Men oñ bilen tanyshan wagtym 15 yashly, jahyllyk döwrüne yañy gadam basan wagtlamdy. 15 yashly oglanyñ nämä isleg bildiryanini oglanlar gaty gowy bilyändirläy. Ayratynam oñ bilen tanyshanymdan soñ ona bolan isleg-arzuwym has hem artdy. Ilki-ilkiler seyrek duşuşsagam soñabaka duşuşuklarymyzyñ çeni-çaky bolmady. Birinji duşuşuk onçakly şowly geçmedi, yöne bu soñky duşuşyklañ hem şowly geçmejegini görkezenokdy ahyry...

Bir gün saman kümäñ yanyndakak kakam bizi tutdy. Kakamyñ gözi maña dälde oña düshdi. Sebäbi meñ elim oñ haysydyr bır yerinden tutyp durdy. Kakamyñ gözi hem şoña düşdi. Kakam ikimizede ayylganÇ seretdide ötä gitdi...
Onsyz bir gün hem oñup bilemokdym, her gün duşuşyadyk. Her duşuşykda hem dodaklarymy ondan ayryp bilemokdym. Dodagymyñ her gezekki soruşunda meñ dünyäm giñap gidyan yalydy. Aslynda weli men oñ ruhundan, olam meñ ömrümden bır zatlar alyp gacyady...
Bir gün dostlarymyz bilen biriniñ doglan günini gutladyk. Diñe özümizdik. Ol hem meñ yanymdan ayrylanokdy, menem oñ yanyndan. Dost oglanlar uklanlarynda biz balkonda ikiçäkdik. Bu gezek bizi göreyin diyen adam yokdy. Yatamyzda bile yatypdyk. Dodaklam her gez ol gyzgyn, mele-myssyk zada degende hiç zat pikirem edesiñ gelenokdy, diñe beryän keypi hem gowy zatdy...
Näme uÇindir ony taşlamagy yüregime düwüpdim. Oñ üÇin pulam, wagtam köp gidyädi. Öñ bir-iki sapar synanyşdym, yöne oña yene dolanyp barmagym boşan öküzleñ ota topulşy yalydy. Yöne kime söz beryänimi bilemok. şondada söz beryän, bir günä taşlaryn şu alkakmyş çilimi!

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir