OTLUDAKY DUŞUŞYK 4-BÖLÜM


OTLUDAKY DUŞUŞYK" ??

( bolan waka 4-nji bölümi )

Mundan yedi sekiz ýyl öñ bolupdy bu zatlar ol wagtlar men kiçiräkdim köp zada düşünemokdym gyz Doganym menden has uly bolanson ol çykar yaşyna yetipdi sorap ideyan bolyardy ýöne onyñ Goñşy obadan söyüşyan oglany bardy muny enem atam bilenokdy..... Gyz Doganym meni alyp çykyardy görüşmane menem kän düşünemogam bu zatlara ol oglan gowy yadyma düşyar yone gaty owadan oglandy men içimden aytyardym ulalamda menem şeyle owadan oglana baraysam diyip...... Mana her gelende shokalad getiryardi menem iyip oturyan men hiç kime aytmaz yaly şeytyardi ol gyz doganymy juda gowy göryardi doganymam ony gaty gowy göryardiler üç yyl söýüşupdirler dordunji yylam doganyma gudaçylyga geldiler ol garşy bolsada ejem kakam gowy yerler diyip ona guda bolupdylar gyz Doganym özune yer tapanokdy gijelerine aglap aglap uklap galyardy.......Resula bolsa hiç zat aydyp bilmedi Resulynam ejesi yokdy bir kakasy durmuşa Çykan gyz Dogany bardy mashgalada on öz derdem özune yetik diyyardi......
Doganym toý sahedi bellenyançä aytmady ejeme yalbaryşy yadyma düşyar Jan ejem yakmayyn meni öz halanyma berayin men çykasym gelenok eje sen bir düşünay mana diyip ayagyna yykylyp yalbaryany göz öñümden gidenok henizem shol aralykda ol oz janyna kastam etjek bolupdy ejem sogup uryp uryp aklyna aylady gaty kösenyardi doganym ejem kakamyn yamanlygy yok bize yone gowy yere beresleri gelyardi gyz doganymyn bolsa Öz söyenine barasy gelyardi.....
Resul yatymlayyn işe gidýärdi hälem guda bolanda bir aýdanam gowurak ol işden gelmedi soñ toya birki gün galanda ol köçämize gelipdir men yoldadym Goñşy gyzlar bilen oturan bolyadyk howuzda....Resul men yanyma gelip elime şokalad berip bar doganyny çagyr Resul geldi diy öñki yere baraysyn diyip ugratdy men bor diyip gaytdym öýe giremde doganym çatym çutym bilen başagaydy ejem bardy ýanynda men her näçe garaşsamam ejem çykmady doganymam maña düşümedi men özum gitdim bardym şol yerede aytdym bolşy yaly Resul näçä çenli garaşmalam bolsa garaşjak şu yerde gelibersin diydi men gaytdym ejem bilen köp zat dikdiler wagty bilen gitmedi ejemem menem uklap galypdyryn aytmandyrynam dañdan oyandym gyz doganymam yatyr ekeni men birden yadyma düşüp wiy Resul diyip doganymy tuzurdym Ayna tura agşam Resul geldi seni gorjek diyip men aytmandyrynam diyip aydanymda Ayna haydap turyp Ayşat name üçin aytmadyn maña name üçn diyip aglap başlady sökdi maña men ejem bardy aydyp bilmedim senem düşünmedina diyip aglap başladym......Ayna meni gujaklap wah jigimjan bagyşla meni sen günäñ yok Redulunam yone bu gün doganyn toyuna başlayar iñ Soñky gezek görüp galayjakdymda yone bir gezejik gorayjekdim ötünç sorayjakdym ilkinji söygumden biziñ bar Eden arzuwlarymyz puç boldy jigimjan indi Resul saña şokaladam getirip bilmez men bir gara mañlay ekenim diyip iç içine sygman aglady......
