Sary saçlaryňa, däli göwnümi,
Baglamyşam, çözülmeýär arzuwym.
Jigerimde ýanýan söýgiň derdini,
Senden başga kimse bilmez arzuwym.

"Ýar" diýemde, galam düşýär elimden,
Kelam çykmaz, zar saýraýan dilimden,
Nam - nyşan ýok, ýüzde gülüm - ýalymdan,
Söýgiň derdin aňarsyň sen arzuwym.

Tebiplerde derman ýokdur derdime,
Bu söýgüde, ýetdim, artyk hetdime,
Senem meni goýma, aldym-berdime,
Dolan, maňa sary, geläý arzuwym.

Ähli zadyň ahyrynda soňy bar,
Bu kalpda, köne söýgiň çaňy bar,
Bu setirleň şeýleräjik jemi bar —
"Bu ömürde saňa ýetmek arzuwym!"

06.11.2021.

Çerkez BAÝLYÝEW

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir