Gardaky geometriýa Ýagşy ýagdyrýan Beýik Ýaradan garda-da özüniň çäksiz sungatyny görkezip bilipdir. Ýaradan lemmer-lemmer bulutlary şemal bilen islän ýerine eltip, islän ýerinde gar, ýagyş ýa-da doly ýagdyrýar. Ol rehmedi däne-däne ýagdyryp, bularyň birigip zyýanly madda öwrülmeginiň öňüni alýar hem-de zemine ýagýan gar tozgalarynyň hersini bezäp göýberýär. Köp ýyllaryň dowamynda adam oglunyň ünsüni özüne çekip bilen garjagazlar hakynda ilkinji ylmy iş 1611-nji ýylda Johannes Kepler tarapyndan ýazlypdyr. Ol özüniň “On The Six-Cornered Snowflake” atly eserinde gar tozgalarynyň altyburç hem-de simmetrik şekil¬dedigini aýdypdy. Emma ol şol döwür¬de gar tozgalarynyň näme üçin alty burç şekildedigini welin subut edip bilmändi. Gar tozgalarynyň mor¬fologiýasyny dogry düşündirip bilen ilkinji adam (1635 ý.) Rene Descartesdir. Descartes bir sözünde “Gar tozgajyklary örän kiçi,deň, ýaldyrawuk, typançak bolup, kagyz galyňlygyndadyr. Özi-de deň alty burç şekilde bolup, ynsanyň asla ýasap bilmejek zadydyr.” diýýär. 1865-1931-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen Wilson A. Bentley bolsa 5000 sany gar tozgasynyň suratyny ýygnapdyr. Bu suratlaryň iki müňden gowragy 1931-nji ýylda onuň “Snow Crystals” atly kitabynda neşir edildi. Ukichiro Nakanyň gar kristallarynyň nähili emele gelýändigi hakyndaky işi bolsa (1954 ý.), gar kristallarynyň fizikasyna düşün¬mäge uly goltgy bolupdy. 1994-nji ýylda elekrton mikros¬koplaryň ulynylyp başla¬nmagy bilen gar kristallaryny surata düşü¬rmek babatda täze-täze gapylar açyldy. Gar tozgalarynyň ählisi biri-birinden tapawutlydy we simmetrik şekildedi. Edil adamzat ýaradylany bäri biri-birine meňzeýän iki adamyň bolmaýyşy ýaly, bir-birine meňzeýän iki gar kristaly hem ýokdur. Adamyň gözüne hemmesi bir meňzeş ýaly görünýän bu garjagazlary ýaratmak ynsanlaryň barmak yzlaryny Ýaradana, elbetde, kyn bolmasa gerek. Indi geliň, gar kristallarynyň näme üçin bir-birine meň¬ze¬me¬ýändigini düşün¬işmäge çalşalyň. Suw molekul¬a¬laryny emele getirýän kislorodyň dört izotopy, wodorodyň bolsa üç izotopy bar. Bir suw molekulasy bolsa iki wodorod we bir kislorod atomyndan ybarat. Bu üçli konfigurasiýa garap geçsek, 36 dürli suw (H2O) molekulasynyň bardygy orta çykýar. Bir gar kristaly üçin bolsa 1081 (H2O) molekulasy gerek. 1081 molekulanyň 36 dürli molekulanyň konfi-gurasiýasyndan emele geljegini pikir etsek, bir meňzeş kristalyň emeli gelme ähtimallygy ýok ýalydyr. Elbetde, biziň gürrüňini edýän tapawudymyz mikros¬kopik ölçegdedir. Ýagny, ýönekeý göz bilen seredilende biri-birine meňzeş ýaly görünýän iki kristalyň gurluşyna garanyňda olaryň biri-birine asla meň¬zemeýän¬digini görse bolýar. Suw buza öwrülende, suw molekulalary deň altyburç şekilde bir ýere jemlenýär. Suwuň şu häsiýeti zerarly-da gar kristallary hem deň altyburç şekildedir. Bularyň ýany bilen, elbetde, bu aýdylanlara boýun bolmaýan, adatdan daşary gar kristallary hem tapyldy. Mysal üçin, üçburç şekilli gar kristallary hem bar. Emma henize çenli ylym olaryň gurluşy barada bir agyz hem söz aýdyp bilenok. Adamlar bu ajaýyp ýaradylan gar tozgajyklaryny nusga edinip, buzdan heýkeltaraşlyk sungatyny döredip başladylar. Müňlerçe adamlar bu sungat eserlerini synlamak üçin müňlerçe kilometr ýol sökýärler. Emma adamlar her ýylda öýleriniň penjirsine çenli gelýän, hatda ýagan mahaly gözlerine giräýjek bolýan bu ajaýyp sungaty görýärlermikä?

Köneler, NB tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir