Şu saýtda soňky wagtlarda bolýan söwünçli atakalaryň ýada ýakyn wagtda bolan floodlaryň iki sebäbi bar ýaly. Atakaçylaryda bilýänsiňiz, ýaşalymlar, ýaş zalymlar, nazarhanlar we şm.
1. Saýtyň kopiýalaryny utançsyz şekilde kopýalap (azajyk kreatiw bolup başga zat hem döretseň boljak), bu ýeri bulap özlerine "klient" çekmek. Bu ýagdaýda atsyz atakaçylar ol kopiýa saýty açanlar bolsa gerek. Ýa şolara degişli adamlar.
2. Ýada adamçylykdan nesibesini almakdyk, durmuş sapagyny almadyk, köpçülikde nähili alyp barmalylygyny şu wagta çenli öwrenmedik, jemgyýetiň keýpini bozmagyň dindar bolsaňa gul haky, bolmasaňda aýypdyny düşümeýän "adamlar". Bu ýere adamlaryň dynç almak, pikirlenmek, öwrenmek gerek ýerinde ýerlikli dawalaşmak üçin gelýärler. Hemme zady bilýän bolsaňyz bu ýerde näme işiňiz bar.
Ýatdan çykarmaň:
Adamyň intelekti az bolsa sesi ýokary bolýar. Akyl bilen jogap berip bilmeýän söwünje başlaýar.
Adamyň intelekti ýetmese "ad hominem"e başlaýar. Men bolsa bu ýerde bir iki adam daşynda hemmeleriň ad hominem edýänini görýärin.
Ad hominem: garşydaşyň pikirlerine jogap bermäni göni kişiligine, liçnostyna napadeniýa.
Aýyp bolan akylsyz bolmak däl, öwrenmezlik aýyp. Gaýrat edip dawalaryňyzy doňňuz derejesinden adam derejesine çekäýiň.

Täzelikler, .Leyla tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir