7wk.ru saýtyndan mugt forum saýt açmak

Salam hormatly saýt agzalary we myhmanlary! Bu gün men size 7wk.ru saýtyndan mugt forum saýt açmagy başardygymdan giňişleýin öwretmekçi. Ilki bilen 7wk.ru-dan açylan saýtlaryň gowy we erbet taraplary barada gysgaça durup geçeýin.

Iň esasy gowy taraplary:

1. Tizlik
7wk.ru-dan açan saýtym http bilen işleýänligi sebäpli juda ýeňil işleýär. Ýagny saýtyň içine aňsatlyk bilen tiz wagtda aýlanyp bolýar.

2. Garantiýa
Saýt 2005-nji ýyldan bäri öz işine dowam edýär we ýuwaş-ýuwaşdan ösýär. Goý şeýle peýdaly saýtlaryň ömri uzak bolsun bizem uzak wagtlap mugt peýdalanaly.

3.Forum we teswir ýazmak
Aslynda saýtyň gurluşy forum saýtlar ýagny ýörite özara söhbetdeşlik geçirmek üçin niýetlenen. Şonuň üçin bu saýtdan gyzykly forumlar döredip gaty gyzykly saýt ýasap bolýar .

Biz garyba mundan beter näme gerek . Meniň özümä iň esasy bloglara ýagny saýtyň içindäki ýazylan zatlara üns berýän. Köplerem şeýledir.Ýazan zatlaryň ile gerekli, peýdaly zatlar bolsa il hem peýdalansa . Azajygam bolsa adamlaryň alkyşyny alsak. Ine meniň maksadym.

Indi bolsa gowy däl taraplaryna geçeliň.

1. Saýtyň agramly bölegi rus dilinde ýazylan we olary üýtgedip bolanok.

2.Domeniň yzynda hökman 7wk.ru diýip durýar. Meselem gyzykly diýip saýt açjak bolsaň gyzykly.7wk.ru diýip durýar we bu ýazgyny tölegli aýyrmaly.

Esasy bellemeli zatlar şular . Onsoňam saýta aýdym, surat, e-kitap zat goýup bolýar .

Indi bolsa 7wk.ru saýtyndan mugt forum saýt açmagy öwreneliň.

1. 7wk.ru saýtyna girmeli.

2. "Регистрася" girmeli

3. "Введите адрес Вашего форума" diýen ýere saýtyň adyny ýazmaly .(meselem: talyplar )

4) qpf.su
7wk.ru
96sn.ru
plazti.ru şu domenlerden birini saýlamaly.

5. "Введите название Вашего форума " diýen ýere forum adyny ýazmaly ( meselem : talyplar forumy)

6. "Введите логин администратора" diýen ýere login nik adyňyzy ýazmaly (meselem : Admin)

7. "Введите Ваш E-mail адрес " diýen ýere e-mail adresiňizi ýazmaly (meselem : gerceknazar96@gmail.com)

8. Soňra " С условиями " diýen ýere ✅ goýup "Создат форум" basmaly.

GUTLAÝAS indi siz mugt forum saýt açdymyz. Ondan soňra siziň e-mail adresiňize login we parol iberiler.

1. Soň öz açan saýtyňa girmeli .

2. "Войти" girmeli

3. "Имя" diýen ýere login adyňy "Пароль " diýen ýere parolyňy ýazyp , "Войти" basyp saýta admin bolup girip bilersiňiz .

Üns bilen okanyňyz üçin sag boluň .

Nesip bolsa indiki blogymda saýtyň içini düzmegi giňişleýin öwretmekçi. Başgada şular ýaly maglumatlary okamak isleseňiz teswir ýazyp bilersiňiz. Elbetde bilýän zatlarymyzy öwrederis.

Ýazan : Gerçeknazar Amannazarow /blogger.

Has giňişleýin suratly düşündirlişi internet.7wk.ru saýtyndan okap bilersiňiz .

Tehnologiýa, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir