Ýok men hiç kim bilen
Dostlaşyp tanşyp,
Ýa-da gürrüňdeş hem bolup biljek däl,
Sebäbi men geplerden hem gybatdan,
Gaçar ýaly ýer gözläbem ýadadym,
Seniň pes tarapyň aýtsalar maňa,
Ynan men şeýle bir, şeýle peselýän,
Göýä özüme diýilýän dek şol agyr sözler,
Agyr sözi aýdan bilen garşydaş,
Ýumruk salşyp, garpyşýaryn, göreşýän,
Seň şahsyňa şek ýetirse bir kişi,
Şol kişi meň duşmanym hem basdaşym,
Bolup garşydaşym güýç synanyşýan.
Seniň buýsanjyňa, gyzlyk kalbyňa,
Husny jemalyňa, galam gaşyňa,
Gara göz, gara saç akja alkyma,
Ýigrimi dört, ýigrimi bäş ýaşyňa,
Hormatym beýgelip seniň şanyňa,
Goşgy ýazyp seniň gözel adyňa,
Ýazylmadyk kitabymy ýazýaryn,
Goşgynyň başynda ''Gunça'' adyňy,
Hiç kimden men çekinemok ýazýaryn,
Sebäbi men erkin, erkana oglan...
Halas men geplerden hemem gybatdan,
Daş bolan öz dünýä garaýyşym bar,
Illeri diňlemän gelen netijäm,
Şol kalbyma hemra bolýar elmydam.
Şonuň üçin saňa-da aýtjak zadym
Senem ili diňlemäý haýyş edýän!!!
26.09.2021.
Bir gyza
-
kwazimoda
3 years ago
- Like++
-
kwazimoda
3 years ago
- bir gyza sheydiyseniz ol size name diydi
-
Xyivenia
3 years ago
- Awtory sizmi?
-
kwazimoda
3 years ago
- toy hacan.nomerimi berjek cagyrsanyz kwazimoda gel toyuma diyseniz turkmenistandaky hemma adam barar.sebabi hemme kwazimoda
-
kwazimoda
3 years ago
- Howwa goşulyan menem
-
soho
3 years ago
- erbet dal
Xyivenia 3 years ago- Awtory sizmi?