Muhammet pygamberimiziň (s.a.w) karikaturalarynyň awtory,75 ýaşly şwed Lars Wilks we onuň sakçylary öz ulagy bilen ýük ulagynyň çakyşmagy netijesinde wepat boldular.Bu hakda 3 oktýabr,ýegşenbe güni SVT neşiri mälim etdi.

Aýdylmagna görä,waka ýegşenbe güni Şwesiýaň günortasyndaky Markarid munisipalitetinyň golaýyndaky YE4 trassasynda bolup geçýär.

Ulagdakylaryň hemmesi şol ýeriň özünde wepat boldular.Ýük ulagynyň sürüjisi agyr şikes bilen hassahana ýerleşdirildi.Ol hukuk goraýyş edaralarynyň işgärleri tarapyndan sorag edilýär.

Şunuň bilen birlikde,bagtsyz hadysada kimiň günälidigi barada maglumat ýok.

Lars Vilks sungatşynaslyk ylmynyň kandidaty bolup,köpläp Skandinawiýa uniwersitetlerinde tälim berdi.

2007 ýylda ol Muhammet pygamberimiz (s.a.w)i karikatura edenden soň örän uly howpuň astynda galypdy. Şondan bäri karikaturaçy dowamly polisiýanyň goragynda ýaşap gelýärdi.





Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir