Goltugymda torbam, kellämde obam,
Serediň, adamlar, men öýe barýan.
Doganym, gardaşym, ýakynym, käbäm
Göterip ýadymda men öýe barýan.

Perron, iteleşik, käýinýär daýza,
Käbämi ýatlaýan darykman gaýta.
Ýylgyrýan hem öýe barýan.

Küpedeş uz gelin näz edip baksa,
Ýassykdaşym, galdyr başyň, sen hakda
Oýlanýan hem öýe barýan.

Ýol kesýär otuz bäş-kyrk ýaşly adam,
Şol ýaşlarda dünýä çalşypdy kakam,
Meňzedýän hem öýe barýan.

Ilki otly, soňam awtobus haýal,
Her ädimde düşýär erkekmi aýal.
Howlugýan, men öýe barýan.

* * *

Ahyr dabanlarym topragy basýar,
Bu ýerde üýtgeşik zemin hem asman.

Ýok, size üýtgeşik, özüme öňki,
Bar zatda yzym bar, hemme zat meňki.

Birem üýtgemändir üýtgeşik ýerler,
Şol oba, şol derýa, şol gök kepderler...

Siňip gidýän şol üýtgewsiz durmuşa,
Bir görsem men, gapymyzda durmuşym.

Reňki soýlan gapy açylýar çala,
Mähriban ynsanlam topulýar maňa.

Topulýar barysy, birisi galman,
Ýöne bäş sanyjak barysy, arman.

Tapmarsyň olara million içre taý
Hem binalar içre şeýle mährem jaý.

Ýok, biri topulmaz, görmedik bolar,
Ah, türkmeniň däbi, ah, sen gündogar...

Demläp döküşdirer demli çäýnegi,
Asla seň ýüzüňe bakmazam göni.

Söýgi gizlenmeli, bu köne adat,
Söýgi gizlenmeli, hany adalat?

Ganda endik hökmün ýöredýär ýene,
Ýalbarýan ýüz ýyllap batmajak Güne.

Gijeler suwa düş söýgiň howruna,
Hijran tagam berer wysal döwrüne.

Hormat-sylag bilen töre geçýärin,
A men bosagada durun obamyň.

Ilersi, gaýrasy gaýzygan sähra,
Ortada ýylan deý towlanýar Murgap.
Obaň guw sürüsi goşa kenara,
Gonupdy bir pasyl dynç almak isläp...


Baýram AKATOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir