Türkmenleriň arasynda "jalbyrly gyzlara" negatiw pikirler bar.Jalbyr geýmek isleýän her bir gyz,islese-islemese şol negatiw pikirleri çekmäge borçly."Çekmek islemeýän bolsaň jalbyr geýme,uzyn köýnekli gez"-diýmeli.Türkmenleriň arasynda gör näçe gyzlar diňe uzyn köýnekli gezýär."Sen uzyn köýnekli gezýäň"-diýip,negatiw pikir bildirýän ýekeje adam ýok.Gep-sözleri çekesiň gelmeýärmi,senem uzyn köýnege geçmeli. Geýýän gyzlar gep-sözleri çekýändirler,şonuň üçin jalbyr geýýändirler.Hema gepe galjak däl,hemem jalbyrly gezjek...Onuň ýaly hezillik nirde bar?Jalbyrly gezjegiňiz çynyňyzmy,şony kabul edip bilýän ýurtlarda ýaşamaly.Ana şonda hiç kim gürlemeýär.
Uzyn köýnegem gyzlary gysyp-gowurup baranokdyr.Ene-mamalarymyzam uzyn köýnekli geçipdirler.Bular bolsa ýewropa kowalaşýarlar,ýewropalylara meňzejek bolýarlar.Ýewropalylaryň etmeýän zady galdymy indi.Bugun jalbyr geýseler ertir beýleki zatlaram edesi gelerler.
Garaz aýtjak bolýan zadym:"Gyzlar!Negatiw pikirlere çydam etmeseňiz,bütünleý uzyn köýnege geçiň.Jalbyrly gezýäňizmi onda negatiw pikirleri çekmeli bolýaňyz.Gep-söze galman jalbyrly gezer ýaly,kän bir hezil bermez biziň adamlar.Gep-sözden dynmagyň aňsatja ýoly,uzyn köýnege geçýäňiz.Ony islemeseňiz özüňiz bilýäňiz!"

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir