Berdimyrat Han Nurberdi Hanyñ birinji aýaly Nurgözelden bolan oguldyr.Ol juda ýaşka wepat bolupdyr we onuñ terjimehaly,bitiren isleri barada saklanyp galan ullakan ýazuw ýädigärligi ýok. 1879nji ýylda Nurberdi Han Marydaky hanlygyna maslahata gidende,wagtlaynça Berdimyrat Hany eýrine Ahala Han saýlapdyr.Ýöne ol entek ýaş bolan soñ,Nueberdi Hana ýakyn iki adamOrazmämet Han bilen Gurbanmmy-rat işan oña geñeşdarlyk edipdir. Berdimyrat Hanyñ Hanlyk eden döwri Russ goşunlarynyñ generallary Lazarewiñ hem Lomakiniñ baştutanlygyn- daky ilkinji Ahal-teke ekspediýasyna gabat gelýär.ekspedisiýany taýýarlan hem oña baştutanlyk eden general Lazarow bolupdyr. Emma ol 1879nji ýylyñ 14nji awgustynda Gökdepe galasyna Hüjüm edilmezinden bary-ýogy ýarym aý öñünden aradan çykypdyr.Onuñ deregine general Lomakin wagtlaýynça bellenipdir. Russlaryñ gelýändigini eşidip,Tekeler Aşgabat-da maslahat geçirýärler.Şol maslahatda hem general Lazarewiñ Dykma serdaryñ adyna iberen haty okalýar.Tekeler `Russlary aşgabada goýbermeli däl uruşmaly` diýen karara gelýärler. Gökdepe galasyny gurmaly,ilaty şol ýere ýygnamaly edýärler. Galanyñ gurluşygyna hemme kişi meýletin gatnaşypdyr. Her on maşgala aýratyn paý bölnüp berlipdir. Şonuñ bilen bir wagtda Russlary ahala goýbermezlik üçin söweş hereketleri hem bellenýär. Berdimyrat Han Orazmämed Han Gurbanmyrat işani ýanyna alyp,dört muñ atly,iki muñ hem pyýada goşun bilen Bendesiñ geçilgesine tarap ugraýar.Soñra bolsa pyýada goşuny Bendesende galdyryp, Berdimyrat Han bilen Dykma serdar Russ goşunlarnyñ öñünden çykmak üçin Hojagala gidýärler.Olar orta ýolda Russ Kazaklaryna gabat gelýärler. Olara tarap ot açaýarlar.Emma aralyk ok ýeterden daş bolan soñ,olara hiç hilli zener ýetirip bilmeýärler.Russlar bolsa uzaga atýan ýarag bilen iki adamy öldürip,dokuzysyny hem ýaralaýarlar .Berdymyrat Han bilen Dykma serdar yzyna-Bendesene dolanýar.Gaty çalt hereket etmek bilen Bendesendäki pyýada goşun hem alyp,şol gijäniñ özünde Börmä ize çekilýärler. Börmede maslahat bolýar.Ähli ilaty Gökdepe galasyna ýygnamaly edýärler.ilatyñ ol ýere göçmegine wagt berer ýaly,Tekeleriñ goşuny iki günläp şol ýerde saklanýar.Mundanam başga şol maslahatda ilatyñ gala ýygnamagy- na wagt utmak maksady bilen Dykma serdar hem gyzylarbadyñ Sopy Hany boýun egip barýan adam hökmünde Russlaryñ arasyna ibermeli edýärler. Söweşe ýolbaşçylyk etmäge Berdymyrat Hana doly hukuk berilýär.Ol1879nji ýylyñ 28nji Awgustynda Lomakiiñ goşunlarnyñ hüjüme geçmeziniñ öñüsyrasynda ýygitleriñ arasynda aýlanyp,olary söweşe ruhlandyrýar.Şol gün- ki söweşde Berdymyrat Han öýniñ üstüne Russlaryñ top oky düşýär.onuñ aýaly çagalary heläk bolýarTop okun- yñ bölegi Berdymyrat Hanyñ agasy Gurbanyñ kellesini alýar. Berdymyrat Hanyñ özi hem şol günki söweşde agyr ýaralanýar we üç günden soñ şol ýaradan wepat bolýar. Ony gökdepe galasynyñ içindäki diñli depäniñ ileri ýanysynda jaýlaýarlar onuñ mazary şu günler çenli saklanyp galypdyr. Russlaryñ galanyñ üstüne çozanyny eşidip,Nurberdi Han hem Marydan gelýär.Nurberdi Han ogly Berdymyrat Hanyñ ölümini mertlik bilen boýun alypdyr.ol şeýle diýenmiş: -Men oglumyñ ölenine şükür edýärin,sebäbi iliñ başyna şunuñ ýaly agyr gün düşüp,ýürt üçin gan dökülende meniñ maşgalamdan gan çykmadyk bolsa gynanardym. Berdymyrat Han ýaşlygynda wepat bolanam bolsa,ol Gökdepe urşunyñ tahryhynda öçmez yz galdyrandyr.onuñ il arasyndaky at-abraýy uly bolupdyr.ony parasatlygy,batyrlygy üçin sylapdyrlar.

Köneler, arapreyhan tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir