HIÇ ZAT Derwüşleriň biri arzyny mälim etmek üçin hökümdaryň huzuryna barypdyr. Gat-gat binanyň, aýlaw-aýlaw galanyň gapysynda bir derwezeban duran eken. Derwüş ondan özüni hökümdaryň ýanyna goýbermegi soraýar. Emma derwezeban yönekey geýimli derwüşe kanbir gabak galdyrmayar, «Hökümdaryň ýanyna girmekçimi? Sen kim?» diýip soraýar. «Meni tanaňokmy?» diýip derwüş dillenipdir. Derwezeban «Ýok» diyip, başyny ýaýkapdyr. Derwüş: - A sen kim? diýipdir. Ol: - Men derwezeban. - Senden beýik kim bar? - Garawulbaşy. - Ondan beýik kim bar? - Serkerdebaşy. - Ondan beýik kim bar? - Wezirlerbaşy. - Ondan beýik kim bar? - Hökümdar. - Hökümdardan beýik kim bar? - Hudaý. - Hudaýdan beýik kim bar? - Hiç zat. - Ana, men-dâ şol hiç zat - diýip, derwüş jogap beripdir. Derwezeban bu söze aňk-taňk bolupdyr, näme diýjegini bilmän birsellem ýuwdunyp durupdyr. Soňra özünden ululara ýagdaýy mälim edipdir. Bu sözi eşidenleriň her biri haýran galypdyr. Şeýdibem, Hudaydan "uly" hiç zat hökümdaryň huzuryna barypdyr. Göwnüň demirden bolsa-da, ýüregiň daşdan bolsa-da, her bir kişini iň bolmanda adam mertebesi üçin bir syla. «Aý olmy, kimmişin ol, ol meniň üçin hiç zat» diýen ýaly duýgular özüňe aşa göwnüýetijiligi oýarýar. Içi çüýrük agaçlara we adamlara bolsa «köwek» diýilyâr. Göwnümize hiç zat yaly görünyân adamlaryň Hudaýdan beýik dâldigini bilsegem, iň bolmanda özümizçe bardygyny bir boýun alalyn.
HIÇ ZAT
-
Cwetocek
14 years ago
- howwa bir yerik baranda kim sen diyseler derwu6un aydanlarny aydaymaly gowy aydypdyr! Minnetdar hydyrata!
-
Goool
14 years ago
- hekayan anyrsynda uly many, uly dushunje yatyr. Hekayan usti bilen kop zat owrenip boljak. Sag bol hydyrata!
-
Bravo
14 years ago
- Dogry aydpsnz hydyrata aga! Adam dien ugurtapyjy bolmaly!
-
Bigfoot
14 years ago
- dogry aydypsynyz.manyly hekaya.indiki temalarada gara6yas Hydyrata
-
Kain
14 years ago
- Gyzykly hekaya! Adamy wezipesine gora sylamaly dal, mertebesine gora sylamaly.
-
nauk
14 years ago
- Sag bol hydyr ata alla razy bolsyn
-
ruslanjan
14 years ago
- ders almaly goryanizmi hich zada da sarpa sylag goymaly
maksat.ch 14 years ago- Gaty gowy hekaya, yone ol derwish hem gaty dile cheper eken...