SORAG: Käbir adamlar musulman maşgalasynda doglan bolsa, käbirleri hristian, ýahudi ýa-da ateist ýaly maşgalalarda dogulýar. Bu adalatlymy? Ýa-da ateist maşgalada önüp-ösüp, hiç hili yslam dini, Allaň birligi öwredilmän ulalan ýaşlar aradan çyksa dowzaha düşmegi nä derejede dogry?

JOGAP: Adalat sypatynyň ýüze çykmagy hökmünde Alla her bir adama akyl, pikir we öňdengörüjilik berdi. Şonuň ýaly-da, adam tebigatyna ynanmak, hakykaty tapmak, dogryny tapmak ýaly meýiller berilendir. Kämahal adaty durmuşda, käte bolsa dokumental filmlerde tomaşa edýäris, bir janaweriň çagasy dünýä inen badyna ilkinji edýän işi emjek gözlemek bolýar. Deňiz pyşbagalary ýumurtgadan çykanlaryndan haýal etmän ilkinji edýän işleri çaltlyk bilen deňze ýetmek bolýar. O kiçijek haýwanlar nädip bilýär bulary, muny olara öwreden kim?! Alla Tagala bu ýagdaýy janly-jandarlara doglanlaryndan berişi ýaly, adamlara hem şunuň ýaly dogabitdi ýagdaýlary berendir.

Adamyň musulman bolmagy ene-atasynyň musulman bolandygy üçin däl-de, eýsem adamyň bu öz akyly, pikiri, öňdengörüjiligi we tebigaty bilen jogap tapyp biljekdigi sebäpli bolýar.

Musulman ýurtda dogulmagymyz biziň musulman bolmagymyza bir sebäp bolup biler, emma dünýä seredenimizde, her musulman ýurtda doglanyň musulman bolmaýyşy ýaly, kapyr ýurtda doglanlaryň hem hemmesi kapyr däldir. Muňa mysallar köp. Başga dinli ýa-da ateist bolup doglan we soňra musulman bolan häzirki wagtda dünýäde millionlarça adam bar. Dünýäde Yslamyň ady bilen amala aşyrylýan nädogry işlere we wagyz-nesihatlara garamazdan, diñe Hytaýyň özünde kapyr ene-ata tarapyndan dünýä inen we yslam dinini kabul eden ýüz milliona golaý adam bar. Häzirki wagtda Amerikada her ýyl bir milliona golaý adam yslam dinini kabul edýär. Bu san ýewropada we Russiýa ýaly ýurtlarda hasam artýar. Bu sanlar az-owlak sanlar däldir. Diýmek, musulman bolmak üçin hökman musulman ýurtda dogulmaly diýen zat ýok. Şonuň ýaly-da, musulman ýurtlarynda musulman däller hem ýaşaýar.

Häzirki wagtda jemgyýetimizde musulman ene-atalardan doglan we özlerini musulman hasaplaýan adamlar kapyrlara garanyňda yslama has köp zyýan ýetirip garşy çykýarlar. Yslamy däl sözleri aýdýan, yslamdan, Allanyň adalatyndan şübhelenýän ýaşlarymyzyň köpüsiniň ejeleri, kakalary hem musulman adamlar. Ene-atalary imanly, çagalary ateist. Asla ýatdan çykarmaň, iman genler arkaly geçýän däldir. Kakasy iman etdi, oglam iman eder diýen zat ýok. Ýa-da kakasy inkär etdi, oglam inkär eder diýen zadam ýok.

Bu ýerde ene-ata faktoryna nirede baha bermeli?

Allanyň beren nygmatlarynyň arasyna girer. Imansyzlar dünýäniň ähli nygmatlaryndan hiç hili kynçylyksyz peýdalanýarlar. Hudaý olara jaýlary, awtoulaglary, baýlygy berýär.

Ene-atalarymyzyň musulman bolmagy hem bu nygmatlaryň biridir. Şeýle berekediň bize berleni üçin Hudaýa doga we şükür edýäris. Bulara iman bilen baglanyşykly synpdan däl-de, bereket, nygmat synpyndan baha berilýär.

Pygamberimiziň (saw) aýdyşy ýaly: “Her bir doglan adam yslamyň tebigatynda dogulýar. Soňra ene-atasy ony hristian, ýewreý ýa-da mejusi (jadygöý) edýär.” [1]

Bu hadysdaky esasy habar, yslamyň tebigatyna görä doglan nesilleri ýalňyş (batyl) ynançlarynyň eline düşmezlikden goramak üçin ene-atalara özleriniň uly borjy we jogapkärçiligi barada duýduryş bermekdir.

Her bir adam tebigaty, ýaradylyşy boýunça arassa, tämiz, iman we yslama iň mynasyp şahsyýet hökmündedir. Fytraty (tebigaty) muňa ýykgyn edýär. Hawa, doglanlaryň hemmesi Yslamyň tebigatynda dogulýar, emma ene-atalar, dostlar, jemgyýet we mekdep ýaly daşarky täsirleriň akyla täsir etmegi netijesinde hakykat bilen aralaryna perde örtülýär.

Başga söz bilen aýdylanda, iman we ynanja ýeke ene-atanyň edýän täsirini bahalandyryp, aňy, pikiri, adamyň islegini we Gudraty güýçli Allanyň ýol görkezmesini aradan aýyrmak dogry bolmaz.

Adam akyly ýerinde bolandan soňra Allany akyly, aňy, öňdengörüjiligi bilen tapýar. Ynsan Allany ejesiniň ýa-da kakasynyň üsti bilen tapýan bolsady, bu gün ýurdumyzda ene-atasynyň musulman bolandygyna garamazdan özi ateist bolan onlarça adam bolmazdy.

Bilşimiz ýaly Ybraýym pygamberiň kakasy Nemrudyň butparazdy we kapyrlardan biridi. Gurhanda bu ýagdaý we Hezreti Ybraýymyň aňyny we erkini ulanyp, Rebbini tapmagy aşakdaky ýaly beýan edilýär.

Engam süresi 74-82 aýatlar:

74. Bir wagtlar Ybraýym atasy Azere ýüzlenip: «Sen (käbir) butlary hudaý hasaplaýarsyňmy?! Takyk, men seni we seniñ kowumyňy äşgär azaşmagyň içinde görýärin» diýipdi.

75. Biz şeýdip, (Alla) anyk ynanýanlardan bolmagy üçin Ybraýyyma (Allanyň) asmanlardaky we ýerdäki melekutyny (hökümdarlygyny) görkezendiris.

76. Ony (Ybraýymy) gije (tümlügi) örtende, ol bir ýyldyz görüp (kowumyna ýüzlenip: «Siziň pikiriňize görä) bu meniň Perwerdigärim!» diýdi. Ol (ýyldyz) batansoñ: «Men batýanlary (üýtgäp duranlary) halamaýaryn» diýdi.

77. (Ybraýym) dogup gelýän Aýy görende: «(Siziň pikiriñize görä) bu meniň Perwerdigärim!» diýdi. Ol hem batansoñ: «Eger Perwerdigärim maña dogry ýoly görkezmese, men hökman azaşanlardan bolaryn» diýdi.

78. (Soň) dogup gelýän Güni görende: «(Eger sizden sorasam) bu meniň Perwerdigärim, (sebäbi) bu has ulurak!» diýdi. Ol hem ýaşansoň: «Eý, kowumym Takyk, men siziň (Alla) şärik goşýan zatlaryñyzdan daşdyryn.

79. Takyk, men ýüzümi hanyf (hak dinli) bolup, asmanlary we ýeri ýaradan (Alla) öwürdim. Men (Alla) şärik goşýanlardan däldirin» diýdi.

80. Kowumy onuň bilen dawalaşmaga başlady. Ol (olara): Siz meni dogry ýola gönükdiren Allanyň (birligi) hakda meniň bilen jedel edyärsiñizmi? Men siziň Oña şärik goşýan zatlaryñyzdan gorkmaýaryn. Perwerdigärim näme islese (şol hem bolar). Perwerdigärim ylmy bilen ähli zady gurşap alandyr. Heý, pikir etmeýärsiñizmi? [2]

Munuň tersi hem boldy. Pygamber bolandyklaryna garamazdan, Lutuň aýaly we Nuhuň hem aýaly hem ogly iman etmediler. Başga bir tarapdan Faraon Allany inkär edip, hudaýdygyny öňe sürýän wagty Hezreti Musa aleýhyssalam onuň köşgünde, hat-da onuň gujagynda terbiýelendi. Faraonyň aýaly hem Alla ynanan, iman edenlerden boldy.

Diýmek, Rebbini gözleýän we Oňa ymtylan gul, Faraonyň gujagynda bolsa-da, dogry ýoly tapar we ýol görkezijisine gowuşar.

Rebbimiň ýaradan we akyl bereketini beren hiç bir guly: "Allam meni şeýle maşgalada ýaratdy" diýip hasapdan we jogapkärçilikden gaçyp bilmez.
"Eger olar (ene-atalar) bir bilmeýän zadyňy Maña şärik goşmagy üçin synanyşsalar, olara boýun egme! Emma dünýäde olara ýagşylyk bilen eýe çyk we Maña toba edenleriň ýüz tutanlaryň) ýoluna eýer! Soň Maña gaýdyp gelersiñiz we men (dünýäde) eden (ähli) işleriňizi size habar bererin." [3]



_______________________
[1] Buhari, cenaiz 92; Abu Dawud, 17-nji sünnet; Tirmizi, ykbal 5
[2] Engam süresi 74-82
[3] Lukman, 31/15

Sorag-jogap, Mister X tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir