Detjal prinsipi.

Ahyrzaman alamatlarynyñ biri bolan Detjal özüni "Taňry" diýip yglan edýän eken(Ol hakykatdan hiç hili Taňry däl).Onuň Taňrylygyna ynananlary jennetine,ynanmadyklary dowzahyna salýan eken.
Geliň,indi bir zady oýlap göreliň!Detjal prinsipi häzirki döwürde-de dowam edip duran ýagdaý.Her bir adam sözüň göçme manysynda Detjal.Men Detjal,siz Detjal,barymyz Detjal.
Her birimiziň özümizçe hakykatymyz bar(Hakykat diýip oýlaýanymyz düýbünden ýalňyşam bolup biler).Şol hakykatymyzy goldaýan adamlarymyzy jennetimiz(mähir-muhabbet,söýgi)bilen gurşap alýarys.Oňa garşy gidenleri bolsa dowzahymyza(gahar-gazap,ýigrenç)itekleýäris.
Detjalyň bir gözi kör bolşy ýaly,biziňem bir gözümiz kör(kimiň çep gözi,kimiň sag gözi).Haýsy gözümiz açyk bolsa şol tarapdaky zatlary görýäris we şol görýänlerimizi hakykat diýip kabul edýäris.Asyl hakykat bolsa iki tarapy görüp umumylaşdyrylanda ýüze çykýar.
Mysal üçin:Siziň araňyzda dowam edip duran din dawasy.Ynha,Talibanlar özüni musulman hasap edýär,ýarym-ýalaňaç gyzlar özüni musulman hasap edýär,arak,çilim nas ýaly pişeleri edýänler özüni musulman hasap edýär,namazyny okamaýan,metjide barmaýanlar özüni musulman hasap edýär,parahorlar özüni musulman hasap edýär,gybatkeş we töhmetçiler özüni musulman hasap edýär,iýip-içip,ýatyp-turup ýörenler özüni musulman hasap edýär...
Bularyň her biri özüni goldaýanlary jennetine salmaga,ýazgarýanlary bolsa göni dowzahyna gapgarmaga taýýar.
Her bir adamyň özüniň ynanýan hakykaty bar.Şol hakykatdan başgasy onuň üçin ýalan ýaly bolup durýar.Özüni goldaýan adamlary tapyp bilse bolany,şolar bilen birleşip özüni goldamaýanlara garşy gidýär.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir