...Hä diýmän onuň gulluga gitmeli wagtam gelip ýetdi. 
Agasynyň öňden edip goýan sargydyna görä Gökböri ýaňky ýaly ikiçäk duşuşyklaryň birinde Zerkäkiliň çat maňlaýyna geçdi-de: 
― Özüň bilýäň, Käkil, men basym gitmeli. Üç ýylam az zat däl. Senem basym mekdebi gutararsyň. Mugallymlar seni öwýärler. «Gowy okaýa, instituta gitse, alymam bolar şo... gyz» diýýärler ― diýdi. ― Eger-de hyýalyň bar bolsa, men garşy däl. Esasy zat seniň maňa garaşmagyň. Men ana, şony soraýyn diýdim. ― Ol Zerkäkiliň göni iki gözüniň içine seretdi. ― Hany aýt, garaşarmyň? 
― Bilýän dälsiň-ow, şony... 
― Aý, bilemde-de, diljagazyňdanam bir eşidip gideýin. 
Gyz aýagyndan jüpläp tutulanyny ýokuş gören torgaý guş ýaly, çürnüjegini çommaldyp «jüýpül-jüýpül» etdi. 
― Onda menem ejemden sorap göreýin. 
Gyzyň bu sözüne Gökböri garaçyny bilen kejikdi. 
― Aý, senem-ä! Ol näme bilmän durmy? 
Zerkäkil Gökbörüni bilgeşleýin gyjady. 
― Aý, şonda-da diljagazyndan bir eşidip galaýyn. 
Gökböri utulanyny bildi. Çep aýagyny «tarp» etdirip ýere urdy. 
― Ýeri, bolýa-da! Ýöne, uzaklaşdyrma. Wagt az. 
...Şondan ylaýyk üç gün geçensoň, Gökböri günortanaralar kontora barýarka, mekdepden çykyp gelýän Zerkäkil bilen pete-pet gabat geldi. 
― Nätdiň, soradyňmy? 
Gyzyň dodajyklary çalaja gymyldady.
― Howwa. 
Gökböri öňküsindenem howlukmaç gepledi. 
― Näme diýdi? 
Entegem «dähedem-dessemläp», ýigidiň duşundan ötüp barýan gyz diňe şondan soň säginde-de, aşak bakyp, gyzaryp durşuna birenaýyja seslendi. 
― Şonam bileňokmy? Elbetde «howa» diý. «Garaşaryn diý». Ömrüm ötýänçä garaşmalam bolsa, garaşaryn diý», diýdi. 
Hoş habara ýaňy bir gulaklary gabaryp, gökje gözleri ýitelip ugran ýigidi gyzyň soňky sözleri serpmeden gaýdan ýaly etdi. Ozaldanam garaýagyzrak ýüzüne kül sepilen ýaly boldy. Geplände dili diýenini etmejek boldy. 
― O... O-da gowusyny etjek b-bolandyr... gowy zat aýtjak bolandyr welin, beý diýmeli däl ekeni... 
Ýigidi begendirendirin öýdüp, «dylmyldap» duran gyzam birhili boldy. 
― Hä? Näme? Näme bolupdyr? O sözüň nämesi bolmandyr? 
― «Ömrüm ötýänçä» diýen sözüň aňyrsynda köp zat ýatyr, Käkil. 
― Näme ýatyr? 
― Ömürlik aýralyk. Görüşmezlik, duşuşmazlyk, umytsyzlyk, garaz paşmajak söýginiň näumytlyklardan doly ajy pursatlary ýatyr. Hälem sen ony maňa gönüläp aýtmadyň. Aýtma-da. Ylaýym ejeň aýdany ― aýdan ýerinde galsyn. Sen maňa biragyz: «Gelýänçäň garaşaryn» diýseň bolýa... 
Gyzyň garaja gözlerinde ýaş göründi. Ol endigine görä edil bägülüň ýapragy ýaly ýuka hem nepis dodajyklaryny çalaja çommaltdy. 
― Garaşaryn... 
― Ine, munyň bolýa... 

5. 

Gulluga ugradyljak güni ir bilen gulluga gidýän ýigitler hossarlary bilen bilelikde oba sowetiniň jaýynyň öňüne üýşdüler. 
Ugradýanlaryň arasynda Gökböriniň söýerlerem, şol sanda Aksoltandyr ― Zerkäkilem bar. 
Olar onda-munda toplum-toplum bolşup, özara gümür-ýamyr edişip durlar. 
Peleň awçy «watdyk-wutduk» edip ogluna bir zatlar diýýär. Ýöne, ony Towşan «terjime» edäýmese oňa düşünýän ýok. Şeýle-de bolsa, Gökböri onuň «häsini» ýetirýär, baş atýar. «Bor kaka, bor, hökman şeýderin, arkaýyn bolaý» diýýär. 
Näme gürrüň etjeklerini bilmän, aýaklarynyň burny bilen ýer dörjeşip, ýa-da hersi bir tarapa bakyp, şol içgysgynç hem hupbatly pursatyň basymrak geçerine garaşyp duranlaram bar. 
Kelte boýly, mamadişlän goturaky ýüzi repide ýaly tes-tegelek, burnunyň çep ganaty ýirik, ýaşynyň entek ellä-de ýetmändigine garamazdan egilip ýöreýän Pirli Jomardyň gapydan «höküdikläp» çykmagy bilen, duranlaryň arasyna gaýda-gaýmalaşyk aralaşdy. Hemmeler şoňa tarap üşerilişdiler. 
Pirli Jomart ugramaly ýigitleri häliden bäri ýoluň gyrasynda, ýüzüni şäher sary tutup duran araba münmeklige çagyrdy. Olar hossarlary bilen howul-hara hoşlaşyp, başly-barat araba ýerleşenlerinden soňam, çep eliniň süýem barmagyny häliden bäri arabaň erňeginde joňkaryp, «starta» garaşýan sportsmen ýaly Pirli Jomardyň ýüzüne «jiňkerilip» oturan arabakeş Seýitjan aga harbylarça komanda berdi. 
― Sür!.. 
Seýitjan aga çep elindäki jylawy çalarak silkdi-de, sag elindäki kelte saply, gök tasmadan ýasalan uzyn gamçysyny onsuzam däbşenekleşip duran ýabylaryň depesinde «şuwwuldatdy». 
― Çü-ü-ü-ýf!.. 
Araba ala şakyrdy bolup ýola düşdi. Heniz oturyp ýetişmedik ýigitleriň arasynda onuň zarbyna çiňarkan gaýdanlaram boldy. 
Muňa ýigitler hezil edip gülüşdiler. Hatda gyýlyp duranlaryň arasynda-da biliner-bilinmez ýylgyranlary boldy. 
Ejesine ýaplanyp duran Zerkäkiliň hamsyganyny, adatça, onuň şorta söz aýtjak wagty birenaýyja çommalyplar gidýän dodajyklarynyň bolsa, «kemiş-kemiş» edýänini welin, hiç kim aňmady. Çünki şol wagt şolaryň hiç biriniňem haly şonuňkydan ibaly däldi. 
...Gidenine ylaýyk iki aý diýlende Gökbörüden üçburçlyja, ýüzüne: «Солдатское письмо бесплатно» diýlip möhür basylan hatjagaz geldi. 
Ol özüniň Belorussiýa, onuňam Belowož sümme tokaýlyklarynyň bir çetindäki kiçijik şäherçede gulluga başlandygyny habar berýärdi. 
Özüniňkileri ýeke-ýeke ýatlap çykanyndan soň, ol «Aksoltan daýzalara-da salam aýdyň» diýip, ýazypdyr. 
Bu ― oňa Aksoltanyň öz eden pendi. Ýagny, ugratjak wagty ol maý tapyp, özüniň gelejekki giýewsine: «Adyna hat ýazyp, suwjuk çözler bilen gyzy uýada goýup ýörme, Böri jan, öýüňize ýazaňda bize-de salam aýt, boldy şol. Biz düşüneris» diýipdi. (dowamy bar)
Juma Hudaýguly

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir