BIR GÖZLI ENE WE ONUŇ OGLY Ejemiň diňe bir gözi bardy men muny şeýle bir ýigrenýärdim sebäbi ol meni adamlaryň ýanynda utandyrýardy. Ejem mekdebimizde aşpez bolup işleýärdi. Bir gün synpdakam ejem meniň ýagdaýlarymy soramaga gelipdi. Men utanjymdan ýaňa ýere giräýjek bolýardym...ejem muňa nädip dözýärkä! Diýärdim. Oňa üns bermän geçdim gaharymdan ýaňa derrew ol ýerden gaçmak b/n boldum. Ertesi gün synpda otyrkam bir synpdaşym maňa”eý ejeň diňe bir gözi barmaý” diýdi. Utanjymdan ýaňa ýeriň aşagyna giräýjek boldum hem-de ejemiň kän göze görünmemesini isledim. Bu sebäpden ol gün onuň b/n duşuşanymda oňa: ” sen meniň üstümden güldürýärsiň näme uçin sen ölmeýärsiňkäň?!!!” diýdim. Ejem maňa jogap bermedi. Diýenlerim uçin bir sekunt hem pikirlenmedim çünki gaty gaharlydym. Onuň pikirleri hem maňa bildirmeýärdi,ony öýde hiç islämokdym. Okuwymy gutardym we Singapura okuwa gitdim. Soň öýlendim,öý edindim,çagalam boldy gepiň gysgasy bagtlydym. Bir gün ejem bize gezelenje geldi näçe ýyldyr ol meni we agtyklaryny görmändi. Gapynyň ýanyna gelende çagalarym onuň üstünden güldi. Oňa “indem öýüme gelip nädip çagalarymy gorkuzmana dözüp bilýäň kör, “”DERREW GÜMIŇI ÇEK ŞUL ÖÝDEN”” diýip gygyrdym. Şol wagt ejem maňa bir zatlar düşündirjek boldy men ony diňlemämsoň ahyry ol”bagyşlaň adresimi ýalňyşaýypdyryn öýtýän” diýip derrew gözden gaýyp bolup gitdi. Bir gun uçurymlar oturlyşygy u/n mekdepden birhat aldym. Aýalyma “iş syýahatyna gitýän” diýip bahana tapdym. Oturlyşykdan soň derrew öýe gaýtdym ýolda birhili tolgunýardym. Öýe gelemde ejemiň aradan çykandygyny aýtdylar. Men muňa hiç hili gynanmadym. Ol maňa berilsin diýip bir hat goýupdyr. Ol hatda şeýle ýazgylar bardy: ”eý oglum men elmydama sen hakda pikir etýädim. Singapura gelip çagalaryňy gorkuzanym ü/n ötünc soraýan. Uçurymlar oturlyşygyna gelersiň diýip köp garaşdym emma seni görmek ü/n ýerimden turup biljegimi bilmejegimi bilmeýärdim. Sen ulalaňda seni utandyryp gezenim ü/n ýene bir gezek ötünç soraýaryn. Bilýärmiň... sen çagakaň maşynyň aşagyna düşüp bir gözüňi aldyrdyň. Eje bolup seniň bir gözli ulalmagyňa çydap bilmedim. Bu sebäpden “”SAŇA BIR GÖZÜMI BERDIM””. Men öz-özüme meň ýerime oglum görýär diýip bagtlydym...Ähli söýgim bilen... EJEŇ.” Allahyň rehmeti kändir. Ejäniň ogluna bolan söýgüsi şeýle bolsa Allahyň(c.c) gullaryna bolan söýgüsini,rehmetini siz hasaplaň... salam agzalar meniň size ene hakynda ýazjak diýen hekaýam şudur okanyňyz üçin köp sag boluň bu wakadan özüňiz bir netije çykararsyňyz diýip umyt etýän... janyňyz sag işiňiz rowaç bolsun...

Köneler, Nechka94 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir