Soha aga beyleki bolumleri okaman ahlisini tutush okajak diyipdiniz yaly yalnyshmasam. Arkayyn okap bashlaberin sonky bolumi.
Häzirki
okajak wakaňyz hakyky durmuşdan alynan. Şol sebäplem nerwy gowşak adamlara
okamaklygy maslahat beremok. Hekaýa-dan erbet paýynç sözler aýrylan.


 Öwrüm, hemmelere gyzykly bolan bu waka hakda
öň käbir adamlar bilýärdi. Şonuň üçin hem Öwrüm 4: Ykbal ýazgydy görnişinde
ýazdym. Bu bolan zatlara ynanmak gaty kyn, ýöne şu hekaýada size hemme zat
belli bolar diýip umyt edýän.


           
...Röwşen gulagy bilen eşiden zatlaryna ynanmady. Beýle edilibem gyz alyp
gaçmaklyk gaty erbet. Bu hakda Aýgözeliň ejesi eşiden bolsa näme ederdi...
Soraglar Röwşeni gurşap aldy. Aljyraňly ýagdaý. Alaçsyz oglan näme etjegini
hatda Aýgözelede näme diýjegini bilmedi. Ýuwaşlyk bilen Aýgözelden ulagdan
düşmekligini haýyş etdi. Elbet gyzam düşündi. Söýgi aladasyna basylan oglan
ummana gark bolan ýalydy. Dostlary bolsa eýýäm okuwa gitdiler. Röwşeniňem 1
hepde wagty galypdy...


           
Şol gün agşam Aýgözel ýene  jaň etdi. Röwşen gürleşesi gelmedi, ýöne
söýginiň duýgulary oňa mejbur etdi. Şonda Aýgözel Röwşene şeýle wakany gürrüň
berdi:


           
“...bilýaňmi men saňa bir zat aýtmaklygy unudypdyryn. Ejem maňa öz durmuşy
barada gürrüň berdi. Meniň şondan bilip galan zadym...meniň aradan çykan kakam
meniň kakam däl eken, ol ejemiň 2- adamsy eken. Näme üçin beýle diýip
sorarsyň...ýöne...ejem hem meniň ýaşymdaka gaçyp gidipdir...ynanaý Röwşen onuň
durmuşy mende gaýtalanýar...ýöne ol adam bilen uzak ýaşap bilmändir. Men bolmakam
başga adama durmuşa barypdyr...”


           
Türkmenlerde şeýle aýdylan söz barda: “ejesini görde gyzyny al”, ejesi bilen
bagly waka gyzynda gaýtalanýar, ýöne bärde Aýgözel başga zat aýtjak boldy we
ertesi gün Röwşeni ýene duşuşyga çagyrdy. Dogrusy özümem bilemok şu ýagdaýda
näme etjegimi, a siz näme ederdiňiz?


           
Aýgözel Röwşene eýýäm göwresinde çaganyň galandygyny aýtdy. Şu ýerde Röwşeniň
gözleri üçin Aýgözel öldi. Gitmesine bolsa 6 gün galdy, öýlerine gelip ejesine:
“meni sorap jaň etseler men öýde ýokdyryn” diýdi, şeýdip Aýgözel bilen
aragatşygy kesdi. 6 günden bolsa okuwyna uçdy. Aýgözel bolsa uçara ýetişjek
boldy, ýöne ony adamsy ony 20 minut ýaly iş buýryp saklady, şol sebäplem gijä galdy,
ýöne şonda-da aeroporta geldi, geldi ýöne gijä galdy, gelenindenem uçar ýerden
galdy... Röwşen häzirem häli-şindi ýatlaýan diýýär, ýöne näme etjek durmuşy
yzyna dolap bolanok, häzirki wagt oglan okap ýör, ýöne ol gyzdan hiç-hili
habary ýok.


           
Aýgözel bolsa çydanokdy, onuň ykbalyna ýanyp duran suw sepilen ýalydy. Onuň
baran ýeri göräýmäge erbedem däl ýaly. Maşgalada 2 oglan we 1 gyz bar. Iň uly
ogly eýýäm 2 sapar öýlenip aýrylaşan, 2-nji körpe ogly bolsa Aýgözel bilen, gyz
diýilýäniňem ady gyz. Aýgözeliň ballyzy bolar-eder ýaly däldi. Adamsy Serdar
bolsa ejesiniň ogly, ejesiniň diýeni bilen, Aýgözel onuň üçin parhsyzdy. Gelin
bolup gelene güler ýüz bilen garşylamaly welin tersine, Serdaryň ejesiniň
gözine ol öýüň işini etmeli gul ýaly bolup görünýärdi. Bir zat haýyş etse
ýüzüni alardylar. Aýgözelem bu zatlara çydaman başlady, bu öýde ol artykmaç
adam ýaly duýýar. Onuň bar bileni biteni “öýüň isleri” diýen sözlerdi. Bir işi
etmän goýsa gykylyk asmana galýar.


           
Serdar. Maşgalada ýaşaýlary ýokary derejede ýaly ýöne öýlerinde bereket ýok.
Kakasy, ejesi bolsa gyzy bilen Jygyldykda söwdä edýärler. Oglullaram söwda
bilen meşgullanýan adamlar, hiç ýerde işlänoklar. Serdar bolsa içmäni gowy
görýänlerden...


           
Her gün serhoş bolup gelýän adamsy indi Aýgözeli doýurdy. Gyz bu öýde maňlaýydyr
öýdüp otyrdy. bir gün daýzalaryna gidip bolýan wakalar hakda aýtdy we indi
çydap bilmeýändigni ýetirdi. Şeýle waka boldyda, Aýgözeli eline oklaw alyp
gaýyn enesi gyzyna ters jogap bereni üçin urdy. Şu zatlara hiç kimem çydamaz.
Bu zatlar barada habarly bolan daýzasy çydamady. Aýgözeli bolsa köşeşdirip
öýüni ugratdy.


           
Günleriň bir güni daýzasy garyndaşlaryny alyp olaryň üstüne gelip dawa bilen
Aýgözeliň golundan tutup kellsindäki ýalygy zyňyp Aýgözeli ulaga mündirdi.
Aýgözel bolsa yzyna dolanyp bu öýde galjakdygyny aýtdy we Serdar indi
gowulanjakdygyny aýdyp and içdi. Daýzasy alaç tapmady.


           
Eýýäm 1 aý bäri ýaşlar ýaşaşýar, toýuň aladasy indi başlady. Onuň boljaklygam
belli däldi.


           
Serdar bolsa öňki oglan ýaly, öýünde täze gelini barka keýpden-keýpe gidýärdi.
Garadan gaýtmaz ýaly keýpden galmazdy. Her gün gelip Aýgözeliň ýüregine düşüp
başlady. Her 2-nji aýdan sözi söwünç. Bu zatlary gözi bilen görýändigine
Aýgözel sessiz aglaýardy. Indi gyz daýzasynyň diýeniniň etmändigine düşündi.
Abraý diýilen zadam gerekdir öýdüp ýalňyşandygyny aňlady.


           
Gije gezen bok basar. Serdaram şol güne düşdi, bir tanyş gyzy ony dogalap
Aýgözele garşy edip göýberdi. şol gün agşam öýüne içgili gelen Serdar öýüň
içinde ala-tupan turuzdy, Aýgözeli öýüň içinde kowlap urup başlady, ony öýden
kowdy, bu zatlary görüp duran beýleki maşgala agzalary zadam diýmedi, seredip
durberdiler. Doňýüreklik bilen garan ol adamlaryň ýanyna gaýdyp barmajaklygyna
Aýgözel and içdi. Gije ýary daýzalaryna bardy. Däýzasynyň öýünde jigisi hem
ýaşaýardy. Daýzasy kabul etdi we hemme zadyň gowy boljakdygyna söz berdi.


           
Indiki ädim näme bolmaly? Kim nirede galdy, telefonda bolsa Röwşen bilen bagtly
suratlar onuň göz ýaşlary bilen görünýärdi. Günleriň birinde Röwşenleriň
öýlerine jaň edip onuň telefon nomeryny aldy. Poçta gelip Röwşene jaň etdi:


-         
Alo?


-         
Alo, salam Röwşen


-         
Salam, kim sen?


-         
Tanamadyňmy? Men Aýgözel


-         
.........


-         
Gowumy ýagdaýlaryň?


-         
Näme üçin jaň edýäň? Seniň özüň menden gowy bilýäň indi....indi ol bolan
zartlary gaýtaryp bolmaýar...baran oglanyň bilen bagtly bol....


Şu
sözlerden soň telefon goýuldy. Aýgözeliň gözleri göz ýaşyna gark boldy. Garaz
bu iki ýaş ýüregi durmuşy bir ýolda gabat gelmedi. Şundan soň söýgi taryhy
tamamlanaýjak ýaly, ýöne entäk öňümizde tomus bar we Röwşen ýene dolanyp geler,
şonda näme bolar? Bu zatlary wagt görkezer.


           
Häzirki wagtda Aýgözel hem işe durupdyr, elbet oňa häzirki wagtda ýaşamak gaty
kyn ýöne durmuş dowam edýär, ädimlemeli...


           
Ine hormatly okyjylar, Öwrümiň soňy şular ýaly bolup gutarýar, elbetde bu waka
sizde öňkiler ýaly yz galdyrmadyk bolmagam mümkin, ýöne şol waka goşmaça edilip
ýazylan. Yzy diýýäňizmi? Yzam bolmagy mümkin, onuň üçin wagt gerek. Ykbal
Aýgözele arkasy bilen garady, ýöne gyz mert çykdy we kyn gününde hem aýaga
galdy. Serdar bolsa.... Serdar bolsa dälirän ýaly boldy, ony mollanyň kömegi
bilen adam hataryna getirdiler. Ýöne Serdar Aýgözeliň ýanyna gelip ötünç sorajagam
bolmady. Olaryň toýlary bolmady.


 


           
Gomaça: hekaýanyň 3 bölegini ýazyp gutaramda  gruppamyza sheyle  hatlar geldi, her kime dowamy gyzykly boldy,
esasanam Röwşeniň ykbaly.


           
Ähli bolan wakalar hakyky durmuşdan alynan we käbir ýerlerine üýtgeşme
girizilen. Adamlaryň atlary özleriniňki däl, olary oýlap tapdym. Wakanyň size
ýetirilmedik ýene 70% bölegi ýatyr, ýazmadygymyň sebäbi onda hapa-paýynç we
bitertip hereketleriň suratlandyrmasy ýatyr.


Dostlar
 sıze “Owrim” atly durmusdan alynan wakam
yaran bolsa,oz pikirlerinizi paylashsanyz we sizde nahili tasir galdyrdy?!
Cheshme:nexttm
Yazylan wagty:3nji may 2013 yyl
Yazan:Polat
27.09.2021 6:40

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir