—Zümerret, —diýip Jeren ony çagyrdy.



—Men Zümerret, —ol jogap berdi.



—Seň guýyda görkezen keşbiň kimiňki?



—Ony sen bilmeli, —diýdi guýy. Her bir kişi näme göresi gelse şony hem görýär.



—Seň maňa görkezen keşbiň Nazar atly oglanyň keşbi. Sen şoň sesi bilenem gürlediň ýaňja.



Zümerret ýene dymdy. Ol diňe gönümel sorag bolanda jogap berýär, hamala bölek-büçek gyz teswirlerine üns bermeýän ýaly. Guýy sesini çykarmasada Jeren guýyň başynda oturyp oňa Nazar barada gürrüň bermäge başlady. Oň telpeginden başlap ädigine çenli aýdyp berdi. Soň ol oglan göwnüne ýaraýanyny aýtdy. Ýöne ýaranda ýaramanda oňa peýda ýok, Nazar Jereniň şu obada ýaşap ýöreninem bilenok. Jeren gürrüň bermeleriniň soňuny ah-çekme bilen gutardy. Guýy hiç zat eşitmedik ýaly hiç zat diýmedi. Ýöne Jeren şu wagyt kimdir biri bilen Nazar hakda gürleşesi gelýärdi, ol kimdir biri ony ýazgarjak we "sen bolmajak zatlaň arzuwyny etýäň" diýjek adam bolmaly däldi.



—Sen söýüp görüpmidim Zümerret?

—Jeren sorady. Ýöne bu sorag öz duýgulary barada aýtmak üçin bahana boldy.

Jeren oň jogabyna garaşman ýene öz süýgüsi barada pikir ýöredip başlady. Sözüniň soňunda şol oglan üçin bar zada-da kaýyl diýdi. Şol sözlerinden soň hamala gyzyklanma peýda bolan ýaly Zümerret janlandy.



—Sen bar zada razymy?



Guýyň soragyna Jeren garaşmansoň, bir bada düşünmedi.



—Sen näme diýýäň? —Jeren sorady.



—Sen şol oglan üçin bir damja ganyňdan geçip biljekmi?



Eşiden zatlaryny bir bada düşünmedik Jeren haýaljakdan howwa diýip jogap berdi, ýöne Guýyň bir damja gan diýen sözüniň aňarsynda bir gorkunç zadyň gizlenýänini duýdy.



—Onda bar zady meň diýşim ýaly et, —Zümerret dowam etdi. Guýyň içine bir damja ganyňy damdyr, onsoň oglan seni söýer.



—Söýer, —Jeren haýaljakdan guýyň yzyndan esasy sözi gaýtalady.



Oňa esasanda "söýer" diýen ýeri ýarady. Eýsem ol meni söýer ýaly bary ýogy guýa birje damja gan damdyrmaly? —pikirlendi Jeren.



—Adam ganynyň tagamy meň eýýäm bir mahal ýadymdan çykdy.



Zümerretde gyzyklanma peýda bolanyny Jeren aňdy, ol adam däl bolsada sözlerniň äheňinde hujuwy duýyp bolýardy.



—Ýakaňdan temençäni alda öz barmagyňa sanç, —dowam etdi Zümerret. Guýa birje damja gan damdyr. 40 günüň içinde oglan seni söýer.



Jeren Zümerrediň sözlerini gürlemän diňledi. Bar zadyň şeýle ýönekeýdigine, oň ynanasy gelmedi. Ýöne öler ýaly barlap göresi geldi, kim bilýär belki bolar. Şu wagyt barlap görmeseň belki ömrüň soňyna çenli ökünip geçersiň?

Guýa öz ganyňy damdyrmagyň erbet ýeri ol guýydan adamlar suw içýäler ahyryn. Hiç kim bilmesede özüň üçin gowy däl. Ýöne birje damja gandan hiç hili zyýan bolasy ýokla, —pikirlendi Jeren.

Jeren ýakasyndan temençäni sogryp aldy we gözüni ýumyp barmagynyň sokdy. Sokan ýerinden gan çykdy. Elini ýuwaşlyk bilen guýyň üsüne getirdi. Ganyny damdyraýjak bolanda guýy seslendi;



—Ol oglan saňa mynasyp däl.



—Mynasyp däl? — jeren geň galyp sorady.



—Mynasyp däl, —guýy ýaňlanýan sesi bilen gaýtalady. Ýöne synanşyp görmegi hiç kim gadagan etmedi.



Guýyň sözlerini eşiden Jeren elini gysdy we täze ýaradan bir damja gan guýa damdy. Gan damjasy suwa degenini Jeren eşitdi, näme üçindir ol ses ýaňlanyp eşidildi. Yz ýanyndan guýyň içinden gülki sesleri ýaňlandy. Ol ýerde Zümerret şatlanýardy.



—Bagytly bol Jeren, —Zümerret oň adyny birinji gezek tutuşydy. Seň ganyň entek günäsiz. Ol meň adam wagytlarymy ýadyma saldy.



—Seň diýýäniň bolarmy? Meni aldan dälsiňä? Meni Nazar söýer diýdiň.



Zümerretiň begenýän seslerini görüp Jerende aldanan duýgy döredi. Hamal guýy oň üstünden gülýän ýalydy.



—Ýok men aldamok Jeren. Nazar seňki bolar, indi seň durmuşyňda bar zat üýtgär. Eýsem bu guýydan suwy diňe Nazar içenoga.



—Sen näme diýjek bolýaň? —Jeren sorag berdi, ýöne ol soraga jogap alyp bilmedi.



Edil şol wagyt ony ejesi çagyrdy, Jeren tisginip yzyna bakdy. Ol guýyň ýanynda köp eglenipdi. Şoň üçin oň yzyndan ejesi gelipdi.



—Sen kim bilen gürleşýäň, —ol sorady.



—Hiç kim bilen, —sandyraýan ses bilen Jeren jogap berdi.



—Suw alda öýe ýöre.



Oň ejesi guýydan daşyrakda duryp Jereni çagyrypdy, golaý barmaga ýaltandy, şoň üçin guýyň başynda duran öz gyzydygyna göz ýetirýänçä golaýlaşdy.



* * * * *



Jeren ýörüte ýatmady, gijäň ýary bolynça garaşdy. Ejesiniň berk uka gidenine göz ýetirip öýden çykdy. Ýarty suwly küýzäň suwuny ýere boşatdy. Soň boş küýzäni eline alyp guýa tarap ýöredi. Öýleriň arasyndan guýy görünip başlandan öz özünden agysy tutdy. Guýyň ýanyna barýança göz ýaşlar eýýäm derýa bolup akýardy. Jeren guýyň içine başyny sallap "Zümerret" diýip gygyrdy, guýyň içinde oň sesi oglanyň sesi ýaly ýaňlandy. Jeren ikinji gezek Zümerret diýip gygyrjak bolanda guýyň içinden ses geldi;



—Ajaýyp göz ýaşlar, dünýede iň süýji gözýaşlar ýetimleriň göz ýaşlary.



Jeren oň sesini eşidip agyň içinden begendi, sebäbi ol Zümerreti eýýäm üç gün bäri çagyrjak bolýardy.



—Agla Jeren agla. Seň göz ýaşlaň ajaýyp, —Zümerret öz begenjini gizläp bilmedi.



—Maňa ýene seň kömegiň gerek.



Jeren sumjaryp öz sözlerini zordan aýytdy. Ol Zümerredi iň soňky gezek iki aý mundan öň görüpdi. Edil şol wagyt hem öz barmagynyň ganyny guýa damdyrypdy. Bar zat edil guýyň aýdyşy ýaly boldy. Nazar Jerene başga göz bilen seredip başlady. Öň ol Jereniň bardygyny hem bilmese, ýuwaş ýuwaşdan oňa gözi düşip başlady. Wagtyň geçmegi bilen Nazar Jerene tarap ätmeli bar ädimleri ätledi we öz ene atasyny alada goýdy. Jeren olara gelin hökmünde ýaranokdy, sebäp diýseň olar Jerene oň ejesiniň üsti bilen baha berýärdiler. Ýöne ogullary şol gyz diýip ölüp ýatansoň näme etjeklerini bilmediler. Başga adamlaryň gepini edip öwrenşen maşgalaň, özi bu gezek iliň gepine galyp barýardy. Jeren Nazara mynasyp däldi, muny tutuş oba bilýärdi. Eger olar birleşäýse oglanyň ejesi kakasy üçin, uly betbagytçylykdy. Jereniň ejesi barada il içinde erbet sözler aýdyp, iň soňunda oň gyzyny alsaň, adamlar saňa düşünmez. Garaz hemişeki ýaly garrylaň keseli üçin ýaşlar kösendi. Şoň üçin Jeren hem alaç tapman ýene guýyň ýanyna geldi.



—Zümerret maňa seň kömegiň gerek, men şol oglana barasym gelýär.



—Men saňa duýdyrdym ol saňa mynasyp däl diýip. Siziň obaňyzda başga oglanlar bar wagty sen näme üçin şol oglany saýladyň?



"Näme üçin şol oglany saýladyň" —diýip Zümerret sorag berdimi ýa-da bolan zady tasyklamady Jeren düşünmedi. Zümerret bar zady başgaça görýär, oňa hakyky söýgä düşünme ýok.



—Sen maňa kömek edip bilýäňmi ýa-da ýok? —Jeren aýgytly ses bilen sorady. Men ol oglan üçin bar zada kaýyl. Oň ejesi kakasy biziň nikamyza razy däl.



—Sen bar zada kaýylmy?



—Howa kaýyl, mydamada kaýyldym. Sen meni geçen gezek alladyň. Ol oglan seňki bolar diýipdiň. Ýöne seň diýşiň ýaly bolmady. Ol maňa öýlenip bilenok.



—Men seni allamok. Oglan seni hakykatdanam söýdi, ýöne oň ene atasy seni söýer diýip men boýun almadym.



Jeren oň bu sözlerinden soň öňküden beter aglap başlady. Zümerret dogry aýdýar, ol ony allamady.



—Biz bile bolar ýaly sen kömek edip bilýäňmi, —Jeren göz ýaşyň içinden sorady.



Zümerret dymdy, ol bir bada jogap bermedi. Jeren oň jogabyna garaşyp üns bilen guýyň içine diňşirgendi, gubyň berjek jogaby örän wajypdy.



—Çaga, —diýdi Zümerret we dymdy.



—Çaga, —oň yzy bilen Jeren haýaljakdan gaýtalady. Ýöne hiç zat düşünmedi.



—Maňa çaga gerek.



—Nämäň çagasy Zümerret, —Jeren öz gulaklaryna ynanman sorady.



—Eger sen Nazar bilen birleşjek bolsaň guýyň üçine çaga okla.



Eger Jeren diri adam bilen gürleşýän bolsa ol oňa ynanmazdy, ýöne Zümerret diri adam däldi.



—Diri çaga okla, özem oglanjyk bolsun. —Zümerret dowam etdi.



—Ýok, —diýdi Jeren haýaljakdan, belli däl kime, özünemi, ýa-da Zümerrede. Men hiç haçan beýtmerin.



—Adalatly!? Bir oglanyň kalby üçin bir oglanyň jany biziň bahamyz. Biz bar zady aýytdyk.



Zümerrediň bu sözlerini Jeren düşünmedi, ýöne umuman bar zada düşündi. Guýyň içine kijijek oglan oklamaly. Zümerret iň soňunda özüne "biz" diýip ýüzlendi. Jeren bolsa guýyň içinde bir näçe Arwah otyrandyr öýütdi.



—Zümerret başga çykalga ýokmy. Men saňa oglanjygy nirden tapaýyn?



Guýy jogap bermedi, ol bar aýtjagyny aýdyp bolan bolmaly. Jeren ýene bir näçe gezek Zümerredi çagyrdy, ýöne ol hiç zat jogap bermedi. Soň Jeren gaharlandy, Zünerrede birinji gezek gaharlandy. Daşyndan seretseň guýyň başynda bir ýaş gyz kimdir birine söwünýärdi, bolsada obadaşlary ony görmedi. Soň Jeren alaçsyz guýydan öýüne gaýtdy, gaýtmaka küýzesini suwdan doldyrdy. Öýüne baranda öňünden ejesi çykdy. Ony Jeren allajak boldy, gije suwsap turdym, ýöne öýde suw bolmansoň guýa gitdim diýip. Ýöne beýle sözler bilen Jereniň ejesi bir döwürler öz ejesini aldansoň, öz gyzyna ynanmady. Nämede bolsa bar zat dawasyz tamamlandy.



Gelýän soňky üç gün Jeren diňe Zümerret barada pikirlendi. Ol öz jadyly işleri üçin oglanjyk soraýardy. Jereniň göwni her salym bir tarapa ýykyldy. Oglanjyk tapyp guýa oklaňdada öz wyždanyňy köşdirmek üçin delil gerekdi, bolmasa ynsabyň ömrüň ötünçä seni gemirer. Şoň üçin Jeren obada hiç kime gerek däl oglanjyk barada pikirlendi, ýöne beýle oglan obada ýokdy. Ýetim kändi, ýöne olaryň hossarlaram bardy. Soň Jeren birniň çagasyny gije ogurlap guýa oklamak barada pikirlenip başlady. Ýöne az wagytdan ogurlygada batyrlygynyň ýetmejegini düşündi. Birniň öýünden diri çagany ogurlamak aňsat iş däl. Üç güniň içinde Jeren oglanjyk tapmak barada bar bolup biljek ýollary oýlandy, ýöne hiç bir çykalga kellä gelmedi. Öz pikirini her gezek "goý bolsun" edende Jeren, Nazar bilen duşuşanda täzeden ruhlanyp, ýene çykalga gözläp başlaýardy. Dördülenji gün Jeren basyldy, kellesinde öz janyňa kast etmek barada ýeňil pikirler peýda boldy. Ýary-gijä çenli ýatman oturdy, ejesiniň berk uka gidenine göz ýetirip, öýden çykdy. Guýa tarap ýöredi, ýol boýy aglady. Oň gözden akýan ýaşlarynyň yzlaryny ýerden süýrenip gelýän iki örim saçlary syryp gelýärdi. Jeren baryp guýyň diwaryna münesi geldi, eger gorky peýda bolmasa özümi guýa oklaryn, —diýip Jeren pikirlendi. Guýa ýetip aýak gabyny çykaryp guýyň daşdan örülen diwaryna mündi. Guýyň içine seretdi, ýürekde hiç hili gorky peýda bolmady. Guýyň üstünde bir aýagyny galgatdy, "ýene azajyk we men guýa bökerin" ýaly pikirler kellede galgap başlady. Jeren häzir bökjek diýip durka guýydan ses geldi;



—Men Zümerret.



—Bilýän seň Zümerretdigiňi, dünýede iň emelsiz Arwah sen, —Jeren hamala guýyň gürlärine garaşyp duran ýaly oň sözleriniň yzyndan eglenmän gürledi.



—Men Arwah däl, men Zümerret.



—Kim bolsaň şol bol, ýöne seň başarýan zadyň ýok.



—Hany seň oglanyň?



Oň sözlerinden soň Jeren akly üýtgän ýaly güldi. Guýyň daşynyň üstinde çommaldy we guýyň düýbine seredip jogap berdi;



—Oglan ýok. Meň özüm barýan häzir seň ýanyňa.



Bu gezek guýy gyzyň sözlerine güldi.



—Sende ol derejede batyrlyk ýok, sen böküp bilmersiň.



Jeren guýyň diwarynda oturyp iki aýagyny guýa sallady. Guýydan gelýän çygy aýaklary bilen duýdy.



—Mende guýa oklap boljak oglanjyk ýok Zümerret. —Jeren ýene täzeden aglap başlady. Men Nazary söýýän, ol hem meni söýýär. A sen bize kömek edesiň gelenok. Hökman başga çykalga bolaýmaly, sen ony bilýäň.



Zümerret dymdy, hamala pikirlenýän ýaly, Jereniň bir iki gezek çagyrmasynada hä bermedi. Söň öz özi ukydan oýanan ýaly gyza ýüzlendi;



—Men Nazar ikiňizi duşyraýyn. Ýöne gaýtalaýan ol saňa mynasyp däl.



Gyzyň azajyk ýüzi açyldy, guýyň dywaryndan aşak düşip, diwara iki tirsegini goýup ýaplandy.



—Men onuň üçin näne etmeli? Ýöňe oglanjyk tap diýmeseň bolýar.



—Şu wagyt maňa hiç zat gerekdäl, ýöne wagty gelende men öz tölegimi soraryn. Şu wagyt sen meni guýydan çykarmaly.



—Guýydan çykarmaly? —Jeren geň galdy. Eýsem bu mümkinmi?



—Howwa.



Jeren pikirlendi, birinji kellä gelen zar Zümerret gorkunç bolyp ony gorkuzmagy mümkindi. Soň jeren guýa başyny sallap guýydan sorady;



—A sen gorkynç dälmi Zümerret?



—Ýok, aýtdyma men owadan diýip. Onsoňam men seň gözleriňe görünmerin. Meni görmek üçin ýedi gyz bilen bir ogul doguran aýal bolmaly.



Jeren eşiden zatlaryna düşünjek boldy ýöne başa barmady. Oň üçin şu wagyt iň gyzykly zat Nazar we olaryň gelejegidi.



—Men seni guýydan çykarsam men Nazar bilen durmuş gurup bilerinmi? —Jeren esasy zady sorady.



—Howwa, siz ömüriňiz ötýänçä bile bolarsyňyz.



—Eýsem seni guýydan nädip çykarmaly?



—ýüzündäki ýylgyrşy gizläp bilmän Jeren sorady.



—Gyýa örülen saçlaryňy salla.



Jeren başgaçarak jogaba garaşansoň azajyk geň galdy. Iki eli bilen öňüne düşip duran saçlaryny sypalady.



—Saçlarymy näme etjek?



—Salla saçlaryňy guýa, onsoň görersiň.



Jeren başga sorag bermän saçlaryny guýa sallady. Öz buýyndan uzyn saçlar guýyň diwarlaryna degip durdy. Birden göze görünmeýän bir zat oň saçlaryndan aslyşdy. Jereniň başy aşak gaňryldy. Ol dikeljel boldy ýöne bolmady. Saçlaryny bir zat göýberenok. Soň saçdan aslyşýan jandar hamala agralan ýaly Jereni aşaklygyna täze güýç bilen çekip başlady. Jeren güýyň diwarlaryna bagryny berdi. Kimdir biri öň saçlaryna bar agramyny atýar. Jeren öz saçlaryny eli bilen tutdy, bolmasa bar agram kellä düşýärdi. Saçlara düşýän agram bir ýeňleýär, bir agralýar, hamala biri ol saçlardan ýapyşyp guýydan daşyna çykýan ýalydy. Jeren agyra çydaman gygyryp ugrady. Saçlar bolsa ýolnara geldi, olardan daýaw erkegiň agramynda biri aslyşdy. Ýene az salymdan guýydan saçlar boşady, ýöne ol az salym Jeren üçin gaty uzaga çekdi. Jereniň saçlary boşanyndan zyňylyp yza düşdi.



—Sag bol, sag bol, sag bol, —biri daş töweregi ýaňlandyryp gürledi. Ol ses eýýäm guýydan gelenokdy, ol ses möjekleriň sesi ýaly alyslardan gelýärdi.



Jeren daş töwdregine garanjaklap —kim sen, —diýip gorkyly sorady.



Ses jogaba derek şadyýan güldi. Soň çägaň üstünde eýläk beýläk şemal ýaly gezmeledi. Jereniň bolsa Guýydan gaçyp gidesi geldi.



—Men Zümerret, men mydama wadamda durýan. Nazar seňki bolar, size hiç kim päsgel bermez.



Ol sözlerden soň Jereni gorky azajyk göýberdi. Söň Zümerret hiç zat gürlemedi, çägeden şemal geçen ýaly ses etdide obaň içine siňip gitdi. Jeren bolsa üst başyny kakyşdyrdy, edil şol wagyt öz saçlaryna gözi düşdi. Seretse olaryň bary, iň soňky taryna çenli gyşda düşen gar ýaly akdy. Gözlerine ynanman saçlaryny kakyp gördi, oň göwnüne olar hamala tozandan agaran ýalydy. Söň näçe kaksada öňki gara saçlarynyň gaýdyp gelmejegine düşinip, öýüne tarap ýöredi. Kellesine birinji gelen pikir; "Nazar meni ak saçlam ýilen başyna ursynmy" diýen pikir boldy. Ýol boýy ýene aglap iň soňunda öz öýlerine girip ýerine geçip ýatdy. Bolan zatkaryň bary düýş bolaýbilse diýip dileg etdi. Şoň üçin çaltyrak uklasy geldi.



Ertir irden günortan golaý turdy. Özini ejesiniň näme üçin turuzmandygyny geň gördi. Entek agaran saçlary ýadyna düşmän öýüň içine göz gezdirdi. Ejesi şol agşamky ýerinde ýatyr. Ýuwaşlyk bilen eje diýdi, ol hä bermedi. Soň ýanyna baryp yrap gördi. Elini degren ýeriniň daş ýaly sowukdygyny göz ýetirip Jereniň ýüregi ýaryldy. Oň ejesi eýýäm jan beripdi. Beýle ýagdaýlarda näme etmelidigine etek bilmeýän Jeren ejesini gujaklap aglady. Belli däl oň näçe aglanyny, ýöne iň soňunda oň agylaryny gapydan ylgap giren Nazar böldi. Ol gelşine Jereni gujaklady, hatda oň agaran saçlaryny bir bada gözi görmedi. Aýtmaly zat Nazaryň hem saçlarynyň ýarsy irdenden günortana çenli agarandy. Nazaryň gözlerinden yzy üzülmän ýaş akýardy. "Meň ejemiň ölümini menden öň ol nirden bildikä" —diýip Jeren pikirlendi. Ýöne Nazar ol soragy köp wagytlap jogapsyz goýmady;



—Tutuş oba öli ýatyr, —diýdi Nazar. Ikimizden galany öli. Men öýün öýün aýlandym, şu wagytjyk boldym, siziň öýňüze iň soňunda girerin diýdim. Hemmeler daş ýaly duran ýerinde gatap galan.



Jeren öz gulaklarna ynanmady, ýöne Nazaryň beýle zatlar bilen oýun etmejegine gözi ýetýärdi.



Oba bir gijede ýitrim boldy. Nazar bilen Jeren obaň bar ýaşaýjylaryny ýere tabşyrdylar. Ol zähmet ýeňilem bolmasa başga etjek adam ýokdy. Elbetde bu Zümerrediň işidi. Ol şeýle netije çykardy; iki adam bagytly bolar ýaly, olaryň hiç haýsysam daşyndan täsire sezewar bolmaly däl. Şoň üçin Zümerret Nazar bilen Jerene ters täsir edip biljek zatlaryň baryndan dynypdy. Oň bilen bolan şertnamalar barada Jeren Nazara hiç haçan gürrüň bermedi.



Wagyt geçdi oba täze adamdan doldy, ýöne barybir edil oňkisi ýaly däldi. Bolan zatlara täze ýaşaýjylar mergi keseli ýaly bir zat diýip düşündiler. Has yrymçy adamlar ol obada ýeke täk diri galan oglan bilen gyzyň çal saçlaryny görüp, başga zatlar pikir etdiler, ol pikirler awtora belli däl. Garaz wagyt geçdi, bolan zatlar ýatdan çykdy. Nazar bilen Jereniň ýedi gyzy boldy, ýekejede ogul bolmady. Sekizinji çagaň ogul boljagyny Jeren aňdy. Ol çaga Nazar öz kakasynyň adyny dakdy. Wagyt geçdi çaga dört ýaşady, öz başyna oýnar ýaly boldy. Nädip bolany belli däl, ýöne şol oglanjyk Gürleýän guýa gaçdy. Ejesi kakasy ony halas edip bilmediler. Şonda Jeren Zümerret öz tölegini alanyny düşindi.



Soňy



Aşgabat; 2017ý.



Rahman Zulfikarow

123

Edebiýat, Wrestling tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir