Eger bahasyna seretmän zat alasyň gelýän bolsa - Sagadyňa seretmän işle
----------------------
Hiçkimi durmuşuňyzda saklamana synanşmaň! Goý olar siziň durmuşuňyzda galmana synanşsyn!
----------------------
Käte kyn ýagdaýlarda bize ýeke-täk düşünjek zat Aýdym bolýar.
----------------------
Üns bermeýän ähli zadyň, birgün öler
----------------------
Baýlar pul üçin işlemeýärler, Baýlar Tejribe üçin işleýär, Tejribe bolsa olara pul alyp gelýär.
----------------------
Garyplara Million gerek - Baýlara IDEA
----------------------

Bir Aý - Bir Gün!

Bizden uzaklara alyp barÿar-la,
Asyrlara döndi her sagat, her gün.
Mähribanym, göçeniñe panydan,
Bir aÿ bir gün.

Šol gün her hal geçeninde añymdan,
Yürek alowumyñ tütüni burgun…
Öÿde törümiziñ bošap galanyna,
Bir aÿ bir gün.

Mydam, görkiñ gözlerimiñ alnynda,
“Ÿetimlik” diÿmeseñ ÿagdaÿym gurgun.
Köñlümiñ has beter üšeÿänine,
Bir aÿ bir gün.

Pelek, diÿseñ ÿowuz basdy ädimi,
Edil deñ ÿarsyndan kertildi ömrim.
Oglum-diÿip, sözläniñe adymy,
Bir aÿ bir gün.

Kim sararka kalbymdaky kesigi,
Dermansyzdyr yüregimdäki örgin.
Ešdip ganmanyma mahmal sesiñi,
Bir aÿ bir gün.

Dag dek köñlim ograndy-la ušaklap,
Diÿerdiñ-“her išde mert durgyn oglum!”
Bilmeÿänim, Jennet goÿnuñ gujaklap,
Bir aÿ bir gün.

Sensiz, bedenimde ÿokdyr mydarym,
Eje, düÿšlerime geläÿdä her gün!
Bu garagym, görmänine didaryñ,
Bir aÿ bir gün.

Asyrlara dönjegini bilÿänä
gijeleñ, tä šapak gyzarÿança gün.
Käbäm! Seni göresim gelÿärä,
Bir aÿ däl, bir gün däl,
Wah her gün, her gün…

Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir