Hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary (hünärleri): 1. Elektro we ýylylyk energetikasy  (hünärler: elektroenergetiki ulgamlar we torlar; ýylylyk elektrik stansiýalary; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy; elektroenergetika ulgamlarynyň rele goragy we awtomatikasy; elektrik üpjünçiligi; gazturbina desgalary we hereketlendirijileri; adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy; ýylylyk elektrik stansiýalarynda suwuň we ýangyjyň tehnologiýasy). 2. Maşyngurluşyk  (hünärler: metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary; elektrik we elektromehaniki enjamlaryň tehniki ulanylyşy, hyzmat edilişi we abatlanylyşy; tehnologiki maşynlar we enjamlar). 3. Ykdysadyýet we dolandyryş  (hünärler: ykdysadyýet we dolandyryş (energetika pudagynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (energetika pudagynda)). 4. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary  (hünärler: senagat elektronikasy; mikroelektronika we ýarymgeçirijili abzallar). 5. Maglumat howpsuzlygy  (hünär: awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygynyň toplumlaýyn üpjünçiligi). 6. Tehniki ulgamlarda dolandyryş  (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş). Bakalawrlary taýýarlamagyň ugurlary: 1. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary  (taýýarlygyň ugry: infokommunikasion tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlary). 2. Elektro we ýylylyk energetikasy  (taýýarlygyň ugry: elektroenergetika we elektrotehnika). Iňlis dilinde bakalawrlary taýýarlamagyň ugry: 1. Maglumat howpsuzlygy  (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti). Bu ugur boýunça bakalawrlar üçin okuwyň möhleti 5 ýyl; 1 ýyl – dil taýýarlygy, 4 ýyl – hünär taýýarlygy.

Sorag-jogap, Söhbet Abdullaýew tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir