Käte seni seýle göresim gelip,
Gijeler garaýan aýly asmana,
Gara gözleriňi ýadyma salyp,
Ýyldyzlaram gussa goşya gussama.
Kalbymyň töründe gyzyl köz deýin
Lowlap ýanýan yşkyň hasraty näme
Takdyrma ýazlan agyr synagmy,
Sütemin çekdirýäň haýsy günäme.
Öwrümine sorag berip ykbalyň,
Sorap seni gökden, guşdan, ýagyşdan
Ýatlamazlyk başartmaz hiç ynsana,
Eger söýüp, çyndan ýürekden halaşsaň!
Sagbol saňa gaýbana söýgiň üçin,
Bu duýgyny ýüregime salanňa,
Söýgiňden durmuşa ymtylşym artyryp
Güyç berýänsiň ylham atly galama.
Hiç ahmyr etmerin seni söýenme,
Sende ýazyk ýokdur muňa düşünýän,
Ýüregme edip bilmedim höküm,
Seni söýüp, günäkär özüm dünýäm.
14.06.2021ý
Gurbanmämmet Meredow. (Özüm)
Siziň pikiriňiz zerur!
Günäkär özüm
-
Manikarnika
3 years ago
- Dusunmedim-le bir görseň gyzam seni soyen yaly birgorsen soymedik yaly yene-de birinde bolsa soyeniňe pusman edyän yaly dusuner yaly däl eken garaz
-
Manikarnika
3 years ago
- diňe gije yadyna dusyami o gyz? yyldyzlar nädip gussany doredyar ?biziňä gussaly bolsak nastreniyamyzy goterya olar owadanja parlashyp
-
Manikarnika
3 years ago
- ikinji bogundaky sutem nähili sutem ol
-
Manikarnika
3 years ago
- 2-nji bentdäki*
-
Manikarnika
3 years ago
- seň soyguliň ynsandyr diyip pikir edyan? aňly dusunjeli ynsany name un aňsyz zatsyz jansyz gokden gusdn yagysdan sorayan?
-
Manikarnika
3 years ago
- iň soňunda pikir bolunya bu "dunya" bolan soygi eken diyip nowellam bu? eger yer yuzune bolan soygi bolsa dunyaň niressinde gara gözi bar?
-
Manikarnika
3 years ago
- garaz bu yarysy bagyşlarsynda hakykaty aydanym un brat yene tankytla diysen tankytlap bereyin
-
Manikarnika
3 years ago
- aslynda wara şunça zady mugt yazanyma begen asyla adama mugtuna peyda-ha beremok zyyan beryan
-
yyldyz.
3 years ago
- modagözel puşman etdiňä ony))
-
Manikarnika
3 years ago
- @yyldyz dogrumy aytdyma
LUKMAN_GYZ 3 years ago- ++++++++ üssünlik galamyň ujy ýiti bolsun!