Haýp, şat günleň geçişine sered-ä!..
Bu gün bolsa derdinmeli lukmana.
Wah, şonda-da, düşün, ýersiz-ýere kän
töhmet atyp oturma:ly ykbala.

Muny göre-göre gelýän durmuşam
Mundan beter pürkmäwersin awusyn.
Aý, nätjek-dä, ýaşaýyşyň gurluşam
Meňzemeýär ýelegine tawusyň.

Toýuň bolar şol sähetli senede,
Galman bilmez monjuklaryň düzülmän.
(Bolmajagna gözüm ýetýär, şoňa-da
ýüregim agyrýar, juda üzülýän.)

Meni ýakynyň saý.
Özgäniň, ýadyň
Garşysynda çökermegin gerdeni.
Her niçik-de bolsa, begenýän zadym —
Ýylgyryşyň gizläp bilýär derdiňi.

Gaý-tupanyň güýji ýetmez ýykmaga,
Ynam bilen kürekleseň — gaýykdan.
Ýöne öňler alkyş aýdyp ykbala,
Bu günde hem köteklemek aýypdyr.


Aýbölek ABDYÝEWA

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir