Eti halal haýwanlar 1. Sygyr, goýun, geçi, düýe, towşan , towuk, gaz, ördek, hindiguşy ýaly öý haýwanlarynyň we guşlarynyň eti halaldyr. Hapa iýýän (jellale) towuk, sygyr, goýun ýaly haýwanlaryň arassalanmak möhleti geçmezden damagyny çalmak bolmaýar. Olaryň halallanmagy üçin towugy üç gün, goýuny we geçini dört gün, sygry we düýäni on gün daşaryk goýbermän arassa iýmit bilen bakmalydyr. At eti dört mezhebe görä-de halaldyr. Ýöne Ymamy Agzam söweş we ulag hökmünde ulanylýandygy sebäpli, onuň etini mekruh hasaplapdyr. Towşan eti hem dört mezhebe görä halaldyr. Ýöne käbir sahaba we tabi'in alymlaryna, şeýle hem müjtehid ymamlardan Ibni Ebu Leýla görä, towşan eti tahrimen mekruhdyr. 2. Keýik, jeren, ýabany sygyr, zebra ýaly haýwanlar. 3. Gögerçin, serçe, bedene, käkilik ýaly ýabany guşlar. 4. Balyklar. Leňňeç, gurbaga, balykgulak ýaly ýakymsyz sypatly jandarlarlaryň eti Hanefi mezhebine görä halal däldir. Beýleki üç mezhebe görä, suwda ýaşaýan ähli jandarlary iýmek halaldyr. Ýöne Șafygylarda Hanefilerdäki ýaly, suwda ýaşaýan jandarlardan diňe gury ýerde ýaşaýan eti iýilýän haýwanlara meňzeýänleri halal, eti iýilmeýänlere meňzeýänleri bolsa haram diýen garaýyş hem bardyr
Eti halal we haram jandarlar
-
myahirlim
14 years ago
- Hanefi mezhebi, tahrimen sozler namani anladyar? Kakilik, bedene, keyik (bn jeren ikisi bir haywan dalmi?) olaram harammy?
-
ynsan
14 years ago
- hanefi mezhebi, tahrimen sozler
namani anladyar? kakilik,
bedene, keyik (bn jeren ikisi bir
haywan dalmi?) olaram
harammy?
myahirlim | 2010-11-30
hanefi mezhebi yslamyn icindaki boleklernin ady. Yagny tire taypa diyen yaly. Allahy bir pygamberi bir kitaby bir yone aralarynda sahel tapawut bar.
Keyik jeren munkin bir haywan bolmagy yone olar haramdal haywanlan arasynda yazyk dur
-
myahirlim
14 years ago
- Minnetdar!!!
-
Broker
14 years ago
- sag bol ynsan maglumatlang ucin, bizem bellali, bilsegem.
-
ruslanjan
14 years ago
- sag bol ynsan...
-
Cwetocek
14 years ago
- kop kop minnetdar ynsan! Alla sizden razy bolsun!
-
didar27
14 years ago
- salawmaleykimler agzalar,talyplar.com,myhmanlar! Ynsan-gowy tema acypsyn yone mende bir sorag bar halal maly soyyandan son onun kelle bash ayagy arassalanda haram bolyarmy? Diyip menden biri sorapdy menem senden sorayin! :)
-
ynsan
14 years ago
- r halal maly
soyyandan son onun kelle bash
ayagy arassalanda haram
bolyarmy?
Aleykumsalam didar. Men heniz okan yerim yok kelle bashayagy halal soyulal malynky haram diyip. Men pikirim haram dalmika diyan.
Gyzyklanaryn doly hem dogry jogap yazaryn nesip bolsa
-
student3
13 years ago
- wo sagjabol ! Doñuza haram,yöne atyn halal ya haramdygny bilmeyadim.eger towuk damagy calynman toga tutulup öldurlen bolsa harammykaray ?bärde towuk etleri $eyle!
-
student3
13 years ago
- ?
-
Kuraldyshy
12 years ago
- St wagtam oraza aýy da, su bazarda satylýan lä$geler harammyka ýa halalmyka ?
-
Ayyuzli
12 years ago
toga tutulup öldurlen
bularyn eti halal bolmayar, hokman gan cykmaly, bismillah diymeli....
hem-de, sheyle edilip oldurilen haywanlaryn, shol wagtky reaksiyasy, gahar-gazaby, ejir cekishi gany bilen son shol eti iyen adama gecyar we shol adamyn hem sheyle hasiyetli bolmagyna getiryar. olaryn eti hem zyyanly, infragyzyl shohleler bilen owrenilen, ylymda tassyklanan.
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Sagbol peydaly teman ucin turkmencilikde agyr kesel bilen kesellenende yylanyn,itin,kirpin etini iyyaler solar un hem akibet sol birmika umytsyzlykdan adamyn etmejegi yok olary yazgarmagy mena basaramok dogrusy
-
Kuraldyshy
12 years ago
- Eger $ol milli emleriñ psihologik dal-de, çyndanam bejerijilik düzümi bar bolsa...
-
Kuraldyshy
12 years ago
- Gurhanda haysylar gadagan ?
ynsan 14 years ago- Eti haram haýwanlar
1. Azy dişleri we penjesi bilen
aw edýän gurt, aýy, arslan,
gaplaň , şagal, belka, tilki, pil,
maýmyn, it, pişik ýaly
haýwanlar.
2. Dyrnaklary bilen aw awlaýan
bürgüt, ýarganat, baýguş ýaly
guşlar.
3. Ýakymsyz sypatly bolan ýylan,
içýan, gurbaga, pyşbaga, syçan,
hažžyk, alaka, ýagyş gurçugy,
siňek ýaly haýwanlar we möp-
möjekler.
4. Öý haýwanlaryndan eşegiň,
gatyryň eti dört mezhebe görä
hem haramdyr. Käbir alymlar
gatyryň etini mekruh
hasaplapdyr.