Men gürrüñ berip durkam özümem edil şol wagt şu wagtda gaytalanyan yaly agladym Döwran meni köşeşdirip soñ name boldy diyip sorady men gözümi süpürip gürrünümi dowam etdim howa son Aynañ toyy başlady Resulam gelin alyjy günden bir gun öñ biziñ köçämize gelipdir şonda bilipdir bar zady toy sowulanson men suw almana bardym köçämize Resul meni görüp çagyrdy men bardym ol zordan kisesinden birje şokalad çykaryp berdide jigimjan bu señ iñ Soñky hakyn men iñ Soñky sözümi yetir Ayna men hemme zady bagyşlayan bagtly bolsun ýöne diñe menden gizlanini bagyşlamok elmydama söyjegimi ayt oña hiç wagt unutmaryn şol bizi duşuran erik agajyny goreninde Aynada meni bir gezejik yatlasyn in bolmanda ony gaty söydüm hazirem söýýän gelejekde de söyjegimi ayt jigimjan ona şu ak yalygam ber manlayyna dañyp gitsin şu ak yalyk ýaly ak bagty bolsun diyip Resul gözünden akan yashyny menden gizlap öwrürlüp gitdi bokurdagy dolup sag bol jigimjan Eden kömegin üçin Sañada diyip yzyna öwürlüp meni bir gujaklady son gitdi dogrusy kichiragem bolsam Resulyn yagdayyna şol wagt düşündüm men öýe girdim Aynan yanynda adam bardy men gara çynymy edip garaşdym hemmelerin uklaryna son yatansonlar Aynany tuzurdym hemme zady gürrün berdim ol elini agzyna tutyp sessiz eşitdirmejek bolup aglayardy men ýalygy berdim bol ýalygy ýüzüne tutyp köp aglady son meni alyp chykdy daşaryk şol erige tarap alyp gitdi daş çykdym bahanasy bilen Ayna erigin aşagyna gelip ses edip aglady yerde oturyp özüni gaty helak edyardi men Aynany gujaklap özümem agladym Ayna jigimjan diyip meni gujaklap aglady Ayna şol akja yalygy ýüzune tutyp bir sagat yaly aglap oturdy son köşeşip jigimjan men sana bir tahya bereyin sen ony alda Resuly görsen şona ber men bu yalygam manlayyma danyp bilmen men Resuly yatladyp Duran zady akidip birinin gelni bolup bilmen bu meniñ Resul üçin iñ Sonky gezek aglayşym bolar men söz beryan indi men birinin gelni bolmaly maña enem atam ynam edyar olaram masgara edip bilmerin jigimjan sen mana söz ber hiç kime göwün bermejegini senem men günüme düşäyme birden diydi men şol wagt söz beripdim sözümde de shu wagta çenli durdym Ayna mana tahyany berdi ýöne yalygy bermedi ertesi Dan bilen turuldy Gelin alyjy ir gitmelidi Daş ýol bolanson Ayna ses edip ejemi meni gujaklap aglady ejem gyzym sen bagtyn üçin etdim mert bolda manlayyna yazylandyr galanam çekay gyzym mendenem kakandanam razy bol diyip gitdi aýna şol Akja yalygy ýüzüne tutyp aglayardy gelin alyjy gelenson ol meni çagyryp yalygy maña berdi muny yzyna ber diyip gujaklap gulagyma aytdy sag bol jigimjan indi doganyñ bu yerlere ap añsat ansat gelmez diyip gitdi gelin alyjyn yzyndan seredip galypdym Ayna gitdi diyip men yzyma seretdim maşynyn gapdalynda gizlenibirak Duran Resuly gördüm her kim oye girishenson men ylgadym oñ yanyna tahyanam yalygam alyp Resulyn yanyna yetipdim ol aglap galdy Aynan yzyna seredip mertsiran bolsada başaranokdy gözünden yaşlar akyp durdy ol Ayshatjan doganynam gitdimi diydi zordan men howa gitdi ine şularam goyup gitdi diyip elimdakileri berdim ol yalygy eline alyp muny näme üçin almady bu name üçin ölle diyip sorady men aytdym Resul yalygy yuzune tutyp wah iñ Soñkyja sowgadymy bir almaly ekenina Aynajan diyip gözüni süpürdi son Tahyany açyp gördi on içinde Aynadan Resula iñ soñky sowgat diyip yazylgydy muny ayna guda bolanson dikipdi oz eli bilen Resul ony görüp bar Mertligi gaçdy dyzyna çöküp wah Aynajan yakdyn gitdin meni diyip gujaklap aglady maşynda oturan dosty ekeni ol haydap düşüp Resul yor gideli biri goraymesin how her kim turar indi diyip zordan maşyna mündürip alyp gitdi Resulyñ sho gunki haly henizem göz onumden gidenokdy men oglanyn beyle aglanyny onde sonda başga hiç ýerde görmedim öz özüme şoñ üçin söz berdim şular yaly edip oglany yzymda aglatmayyn diñe enem atamyñ diyenine bararyn diyip indam men enem atamyn gownuni yykyp bilemok diyip sözümi soñladym....

Döwran sen doganyñ name üçin gaçyp gitmandir şeyden bolsa utardy beydip oglany kösemeli däl diydi men name üçin gaçyp gitjek ene atan ýüzüne uryp sen çagañ etse nädersin diydim Döwran sesini çykarmady men ene atamy diñledi Aynada soñ ökünmelem bolmady gül yaly yaşayar söz berşi yalam etdi son Aynanyn Resul un aglanyny gormedi m shol erigin ashagynada chagalarynam eltenok ozem baranok ay onada yylda bir gezegem baranok dogrusy gaydyp gelende Resuly gorupdir yolda shodyr shodyr ol kan oye barmady Döwran hmm onda senem oz eneni atany diñlarsin diydi men howa elbetde diñlarin Döwran aý görersinda At basman diyse mun basyamyşyn diyip goýdy men şo wagt dogrudanam uly gürländirin diyip pikir etmandirin son yanymyza adam geldi yolda biz mara geldik dandana golay kakama Jañ edipdim gelaý diyip Döwran bilen sag bollaşdym okuwa baramyzson görüşeris diydi men nesip bolsa diyip düşdüm Döwranam düşdi ol ýörap ugranymda Ayşat senem özünkini dogry hasap et yone men tutan yerini goparyanlardandyryn diýip galypdy....

Men ony näme üçin aytyanyny edil ol wagt gaty anşyrmadym soñ kakam bilen gabatlaşyp öýe geldim ertesi men Döwranyn Selimin beren zatlaryny açdym ilki Döwranyñkyny açdym içini açanymda Döwranyn agşam diyen sözüne düşünüpdim ol özüni meni okuwa gidip barşymyzy çekipdir gaty gowy çekipdir suraty meni saçym bir örülgi bir gapdala düşürip çekipdir özünem golayymda goyyp ýüzüme seredip barşyny meni bolsa aşak bakyp utanjyrap baryan yaly edip çekipdir suraty gorsen hokman bular ashyk magshuk diyjek köpdi men gaty birhilli boldym Allajan bu oglanam aşyk bolup ýörmüka ýa Selimema bar o nahilli bolar bilse ya añyrda uruşarmykalar meni masgara edip diyip pikir etdim son Selimin sowgadyny açdym Selim maña üstünden geyilyan daşary yurtlan geýýan gyz köynegini alypdyr akja eşikdi men bularyn ikisinem yygnap goydym gitsem akitjek Selimiñkinam geyerin diyip birden telime Jañ geldi aldym..

ALO -- Salam
Salam kim sen
Men Selim Ayşat gowumy bardyñmy öýüñe sag aman
Howa geldim oñat oñatmy sizem
Howa oñat agşam aylajak boldym kakañ bardyr diyip aýlamadym
Men borla sag bol yatlanyña diyip öçürdim işim bar diyip Selim agşamam aýlady menem aý okuw okaýan diydim yene diydim gaçdym soñ Selim maña günde Jañ edip başlady men telimi ejeme berdim men okuwdan ünsüm sowya şu zady maña bermäñ gityänçäm diyip ejem aldy...

....Selimem bilendirda soñ Jañ edip bilmedi aýal Doganym bilenem kän gepleşmedim söger diyip......Okuwa tayyarlanyardym ýuwaşlyk bilen zatlarymy alyardym garaz biledimi Selime aldyrdylar bile bir yerden etdirip gaharym geldi muñada indi şoñ yzyna düşde ýör okuwy dynyançañ Şondan dynmarsyñ diyip men Döwranyn çeken suratyna günde gije seretyardim....ol sonky suratymda da shol gyzyl bagulleri çekipdir owadan edip bu surata yhlas siñdiripdir dogrusy ahyry wagt boldy biz okuwa ugramaly...

Edebiýat, Orazik.. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir