeplerden başlap biler. Nesilleriň ýaş aýratynlygyny, döwrebaplygy göz
öňünde tutup, häzirki çagalar näme zatlara has köp gyzyklanma duýýar? Ýa-da nämelere garşy olaryň gyzyklanmasyny ugrukdyryp bolar?

 Mysal üçin, men bir mekdepde aýlanyp ýörkäm, tötänden kinolaboratoriýa diýip bir otagyň üstünden barypdym. Ulanylmaýandygyny bilýän elbetde, ýöne içimden “why not”diýipdim. Näme üçin şeýleräk gurnak studio hereket etmesin? Çagalaryň arasyndan kinoman çagalaryň üýşüp bir gurama döretmegi ýa-da mekdepde teatr gurnagy erkin görnüşde ýöretmegi näme üçin bolmasyn? Iň bärkisi tans, choreography.
 Çagalar näme üçin döwrebap tanslara, milli we milli däl tanslara özbaşdak döredijilikli çemeleşip 
görmeli däl? Ýa-da balet näme üçin her bir çaga elýeter ýerde durmasyn? Energiýanyň möwç alyp duran döwründe çagalary has köpräk döredijilige, sungata dogry itermelimikäk diýýän. Ýa-da näme üçin gitaradan başy çykýan islendik bir sazanda tölegli görnüşde mekdepde bir kurs berip görmeli däl? Ýa-da bir heýkeltaraş isleg bildirse , mekdepde sagatlaýyn sapak bermeli däl erkin tölegli görnüşde? Çagalar näme üçin street artda öz güýjüni synap görmesin? Kiçijek bir çaganyň eli kameraly bagda-bakjada “belgesel/documentary” düşürmek höwesi näme üçin bolmasyn? El bilen ýasan gurjaklaryndan multiplikasiýa düşürmek üçin ilkinji ädimler? Döwrüň çagalary has hereketjeň, esasy zat olary bir ýerde oturdyp gurak sözler bilen depder doldurdyp goýmazlyk. Olara has köp wizualny täsirler gerek. Çagalara 
täzeden-täze gyzyklandyryjy höweslenmeler gerek. Adam nämedir bir zady öz eli bilen “döredýärkä” özüni bagtly duýýar. Çagalar üçin dagy bu guwanç iki essesi.

Häzirlikçe kelläme gelen pikirler şular. Soň bir gün ýene üstüni dolmak maksady bilen jemläýin.

Çerkez gyzy.

Bilim, Nirvana tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir