Webmoney

Webmoney näme ? Webmoney haçan we nirede döredildi ? Webmoney näme üçin gerek ? Webmoney barada giňişleýin maglumat .

Salam hormatly okyjylarym ! Bu gün men size webmoney barada giňişleýin maglumat bermekçi. Eger siz internetden pul gazanmak isleýän bolsaňyz onda size hökmany ýagdaýda web kaşelýok ýagny internetden gapjyk gerek bolup durýar .Bu blogymda siz şu aşakdakylar barada giňişleýin maglumat alarsyňyz.

1. Web kaşelýok näme we ol näme üçin gerek ?
2. Webmoney näme ?
3. Webmoney haçan we nirede döredildi ?
4.Webmoney of kombir üpjünçiligi.

1.Web kaşelýok näme , ol näme üçin gerek ?

Ilki bilen "Web kaşelýok näme üçin gerek?" diýen sowala jogap bermäne synanşaýyn. Elbetde häzirki wagtda biz döwlet işinde işlänimizde hökmany ýagdaýda bank karty gerek bolýar. Banklar her aýyň ahyrynda ýa-da başynda şol bank kartymyza biziň aýlygymyzy geçirip durýar. Biz hem bankamatda baryp bank kartynyň üsti bilen nagt aýlygymyzy alýarys. Web kaşelýok hem edil şolar ýaly internetden pul işlemek üçin gerek bolan kartymyz. Biz şol karta ýagny web kaşelýoga internetden gazanan pulymyzy geçirip , soňra şol puly alýanlara satyp internetden pul gazanýarys.

2. Webmoney näme ?

Webmoney - Rossiýanyň döreden onlaýn internet gapjygydyr. Biz bu gapjyga internetden gazanan pulymyzy geçirip bilýäris.
Webmoney - iňlis dilinden türkmen diline terjime edilende web-internet , money- pul ýagny" Internet puly" diýmegi aňladýar. Webmoney, onlaýn bank ýaly işleýän we pul ibermäge we almaga mümkinçilik berýän onlaýn gapjykdyr. Webmoney bilen şertnamasy bolan edaralardan onlaýn satyn alyp bilersiňiz ýa-da hiç hili kartoçkasyz webmoney hasabyndan pul sorap bilersiňiz.

Webmoney rus kompaniýasy bolup, dünýäniň köp ýurtlarynda işleýär. Şertnama baglaşylan guramalaryň arasynda “Aliexpress” we “Steam” ýaly dünýä markalaryna goşmaça, esasanam Russiýada ulanylýar. Webmoney komissiýalary birneme pes; Önüm satyn alanyňyzda 3% töweregi komissiýa töleýärsiňiz.WebMoney, töleg hyzmatlaryny ulanmak üçin Microsoft Windows, Windows Phone, Android, iOS we Blackberry üçin WebMoney Keeper atly programma üpjün edýär .

3. Webmoney haçan we nirede döredildi ? Webmoney taryhy

Webmoney ilkinji gezek 1998-nji ýylyň noýabr aýynda Rossiýada döredilýär . Şu wagt hem onuň baş edarasy Rossiýanyň Moskwa şäherinde ýerleşýär.Webmoney ABŞ-nyň dollaryna pul geçiriş ulgamy hökmünde döredildi, 1998-nji ýyldaky Russiýa maliýe krizisinden soň Russiýada ABŞ-nyň dollarynyň ulanylyşynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy .

2015-nji ýylda “WebMoney ” meýletin haýyr-sahawat, topar satyn almaga gatnaşmak we çäreleri meýilleşdirmek prinsipleri boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin “WebMoney Funding” köp pul ýygnamak platformasyny işe girizdi .

2019-njy ýylda Sberbank , WebMoney-iň gyssagly geçiriş ekosistemasyna goşulandygyny, müşderilere Sberbank kartoçkalaryndan WebMoney sumkalaryna derrew pul geçirmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy. Pul serişdesini geçirmek üçin alyjynyň telefon belgisi (kartoçka ýa-da gapjygy bilen baglanyşykly) zerur.

2019-njy ýylyň mart aýynda WebMoney halkara hasaplaşyk ulgamy müşderiler üçin şahsyýetiňizi uzakdan barlamaga mümkinçilik berýän wideo kesgitleýiş ulgamyny hödürledi.

WebMoney Transfer ulgamy , restoran we dükanlar üçin QR kody arkaly tölegleri kabul etmegiň çözgüdini hödürledi . Müşderiler nagt görnüşinde görkezilen QR koduny ekrana çenli skanirlemeli we tölegi tassyklamaly. 2019-njy ýylda Burger King Russia, müşderiler üçin QR kod töleglerini birleşdirmek üçin WebMoney Transfer bilen hyzmatdaşlyk etdi.

WEBMONY OF KOMBIR ÜPJÜNÇILIGI

Webmoney bilen, kredit kartoçkasyz amallar amala aşyrylyp bilner.
Tölegiňizi günüň dowamynda iň köp 1-2 sagadyň dowamynda alarsyňyz.
“Webmoney” bilen teňňede satyn alyp bilersiňiz.
Howpsuzlygy ýokary we sms tassyklamazdan hiç hili çäre görülip bilinmez.

Webmoney-de hasabyňyzda açan gapjygyňyzyň görnüşine görä walýutany saklap bilersiňiz. Mysal üçin, WMZ dollar hümmeti üçin ulanylýar. Şeýlelik bilen 1 WMZ 1 dollara deňdir. Aşakda ähli walýutalar, gapjyk görnüşleri we walýuta ekwiwalentleri bar.

GÖRNÜŞLER WE GÖRNÜŞ:

Z-gapjyk: WMZ - ABŞ-nyň dollary
elektron gapjygy: WME - EURO
R-gapjyk: WMR - Rus rubly
U-gapjyk: WMU - ukrain Hrywniýa
B gapjyk: WMB - Belarus rubly
K-gapjyk: WMK - Gazagystan Tenge
G-gapjyk : WMG - Gram altyn
X gapjyk: WMX - Bitcoin
L-gapjyk: WML - Litecoin
H-gapjyk: WMH - Bitcoin Cash
V-gapjyk: WMV - Wýetnam Dong

Webmoney barada başgada gyzyklandyrýan soraglarňyzy teswirde ýazyp bilersiňiz. Webmoney barada siz hem öz bilýän maglumatlaryňyzy paýlaşyň.

Çeşme: tmbloglar.fun

Blogy ýazan : Gerçeknazar Amannazarow , blogger

Tehnologiýa, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir