"Taliban" Owganystany bary-ýogy 10 günüň içinde basyp alyp,köpçüligi haýran galdyrdy. Ýurdy resmi ýagdaýda kimiň dolandyrjakdygy we täze hökümede kimleriň girjegi häzirlikçe näbelli. Emma guramanyň esasy adamlary hakynda maglumat bar.

1. Haybatulla Ohundzoda
"Taliban"yň Molla Omar (2013 ýylda ýogalan) we Ahtar Mansur (2016 ýylda öldürilen) dan soň ýokary derejeli generaly.Ol häzirki wezipesini 2016 ýyl maý aýynda eýeleýär. Harby däl, ylahyýetşynas hökmünde abraýa eýe.
Ohundzoda, tassyklanmadyk maglumatlara görä, 1961 ýylda günortadaky Kandahar welaýatynda dogulýar. Onuň kakasy oba ymamy bolupdyr.
1980-ýyllarda geljekki"Taliban" ýolbaşçysy Sowet goşunlary bilen söweşen militsiýalara goşulýar,ýöne söweşlere gatnaşmaýar.Soňra ol maşgalasy bilen Päkistana gaçyp geçýär,we ýurduň demirgazygyndaky Kvetta şäherinde ýerleşýär we ol ýerdäki medresä girýär.
1994 ýylda ol birnäçe aý öň Päkistanda molla Omar we onuň üç şärigi tarapyndan döredilen dini mekdepleriň radikal talyplar hereketi "Taliban"a goşulýar.
"Tolibon" birinji hökmürowanlygy döwründe (1996-2001) ol şerigat sudlaryndan birini dolandyrýar. Soň "Taliban" 10 ýaşdan geçen gyzlara telewideniýe,kino,aýdym,kosmetika,sport we mekdebe barmagy gadagan edýär. Daşlamak,elleri kesmek we köpçüligiň öňünde taýaklamak ýaly düzgünleri golanylýar.
Ohunzodaning özi nahili kökümler çykarany näbelli. "Taliban" baştutany zordan köpçüligiň öňünde peýda bolýar we hiç hili beýanat bermeýär. Talibanlar arasynda bu mäkäm konservativ diýip hasaplanýar.
Avgust aýynyň başynda"Taliban" metbugat kätibi Zabihulloh Mujohid Ohundzoda hereketi dolandyrýandygyny we hemme meselelerde ýokary häkimiýetdigini tassyklaýar.
Ohundzodaning 23 ýaşly ogly 2017 ýylda partlaýjy maddalar ýüklenen ýük maşyny bilen Owganystanyň günortasyndaky armiýa bazasyny başyp alýar. O 2019 ýylda Kvetta metjidinde partlama netijesinde wepat bolýar.
2. Abdul Gani Baradar
Ohundzodaning syýasy işler boýunça orunbasary. "Taliban"nyň dört gurnaýjylaryndan biri. Baş diplomat we hereketiň jemagat başçysy.Ilkini bolup ol "Taliban" ýeňişi hakynda resmi beýanat berýär.
1968 ýylda Owganystanyň merkezi bölegindäki Uruzgan welaýatynda dogulýar. Ol Sovet çozuşyna garşy garşylyk görkezmekde gatnaşýar we şondan soň molla Omar bilen duşuşyp, aýal doganyna öýlenendigi aýdylýar. Sowet goşunlary çykarlandan soň ol Kandaharda medresä esas salýar. Birinji"Taliban" hökümetinde ol goranmak ministriniň orunbasary bolup işleýär.
Soňra,bar bolan maglumatlara görä,ol harby hereketler we terroristik hüjümleri meýilnamalaşdyrmakda esasy rol oýnaýar we olary maliýeleşdirmek üçin jogapkär bolýar. 2010 ýyll fevral aýynda ol ABŞ we Päkistanyň Karaçi şäherinde geçirilen goşma operasiyasy wagtynda ele düşýär. Ol sekiz ýyly Päkistan türmesinde geçirýär we dowam edýän dynçlyk sebäpli azatlyga çykarylýar.
2019 ýylyň ýanwar aýyndan başlap ol arakesmesiz diýen ýaly Kataryň paýtagty Dohada bolup,ol ýerde amerikalylar bilen gepleşiklerde "Taliban" delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýär we 2020 ýyl 29 fevralda ABŞ döwlet kätibi Maýk Pompeo bilan parahatçylyk şertnamasyna gol çekýär. Donald Tramp bilen telefonda gürleşýär,Hytaý we Rassiýa daşary işler ministrleri Van I we Sergey Lawrow bilen duşuşýar.
Baradary asuda diplomat, diňe maksada görä gürleýän we beýik ambisiýalara eýe adam hökmünde suratlandyrýarlar.
3. Muhammad Ýakub
Haybatulla Ohundzodanyň harby işler boýunça orunbasary. Merhum molla Omaryň ogly. Ol tahmynan 30 ýaşynda.
2016 ýylda ABŞ nyň uçarmansyz samolýotlaryň hüjümi netijesinde Ahtar Mansur wepat bolansoň, ol "Taliban" ýolbaşçysy wezipesine dalaşgär hasaplanýardy, ýöne hereket baştutanlary ony örän ýaş we tejribesiz hasaplaýarlar. Muhammad Yakub Abdul Gani Barodar bilen gowy gatnaşykda we onuň bilen bile hereketiň durnukly ganatyny şekillendirýär,diýip ynanylýar.
4. Sirojuddin Haggoniý
Geçen asyryň 80-ýyllarynda mojahedleriň esasy leşgerbaşylaryndan biri,atasy Jelaleddin Haggoniň ölüminden soň, ol özi döreden"Haggoniy ulgamy" toparyny dolandyrýar we "Taliban"a goşulýar.
Haggoniy ulgamy"Taliban" milisiýasynyň iň köp we söweşe taýýar bölegi hasaplanýar. Ol Owganystan armiýasy we halkara koalisiýa güýçlerine birnäçe şowly hüjümler,şeýlede Kabuldaky myhmanhanalardan birinde we Hindistan ilçihanasynda amala aşyrlan teraktlar we Owganystanyň öňki prezidenti Hamid Karzaýyň janyna kast etmekde jogapkär.Bar bolan maglumatlara görä ol Owganystan-Päkistan serhedini öz elinde saklaýar. ABŞda terrorçy gurama hökmünde kabul edilen.
Sirajuddin Haggoniý takmynan 45 ýaşynda.Onuň häzir nirededigi näbelli.
5. Abdul Hakim
Abrlaýly ylahyýetşynas.Ol hiç wagt meýdan ofitseri bolmadyk. Bir topar ekspertleriň prognozlaryna görä ol täze Owganystanda şerigat sudlary ulgamyny dolandyrmagy mümkin.
2020 ýyl sentýabryndan Dohadaky "Taliban" edarasyny dolandyran.Ondan öň köp ýyllaryň dowamynda "Taliban"nyň resmi däl paýtagty hasaplanýan Kvetta şäherinde ýaşan. Ol ýerde esasan Owganystandan gelenleriň okaýan dini ýolbaşçylar we medreseleriň abraýly geňeşini dolandyran.
Talibany kimler dolandyrýar?
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- 5si bütin owganystany eýeledimi
-
zumerchi
3 years ago
- Sakgallary nameka bu gandonlaryn! ?Yigrenyanov shulary..
-
kitapcy.ml
3 years ago
- "TALIBANLAR" —diýýärler, biz şol bada olary ýigrenýäs diýip gygyrýas.
"IGIL" —diýýärler, biz şol bada olary ýigrenýäs diýýäs.
"PUTIN" —diýýärler, biz şol bada biz ony gowy görýäs diýip gygyryp başlaýas.
"TRAMP" —sözüni eşidýäs, bizde ýenede ýigrenç döreýär.
"Amerika" —sözüni eşidýäs, bizde gapma garşylykly pikirler döreýär.
Bizde nämäň esasynda hiç wagt öz gözlerimiz bilen görmedik we bilmeýän zadymyz barada eýýäm öz pikirimiz bar? Belki ol pikir biziňki hem däldir? Belki ol pikiri biri bize daşyndan guýandyr? Telewizoryň beýik güýji şundan ybarat.
-
Гость
3 years ago
- @kitapcy.ml,dogry bellediň.
-
Гость
3 years ago
- Biz esitdiresleri gelen zady eşidýäs,görkezesleri gelen zady görýäs.Galany perdäň aňyrsynda
-
zumerchi
3 years ago
- Kitapchy.ml, bizem bilyas dine gorkezesi gelyan zatlary gorkezyarler tv, yone talibanlary onat diyip namasine esaslanyp duhsundin!??? Nirede gorsen eli avtomatly ya pistiletli umuman yaragly adam gorsen sen shona nahili pikir etyan!?? Ya bolmasa hokumet eshikli biri bolsa eken bolyaley bu hokumetin adamy diysen! Haysy talibany gorsen elinde sho huynyasy bar! Rossiya hali bugunem sholary terroristik komanda dip yuzlenya! Sholaram bilya kimin kimligini!
-
zumerchi
3 years ago
- Meselem ayallary ovadan bolsa burnuny kesmeli duzgunleri bar bu haramzadalaryn! Ayalda name guna bar ovadanlygyndamy!!??
-
zumerchi
3 years ago
- Ozleram yslamchylar yone shondada Hudayy bahana eden bolup ozleriche adam olduryaler
-
Гость
3 years ago
- @zumerchi,erbetdir a belki beýle bir erbedem däldir.Kitapcyň aýdyşy ýaly biz olaryň nähilidigini bilemizoga.Biz diňe beýlekileriň isleýşiçe baha berýän bolaýmaly şolara
-
Гость
3 years ago
- Olary ganhor,terrorçy hökmünde göz öňüne getirmegmiz üçin edilýän bolaýmasyn hemmesi?!
biohimik 3 years ago- Gowy yurt etseler bolyar 5yylda in osen yurdyn sanawyna çykarjak diyyaohunzodan