agzalar men su ýerde mahymjana ýazan hatlarymy siz bilen paýlaşmak isledim. PLEASE CALL ME Salam Mahym gowymy ýagdaýlaň enşalla gowydyr çünki men seň üçin her gije asmana bakyp Allajan saňa we maşgalaňa berk jan saglyk işiňde,okuwyňda üstünlik bermesi üçin dileg etýan. Belki sen bu hat ýalan diýip pikir edip bilersiň ýöne ynan bu hatda men däl meň ýüregim gürleýär. Her gün men sen hakda we saňa nädip öz söýgimi ynandyryp biljegim hakda oýlanýan. Ýadyňa düşýämi sen maňa her zadyň öz wagty bar diýipdiň ýöne söýginiň belli bir wagty ýokmyka diýýän eger söýgi bizden soraşyp gelsedi onda munça söýgi goşgylar,kitaplar ýazylmazdy ahyry. Men seni ýatdan çykarandyryn öýdip pikir etme men seni nirede bolsamam ýatdan çykarmaryn sen meni söýmeseňde men seni elmydama söýerin, hiç unutmaryn. Çünki men seni ullakan ýürek bilen söýdim gözlerim däl ýüregim seni gördi sen damarymdaky gana garylyp ýüregime girdin başga ýerde bolup bilmezdiňem. Sen meniň iň gymmatly ýüregim bolmalydyň ol ýerde galmalydyň köp söýgini myhman edip ýanan ýürek gujak açyp garşylady seni sen myhman däldiň şonuň üçin ugradyp bilmedim seni. Sen ol ýüregiň myhmany däl eýesi bolduň. Ýaňy pyntyklan erigiň güli ýaly owadan ynjyk teniň ýaly näzik mawy asmana aşyk etdiň meni. Asmany sensiz söýüp bilmezdim seni söýüp ahli goňşylarymy söýdim,adamlary söýdim,duşmanlarymy söýdim indi meniňem ömrüm bar iň agyr, iň çydamsyz pursatlarda seni ýadyma salsam ýeterlik boldy meni ýaşadan seniň söýgiňdi men seni ahli kynçylara döz gelip söýdim. Käwagtlar dersde sapagy diňlemän sen hakda pikir edip doňup galýan soňam mugallymlarda goşmaça sapak alyp zordan egzaminlerimi tabşyrýan. Mugallym saňa näme boldy diýendi “düşünemok” diýen bolýan. Bilýäňmi men seň ugruňda 3 ýyldan bäri ylgap ýörin ýöne sen maňa ýekejede nebsiň agyranok näme indi seň ýürejigiň şeýle doň ýürek bolaýdymy egerde seň ýüregiňde maňa çigit ýaljak göwün bar bolsa onda haýyş etýän maňa şu nomerden jaň edäýdä.(sim kart sowgat berjek) Garşy bolmasaň ol nomer menden saňa sowgat bolaýsynda ýöne haýyş etýän sowgady yzyna gaýtarmaýda çünki ol meň saňa ýetip bilmegim üçin bolan iň soňkyja umytlarymyň biri. Ýadyňa düşýämi öňler sen menden kitap sorapdyň menem ýol palçygam bolsa saňa eltipdim ýada zat kopýalatmaga gelerdiň, her gezek Aýtäçlere geçeňde başga ýerde gabatlaşsagam salamlaşardyk. Birgezegem öňem kopýadan çykaryp beren zadymy seniň ol owadan keşbigiňi görmek üçin ikinji gezek çykaryp size eltip gaýdypdym wahhhhhhhhhh ýöne hany ol günler? Käwagtlar ýatlamda gözümde çalaja ýaş damýa. Ýenede şol günler gelsedi diýýän ýöne wagty yzyna gaýtaryp bolýarmy näme!!! Mahym egerde sen meň söýgime kem baha garaýan bolsaň, meni söýmeýän bolsaň onda gel ikimiz öňki ýaly dost bolaly çünki seni göremde, seň bilen gürleşemde içimde şeýle bir gowy duýgylar döreýä wahhhhhhh saňa nädip düşindirjegimi bilemokda. Haýyş edýän jaň edäýdä ýalbarýan jaň edäý. LOVE YOU FOREVER

Köneler, Ashyksergezdan tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir