PÄK AHLAGYM BAÝLYGYM - BOLMASA GEDAÝLYGYM

Könäniň zyýanly galyndylary. Bu söz hut düýnki gün hem şeýle haýbatly ýaňlanyp, halkyň çemçeläp ýygnan edep-ekramyny, haýa şerimini , ahlagyny, namys-aryny öwezini dolup bolmajak derejede kemeltdi.
Geliň indi şol ''Könäniň zyýanly galyndylarynyň birnäçesine, ýagny aýal gyzlara degişlisiniň käbirine syn edeliň. Birinji nobatda eşik barada durup geçeliň. Ýaňy-ýaňylar hem gyzlar saçyny dört örüp, öňünden goýbererdiler. ''Dört örüm saçly, eý galam gaşly'' diýlip aýdym aýdylýardy. Bu diňe saçyň görki bolman, eýsem gyzlaryň tözlenip gelýän göwsüni bahyl gözlerden goramakdy. Ýakaň gaty oýulyp-açylmazlygy, ýeňiň goşardan geçirilmezligi, baldyryň ýapyk bolmagy, bigäne gözleriň gyýa garamagynyň öňüni almakdy. Emma süňňi halallyk örän möhüm bolupdy we bolar. Men bu zatlary ýatlamak bilen gelin-gyzlara şol bir biçüwde geýniň diýjek bolamok. Her mataň özüne, öz gelşigine görä geýiniň. Iki örüm saçy öňüňde sallap bolanokmy? Şo zatlary döwrebap geýineňde-de etse bolýar ahyryn. Elbetde ýaşamaga duwlanyp, her hili nejislik edip ýörenem, täzeçe geýinip abraýyny baýdak edinip ýörenem gyt däl.
Söýgi babatynda çeper eserlerde ene-ata zalym suratlandyrylyp, söýüşýänlwr hökman maksada ýetäýmeli edilip görkezildi. Heý, ene-ata sylanman gurlan durmuşyň süýjüsi berkligi wepalylygy bolarmy. Ene-ata aňyrsyny yzarlajak, adam çykýan ýermi, it-eşek ýalymy, indejek. Biziň şol öňe süren meselämizden her kim özüçe peýdalandy. Goňşusynyň gyzyny ýa-da baldyzyny bir ýigit bilen duşuryp, gyzy gaçyryp goýberýän, adyny zaýalaýan gelinleriň sany artdy gitdi oturdy.
Meniň pikirimçe, gaýtarma saklamak düzgüni hem ýigit üçinem, gyz üçinem uly synag bolmagy mümkin. Ýagny ilki 40 günlik ýatdan çykmajak duşuşyk, soň esli wagt aýralyk. Bu iki tarap üçin hem durnuklylygyň synagy. Galyberse-de, giýew bolan ýigit, öz gelnini, onuň hossarlaryny näderejede sylaýar. Äsgermän häli-şindi depeläp durmy ýa-da abraýy depesine täç edinip ''Sabyrly gul, dura-bara şat bolar'' diýip gezip ýörmi. ''Aýal-gyzlary dört tärimiň arasynda gabap sakladylar'' diýýäris. Ýok, olary gabap däl-de, apalap sakladylar. Ata-babalarymyz aýal organizminiň agyr işe werziş däldigine, diňe öý bikesi, çagalaryň ejesi, mährem ýar bolmalydygyna bizden örän oňat düşünipdirler. Tamdyr towusyna çenli taýýar edilen aýal maşgala erkek kişisi, çagalary işden gelende güler ýüz, arassa içeri-daşary, tagamly nahar, tämiz egin-baş bilen garşy alypdyr. Şeýle bolansoň, hernäçe zalym ýürekleriň hem öz-özünden erejekdigi düşnükli zatdyr. Olaryň keseki adam bilen gürleşmegini häzirki zamanda bir tanşymdan eşiden gürrüňim bilen subut etmekçi.
Bizi pagtaçylyk raýonlaryň birine gastrola ugratdylar. Kalhoza baran mahalymyz, ýoldaşlarymyzyň biri tanşynyňka gitmegimizi sorady. Biz üç bolup ugradyk. Barsak, öýde diňe bir gelin bar eken. Ol alçaklyk bilen bize düşege geçmegi ündedi we çaý goýdy. Geçiň, gaýyn atam häzir geler, oturmasaňyz ''Garşy alan dälsiň'' diýip maňa gatyrganar'' diýdi. Biz ''Soň geleris'' diýip ugradyk. Ýolda ýoldaşym ''Ýaňky gelniň ýanyna gelseň''... ''Ýok'' diýmejek ýaly, gaty alçaksyraýar, synag edip gör ýa-da rugsat ber'' diýip, ýaşrak bolamsoň maňa ýüzlendi. Gynansak-da minnetdarlygyň ýerine şeýle-şeýle pikir edilen halatlar seýrek bolanok. Biz gitdigiçe biri-birimize bihaýaçylykly, wagşyçylyk bilen çemeleşip, ynsap, wyždan diýen zatlardan daşlaşýarys.
Aýal adamyň aşa alçaklygynyň nämäniň üstünden eltýändigine ýene bir mysal. Onuň adamsy 10 oglan bolup, bir jan, bir ten bolup tirkeşýärdiler. Gelin bolsa 10 doganlyk adam, oglanlar gelse geçisi ýaýraýardy. Ilki ýuwaş oba oglanlarynyň dokuzy düzülip ugrady. Gelin ýerinde gelinli, çagaly jaýly, mellekli maşynly bolup ugradylar. ''Mesligi goýun göterer, goýnuňam garasy'' diýenleri, ýaňkylar maşyn bilen ''O ýola çykanlary'' daşamaga, ýola çykyp keýp çekmäge başladylar. Öýlerine üýşen mahallary bolsa, biri-biriniň gelinlerine degip, ''Sen pylanyň näme işläp ýörenini bilemok'' diýip bälçireşen bolýardylar. Beýleki gelinler tossarylsa-da ol gelin ''ýigidi dostundan tana, hemme siz öwredýärsiňiz men hem ýöne ýatandyr öýtmäň, bir suratçyny yzyňa düşürýändirin, ähli hereketiňizi sypdyrýan däldir, bary taýýar bolansoň, ähliňiziň gelinleriňize görkezjek'' diýip, özlerine görä jogap berýär. ''Müýnli adam müňňüldär'' diýlişi ýaly, oglanlaryň biri (ýoldan çykmagy ündän), hakykatdan hem gorkup ugrady we ony öz gelni bilen gepleşmez ýaly etmegiň ugruna çykdy. Öýüne baran mahaly ''Pylany biziň agzybir durmuşymyzy görüp bilenok; özleri it bilen pişik ýaly, ezizim, ynha, ol saňa meni ýamanlap, atyp bilen töhmedini atyp hat ýazypdyr'' diýip, öz aýalyny ynandyrdy. Her näçe bälçirese-de adamsy özüne ikilik eder, dostlary şeýle zat oýlap tapar öýtmedik gelin aýňalmaz ýaly boldy oturyberdi.
Biz soňky döwürlerde öz däbimizi öwrenjek bolman, haýsydyr bir halkda görenimizi ornaşdyrjak bolup azara galýarys.
Toýuň öň ýanynda oglan ýoldaşlary, hossarlary bilen gelip, gyzy öýden özi çykaryp ZAGSA gidýar ýa-da gelnalyjy gelende-de şol ýagdaý. Türkmençilige nazar salsaň, giýew gaýyn topara görünmäge ejap etmeli.
Goý gelnalyjy bilen gelse-de toý ýerine ýetmän, düşüp galaýsyn. Nämä gerek toý märekesine ''meni görüň'' diýip epeýsiremek.
Heý, türkmenleriň toýda zat döwen ýeri barmy? Çörek paýla, ädik çykaryp, göreş tut, at çapdyr, tüpeň atdyr ýerine ýetirjek bolsaň däp gytmy? ''Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz'' goý, her halk öz däbini özi ösdürsin.
Köpe ýetjek bolup, azdan galmalyň!

Gurbantäç AGAHANOWA
Gökdepe raýony.

OWADAN 1992

Salgylanma:
http://kitapcy.com/news/pak_ahlagym_baylygym_bolmasa_gedaylygym/2021-09-10-17316

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir