Baran ojagyňa goşulyp gitgin,
Myhmana mähirli,hormatyň etgin.
Durmuşda,egsilmez bagtyňy tapgyn,
Bagtyň,ak gülden açylsyn gelin...

Gaýynlaryňa,bolgun misli - mähirli,
Saýlan ýigidiňe bolgun wepaly,
Bagtly ýaşaň,döwran sürüp sapaly
Bagtyň,ak gülden açylsyn gelin....

Awtory:Öwezgeldi Taganow.

Edebiýat, LUKMAN_GYZ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir