'namaz dining diregidir'...her musulman cagasy namaz okamalydygyny bilyar emma indi ederin shindi ederin diyip yza suyshuryas. sheytan:'borla garrap baryangmy song okarsyng-da, yashajyk halynga garrylar yaly yasharsyng diyya...name etmelikaray namaz okamasang kapyr bolyangmy? gayrat edip meni doyurar yaly edip jogap yazsangyz..
Namaz okamasang kapyr bolyangmy?
-
nashyja
14 years ago
- dost,yoklay kapyr bolyan dalsin,ilki bn iman gerek sen imansyz namaz oka oraza tut bary bir kopuk,ilki bn kalbynda iyman bolmaly,imansyzlara kapyr diyilyar.
-
prikolgeldi
14 years ago
- yylda bir juma namaza git şolam bolya
-
nashyja
14 years ago
- yok in erbet zat bashlap tashlamak,shon un ya konkretniy oka yada okama,basharsan her juma namazyna git.
-
kalhoz
14 years ago
- .
-
hasrat
14 years ago
- ayy juma namazyna hic yatlatma...ahh...biram shongadam:3 hepde yzly-yzyna gitmeyan dinden cykar diyilipdir...
-
hasrat
14 years ago
- ayy juma namazyna hic yatlatma...ahh...biram shongadam:3 hepde yzly-yzyna gitmeyan dinden cykar diyilipdir...
-
nashyja
14 years ago
- ey dostlar mena shony eshidemogow,yone plan diyjek dal,sorap goraymesem..
-
owreniji
14 years ago
- Şu soraglaryň jogaby
http://www.ylmyhal.narod.ru/
Namaz bölümi bardyr:
http://www.ylmyhal.narod.ru/htm/0313.htm
Şol ýerde şeýle ýazylýar:
Namaz
Namaz yslamyň imandan soňky iň möhüm emridir.
Namaz diniň sütüni we musulmanlygyň binýat daşydyr, (Tirmizi).
Namaz imanyň alamatlaryndandyr.
Namaz ähli ybadatlaryň mazmunydyr.
Namaz – gul bilen Allahyň arasyndaky iň ýokary ýakynlyk, iň belent gatnaşyk we arassa hyzmatdyr.
Namaz – Allahyň gudratyna göz ýetiren, beýikliginiň öňünde akyly haýran bolan ynsanyň, bu hormatyny we haýran galmagyny iň mynasyp söz we hereketler bilen amal etmegidir.
Namaz – guluň günde bäş gezek Ýaradanyň huzuryna çykmagy, Onuň diwanynda durmagy diýmekdir. Ynsan bu beýik diwanda ähli mätäçligini we dileglerini hiç hili araçysyz, göni Allaha arz edýär, Oňa sygynýar, diňe Ondan ýardam dileýär. Şeýlelik bilen, Pygamberimiziň magrajda Allah bilen cöhbetini musulman her namazynda simwoliki ýaşaýar. Bu syra yşarat edip, Pygamberimiz: «Namaz mü’miniň magrajydyr» diýipdir.
Namaz mahlukatyň ähli ybadat görnüşlerini özünde jemleýär. Kurany Kerimde beýan edilişine görä, ähli mahlukat Allah Tagalany hemişe zikir we tesbih edýändir.
«Allahy zikir, tesbih we Oňa ybadat etmeýän hiç bir zat ýokdur. Emma siz olaryň bu tesbih we ybadatlaryna düşünmersiňiz», (Isra, 44).
Dik ösüp oturan agaçlar kyýamda durana, dört aýakly haýwanlar ruku’da, süýreniji haýwanlar bolsa sejde edýäne meňzeýär. Allaha ybadat etmegiň bu görnüşleriniň hemmesi namazda jemlenýändir.
Melekler hem, ähli janly-jandarlar ýaly, hersi bir görnüşde Allaha ybadat edýändir. Olaryň bir topary kyýamda, bir topary ruku’da, bir topary sejdede Allaha ybadat edýändir. Iň kämil nusgada ýaradylan ynsan bolsa, melekleriň we janly-jandarlaryň ybadat ediş görnüşleriniň ählisini özünde jemläp, Allaha gulluk edýär.
Namaz Allahyň ägirt şanyny we soňsuz gudratyny beýgeldýän iň ajaýyp şekil we sözlerden durýandyr.
Namazda tekbir, towhyd, tesbih, methu-sena, hamd, şükür, hormat, tewazug, tazarru’, nyýaz, ähli mü’minlere haýry-doga we Pygamberimize salatu-selam jemlenendir.
Kuran okamak hem bir ybadatdyr. Namazda-da az hem bolsa Kuran okalýar.
Mü’min mumsulmanlaryň biri-biri bilen salamlaşmagy hem aýratyn bir ybadatdyr. Namazyň hem soňunda salam bardyr.
Yslama görä, tefekkür hem uly ybadatlardan biridir. Mü’minler jemagat bolup okalan namazlarda Allahyň soňsuz gudraty we azamaty barada oýlanmaga mümkinçilik tapýarlar.
Iýip-içmegä rugsat berilmeýändigi üçin namazda oraza hem bardyr.
Namazyň zekat we haj bilen hem baglanyşygy bardyr. Çünki, namaz bedeniň we ömrüň zekatydyr. Namazyň kybla bakyp okalmagy hem haj ybadatyna yşaratdyr.
Görşümiz ýaly, namaz ähli bedeni ybadatlary öz içine alyp, hemmesiniň özeni we mazmunydyr.
Namaz okamagyň hökümi
Namaz yslamdan öňki dinlerde hem emr edilipdir. Namaz hijretden 18 aý ozal, magraj gijesinde, bäş wagt görnüşinde farz buýrulýar. Magrajdan öň hem Resulullah (a.s.) we mü’minler namaz okapdyr. Ýöne olar namazy iki wagtyna – ertirine we agşamyna okapdyrlar. Şeýle hem, namaz okamak olar üçin farz däl-de mendupdy.
Namaz – Kuran, hadys we ijmag bilen anyk kesgitlenen farzdyr. Ol akyly ýerindäki, kämillik ýaşyna ýeten her bir musulman üçin berjaý edilmeli iň belent wezipedir. Dinimizde ýedi ýaşyna ýeten çagalara namaz emr edilip höweslendirilýär. On ýaşyna ýetende ol çaga namazyny okamasa, okamagy talap edilýär. Bu barada Pygamberimiz şeýle aýdýar: «Çagalaryňyzy ýedi ýaşyna ýetende namaz okamaga höweslendiriň, on ýaşyna ýetende okamasa, okamagy talap ediň...», (Ebu Dawud, Ahmet b. Hanbel). Bu möhüm farz ybadatyny amal edenler Allah Tagalanyň ençeme lutuf we inaýetine ýeterler.
Namazyň farzdygyny inkär etmek, mü’mini dinden çykarýar, emma farzdygyny inkär etmän, diňe ýaltalyk sebäpli bu ybadaty amal etmeýänler ruhy taýdan uly ýitgä we zyýana galýarlar. Namaz okamazlyk dünýä we ahyret azabyna sebäpdir. Ahyret azaby barada Allah Tagala Kurany Kerimde şeýle buýurýar:
«Olar günäkärlerden sorarlar: «Sizi «Sakar» jähennemine tarap süýreýän nämedir?» Günäkärler şeýle jogap bererler: «Biz namaz okanlardan däldik», (Müddesir, 40-43).
Pygamberimiz bolsa hadysy şeriflerinde şeýle aýdýar:
«Kim ikindi namazyny terk etse, amaly biderek bolar», (Buhary, Nesaýy).
«Kim äsgermän üç ýola yz-yzyna juma namazyny terk etse, Allah Tagala onuň ýüregini möhürlär», (Nesaýy, Tirmizi, Ibni Maje).
Unudyp, ýa-da uklap galandygy sebäpli namazyny okamadyk kişi soň kazasyny okamalydyr. Hadysy şerifde:
«Kim unudyp, ýa-da uklap namazyny geçirse, ýadyna düşende derrew okasyn (kaza etsin)», (Ebu Dawud, Ibni Maje, Nesaýy) diýilýär.
Kurany Kerimiň ençeme aýatynda mü’minleriň namaz okamagyna emr edilýär. «Namazyň wagtynyň kesgitlenip, mü’minlere farz edilendigi şübhesizdir», (Nisa, 103).
Hadysy şerifde:
«Allah Tagala musulman aýal-erkeklere, ähli kişä günde bäş wagt namazy farz edendir» diýilýär. Ibni Omardan rowaýat edilýän başga bir hadysda bolsa, Pygamberimiz şeýle buýurýar:
«Yslam bäş zadyň üstünde bina edilendir. Olar:
Allahdan başga ilahyň ýokdugyna we Muhammediň Allahyň ilçisidigine şahadat etmek,
Namaz okamak,
Remezan aýy oraza tutmak,
Zekat bermek we
Haj ybadatyny berjaý etmekdir», (Buhari, Müslim).
Namazyň peýdalary
Namazyň ynsana dünýewi-uhrewi, maddy-ruhy birgiden peýdasy bardyr.
1. Günde bäş wagtyna namaz okaýan ynsan hemişe Allahy ýatlaýar, özüni elmydam Onuň huzurynda ýaly duýar. Bu bolsa ol ynsanyň akylyna erbet düşünjeleriň gelmegine pursat bermeýär. Aslynda dünýädäki ähli erbetlikleriň gözbaşy Allahy unutmak we ýürekde Allah gorkusynyň bolmazlygydyr.
Ýüreginde Allahdan gorkusy bolmadyk we Allahy unudan öz nebsini, keýpi-sapany, bähbidini araýan tekepbir ynsandyr. Ol hak-hukugy, adalaty äsgermeýär. Şeýle adamlara ne kanun, ne polisiýa, ne-de sud täsir edip biler. Ol pursatyny tapsa, haram-halal diýmän ham-hyýalyny amal etmäge çalşar.
Ine, şonuň üçin Allah Tagala ynsan oglunyň kalbyna bir garawul goýupdyr. Ol garawul bolsa, hemişe Allahy ýatladýan, we Ondan howatyrlandyrýan namazdyr. Namazly kişi akylyny, gözüni, gulagyny, elini, aýagyny..., ähli agzalaryny erbetliklerden saklar. Başganyň malyna, janyna, namysyna göz gyzdyrmaz. Namazyň bu aýratynlygy Kurany Kerimde şeýle beýan edilýär:
«Namaz oka. Çünki, namaz ynsany fahşadan (zyna ýaly uly günälerden) we münkerden (her hili gabahat we bet işlerden) saklar. (Ankebut, 45)
Pygamberimiz hem bu barada hadysy şerifinde:
– Biriňiziň gapyňyzyň öňünden bir derýa akyp ýatsa we her gün bäş gezek şol derýada ýuwnan ynsanda, heý, kir-hapa galarmy?– diýip sorady.
Sahaba:
– Ýok galmaz – diýip, jogap berdi.
Bu jogapdan soň, Resulullah:
– Bäş wat namaz hem şonuň ýalydyr. Suwuň kiri ýuwup aýryşy ýaly, namaz hem günäni ýuwar – diýip, namazyň ähmiýetini nygtaýar, (Buhary, Müslim, Tirmizi, Nesaýy).
2. Namaz mü’miniň gündelik durmuşyny tertibe salýar. Musulman gündelik işlerini namaz wagtlarynyň arasynda berjaý edýär. Tertip-düzgünli işlemek ynsany durmuşda başarnykly, rahat ýaşadýar.
3. Namaz ynsanyň nebse erk etmegi, hasap bermek we öz-özüňe gözegçilik etmek ukybyny artdyrýar. Şeýlelikde, Ýaradanyň huzuryna çykjakdygyna ynanýan musulman eden işlerinde hata goýbermezlige yhlas edýär.
4. Allah Tagala bäş wagt namaz okaýan kişini jennete saljakdygyna wada berýär. Emma ynsan okan namazyny diňe Ýaradanyň ryzasy üçin, edep-ekramyna laýyklykda amal etmelidir. Bu barada Ubade b. Samitiň gürrüň beren hadysynda şeýle diýilýär:
«Gullaryna farz eden bäş wagt namazynyň ähmiýetini peseltmän, nogsansyz berjaý eden kişini Allah Tagala jennete saljakdygyna söz beripdir. Emma namazyny okamaýanlar üçin, şeýle wada ýokdur. Islese azap eder, islese bagyşlar», (Ebu Dawud, Nesaýy, Ibni Maje).
Mundan: «Namaz okamaýan asla jennete girmez» diýen manyny çykarmak dogry däldir. Allah islese, guluny razy bolan bir ýagşy işinden, ýa-da yslama eden hyzmaty sebäpli ähli günälerini, ybadat borçlaryny bagyşlap, jennete salyp biler. Bu Onuň lutuf we merhemetine degişli bir aýratynlyk, emma Hak Tagala namaz ybadatyny many-mazmunyna laýyklykda nogsansyz, doly amal eden kişini jennete saljakdygyny wada berýär. Bu barada Ebu Hureýreden gürrüň berilýän hadysda şeýle aýdylýar:
«Kyýamat gününde guldan ilkinji soraljak hasap – farz namazydyr. Eger bu namazy doly amal eden bolsa, örän ýagşy. Tersine bolan ýagdaýynda şeýle aýdylar: «Görüň, munuň okan nafile namazy barmy? Eger nafile namazy bar bolsa, farzdaky ýetmezçiligini şolar bilen dolduryň. Soňra beýleki farz amallary üçin hem şunuň ýaly höküm berler», (Tirmizi, Ebu Dawud, Nesaýy).
Şonuň üçin farz, wajyp ýa-da sünnet diýip tapawut goýman ybadatlary doly amal etmek mü’miniň esasy maksady bolmalydyr. Çünki, ybadat – dünýewi rahatlygyň, ruhy bagtyň çeşmesi bolşy ýaly, ahyret üçin hem iň uly taýýarlykdyr.
5. Namazyň dünýewi we uhrewi iň möhüm peýdalaryndan biri-de namaz okaýan kişiniň ýagşy niýet bilen eden amallarynyň ybadat hökmüne geçmegidir.
Ynsanyň namazyny okap, Allahyň hakyny doly berjaý edip, eklenjini halal ýerden gazanmak niýeti bilen bitirýän işleri, görkezýän gaýraty, ahyret nukdaýnazaryndan, boş we peýdasyz iş bolmaz. Olaryň hemmesi ybadat hökmüne geçer. Şeýlelikde, ynsanyň ähli ömri ybadata öwrüler. Onuň gaýraty we zähmeti Allahyň dergähinde asla riýa bolmaz.
Eger-de şol kişiniň eklenç üçin eden işi halka peýdaly iş bolsa, şol işden peýda görýän adamlaryň sanyça-da sogap gazanar. Şu bähbitleri gazanmagyň ýeke-täk hökmany şerti – farz namazyny okamakdyr.
Namazy terk etmegiň zyýany
Namazyny okamaýan adam ýokarda agzalan peýda we bähbitleri ýitirmekden başga-da, dünýäde we ahyretde uly zyýana galýar. Şol sebäpli, aň-düşünjeli dindarlar namazlaryny mümkingadar nogsansyz berjaý etmäge çalyşýarlar. Eger-de, geçiren namazlary bar bolsa, gijikdirmän kazasyny okamaga, şeýlelik bilen namaz borjundan halas bolup, Allahyň huzuruna çykmaga taýýar bolýarlar.
«Tembihul gafilin» atly kitapda namaz okamazlygyň zyýanlaryny beýan etmek babatda şeýle bir tymsal getirilýär:
«Hapysa, şerraý bir adam bir gün şeýtan bilen duşuşyp oňa şeýle diýýär:
– Eý, Iblis, meniň hem saňa meňzäsim gelýär, şonuň üçin näme edeýin?
Muňa haýran galan Iblis şu jogaby berýär:
– Geň zat, şu wagta çenli maňa imrinip, maňa meňzäsi gelen ynsana duşmadym. Eger hakykatdanam maňa meňzemegi ýüregiňe düwen bolsaň, onda iki zady terk et. Bular seniň iblis bolmagyň üçin ýeterlikdir. Olaryň biri namaz, beýlekisi bolsa, ygrarlylyk».
Ýene şeýle bir rowaýat aýdylýar:
«Köçede aýlanyp ýören perişdeler bilen şeýtanlar bir jaýyň gapysyna ýetenlerinde özara jedel edýärler. Melekler:
– Bu öýe biz girmeli, şeýtanlaryň bärde işi ýok! Şeýtanlar bolsa:
– Bu öýe biz girmeli, melekleriň bärde işi ýok – diýişýärler. Jedel dowam edip durka, azan okalyp başlanýar. Jedel gutarýar. Şeýtanlar umydyny üzüp, öýe melekler girýär. Namaz okalmaýan öýe bolsa, şeýtanlar çapak çarpyp girenlerinde, melekler umytdan düşüp, ol öýden daşlaşýarlar.
Şonuň üçin, köneler aýdypdyrlar: «Namaz okalmaýan öý, şeýtanyň mesgeni, namaz okalýan öý bolsa melekleriň mekanydyr».
Emma, şonda-da käbir musulmanlaryň dürli bahanalar bilen maddy we ruhy, dünýewi we uhrewi bir giden peýda berýän namaz ýaly beýik bir ybadatdan, külli haýyrdan daş durup, biagyrlyk edýändiklerini görýäris.
Olaryň öňe sürýän esasy bahanalary şulardyr:
1. Namazy diňe garranyňdan soň okalmaly borç hasaplamak, ýaşlyk – dünýä işlerine bagyşlanýan, garrylyk bolsa ahyrete ýönelinýän wagtdyr diýen düşünje.
Bu düşünje – ynsany namaz okamakdan daşlaşdyrýan iň giň ýaýran düşünjedir. Ýöne bu düýbünden ýalňyşdyr. Çünki, namaz kämillik ýaşyna ýeten her bir ynsanyň ölinçä boýnunda durýan farz ybadatydyr. Bu farzyň ýaşlyk ýa-da garrylyk bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. Her okalmadyk namaz guluň boýnunda borç bolup galýar. Ahyretde azaba duçar bolmazlyk üçin, ölmeziňden ozal bu borçdan gutulmak, geçirilen namazlaryň kazasyny okamak şertdir.
Ýaşlygynda namaz okaman, garranyňdansoň okamaga başlan biriniň birgiden namaz borjunyň boljakdygy köre hasadyr. Garry halyna bu borçlarynyň kazasyny doly okap biljegi bolsa şübhelidir. Ynsan geçiren namazlarynyň kazasyny okaýanda-da borçdan doly saplanmaz. Namazyny wagtynda okamandygynyň jogapkärçiligini ýüreginde göterer. Diýmek, garranyňdansoň namaza başlamak düşünjesi – nebsiň oýnundan, şeýtanyň hilesinden başga zat däldir. Şeýle hem, ynsanyň garrylyk ýaşyna ýetip-etmejegi barada hiç hili güwäligi ýokdur. Islendik wagt ölüm gapyňy kakyp biler. Ynsanyň ertire çykjagyna-da anyk kepilnamasy ýokdur. Hatda ýaşlykda okalan namaz bilen garranyňdansoň okalan namaz hem hiç wagt deň bolmaz. Ynsanyň ähli hyjuw we duýgulary bilen dünýä baglanýan ýaşlyk ýyllarynda nebsi bilen göreşip eden ybadatlary Allahyň dergähinde, elbetde, has gymmatlydyr. Garry halynda bolsa ynsanyň dünýä meýli peselýär, ölümini has ýakyn duýup başlaýar, islemese-de ybadata meýli artýar. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle buýurýar:
«Iň haýyrly ýaş ýigit garry kimin ölümi barada oýlanyp, ahyreti üçin işleýän, ýaşlyk hyjuwynyň we joşgunynyň ýesirligine düşmeýän, gaflatda gark bolmaýan ýigitdir».
Diýmek, ýaşlar hem edil garrylar ýaly, ahyret barada aladalanyp, namaz we beýleki ybadatlaryny nogsansyz berjaý etmelidir.
2. «Eklenç aladasy, dünýewi işleriniň köplügi sebäpli namaza wagt tapyp bilmeýän» diýen düşünje
Bäş wagt namaz, taharet kylmak bilen birlikde jemi bir sagat wagtymyzy alýar. Allah Tagalanyň bir gije-gündizde bize beren 24 sagadyndan bir sagadyny dünýä, hem ahyretimiziň sagadatyna wesile boljak namazyň edasyna harçlamajak bolmak, hiç bir mantyga, akyla sygmaz. Iň biderek, boş işlere wagt tapýarkak, namaza gezek gelende, wagtyň ýokdugyndan zeýrenmek, diňe nebsiň we şeýtanyň aldawyna gitmekden başga zat däldir.
3. «Günde bäş wagtyna namaz okamagyň yzy gutarmansoň, ynsany ýadadyp irizer» diýen düşünje
Bu düşünje hem ýalta nebsiň bahanasydyr. Çünki, her gün iýip-içýän ynsan bularyň gaýtalanyp durmagyndan bizar bolmaýar. Gaýta ondan lezzet alýar. Edil şonuň ýaly-da, ruhuň azygy, kalbyň aby-haýýaty bolan namazyň gaýtalanmagyndan: ruhy ölmedik, kalby sönmedik ynsanyň irmegi, ýadamagy mümkin däldir.
Şeýtanyň ýürege salýan şeýle ýaramaz hileleri köplenç namaza ýaňy başlaýan adamlarda duş gelýär. Namazyny dowam etdirip, onuň magnewi feýz we bereketine ýetenler şeýle bahanalaryň gurbany bolmaýar.
Bu pikir we düşünjeler hiç bir esassyz, diňe nebsiň ýaltalygyndan, şeýtanyň was-waslaryndan döreýän bahanalardyr. Ynsan bu bahanalary ýeňmek üçin nebsi we şeýtan bilen hemişe göreşmelidir. Ýogsa, suw ýaly akyp gidýän ömür sermaýasy, şemal ýaly geçip gidýän ýaşaýyş nygmaty, synagdan geçip bilmezlik we zyýana galmak bilen jemlener.
-
tusse
14 years ago
- öwreniji dost çözüpsünay. daş :))))
-
hasrat
14 years ago
- Kööp köp sag bol öwreniji... Kömegin b/n kellä bir zatlar girdi...
-
fistik
14 years ago
- salm hemmanize.namaz hakda movzuk açypsynyz sagbolun.men size şeyle zat sorasm gelya.
mesele.men ön dine ertir namazny okayadm çünki sonra okuvda bolyadm.ol yerde hem okap bilemokdym.ve sonra biri mana sen dine ertir namaz okayan ve bu bolmaz namaz okajak bolsan 5 vagty hem okamaly.dine ertir okanyn bilen bolmayr didi.menem bilyan 5 vagt okasn elvetde govy.yöne dine ertir okap bilyadm.ve men bunun üçin namaz okaman başladym .şimdi siden sorayan dine ertir namaz okasm bolmazmy.5 vagt oksm gelya yöne bolonok.
-
Laplandiya
14 years ago
- fistik seret,aaslynda namaz kyyn dal,ertir namazy bilyan bolsan beylekilerem kyyn dal,dine eglim galymynda uytgeshme bar olam 4 we 2 rekaat,eger okajak adam yureginde bar bolsa cholde ya uzak yola baryan adam yolda sowulybam okar,okuw yene biz yalaklara bahana,
indi shu yerde soran kishin dogryragam bellapdir,alla tagala berende bir ayak berip beylekini goymaya,her zady wagtynda we yerliginde beryar,onsona huday un okamyzok namazy ozumiz un dowzah odundan dashlashmak un,yone bolmanda shol ertirinem bolsa oka. 5 wagt okap bilsen ol gaty gowy
-
fistik
14 years ago
- elvetde 5 vagt okasn govy.
-
hasrat
14 years ago
- Dogrudanam hemme zady bahana edyaslay. Islan adam zyndanda bolsada okarla
-
Laplandiya
14 years ago
- men bir kino gorupdim,my name is khan diyip sho yerde kafe de otyrka namaz wagty bolya weli chykyp boshlugyrak yere gechip sho yerde okaya ozem amerikada,her kim gen galyp seredyaler suratada alyalar,kino da bolsa netije chykarsan nirde bolsanam okap bolya,bu wagt dagy gaty uly mumkinchilikler bar,ony okuw ish bn bahana etmeli dal,dine ozumizi bahana etmeli..
-
fistik
14 years ago
- sizn aydanyza goşulyan.men namazn hemme zadn bilyanem şondada okamokda.gynanyan
-
hasrat
14 years ago
- Adamogly seniñ yüregiñ dardyr,
Aylanyp dolanyp kylgyl namazy,
Bu dünyä saylanan bir gury hardyr,
Aylanyp dolanyp kylgyl namazy
Namazyn okagyn göyä pir kimin,
Aylanyp dolan$yñ algyr $ir kimin,
Ýalançynyñ maly öter sil kimin,
Aylanyp dolanyp kylgyl namazy
Bu dünýäniñ zowky iýmedir içme
Okagyn namazy 5 wagtdan geçme...
Ýalançy 5 gündir öterin bilgin
Aylanyp dolanyp kylgyl namazy...
MAGTYMGULY
-
owreniji
14 years ago
- Magtymguly
OKA NAMAZY
Adam ogly senin yüregin dardyr,
Aylanyp, dolanyp oka namazy.
Bu Dünye gurulan bir gury yerdir,
Ol Dünyanem yatlap oka namazy.
Haram nebsin üçin şeytan dost bolar
Ymmatyn ayirip ters yola salar,
Bu yaşanyn bes diyip Ezrayil geler,
Ezrayilam yatlap oka namazy.
Gezelin dünyani misli şir kimin
Okalyn namazy misli pir kimin
Bu dünyanin maly geçer sil kimin
İn bolmanda ertir oka namazy.
Minnetli okasan bizardyr Huday,
Yetimi aglatsan bolar sen geday.
Magtymguly koneje donun gey-de,
Gaytalap-gaytalap oka namazy.
-
arapreyhan
14 years ago
- Magtymguly -
Öýler görer sen -
Panydan bakyýa barmaly bolsañ,
Tüýnüksiz, gapysyz öýler görer sen.
Namaz kylmaý, bigam ýatmaly bolsañ,
Tamug-dowzah atly jaýlar görer sen.
Özüñe dost bilme pany dünýäni,
Ýalançyda gazanmagyn günäni,
Baş atyp, göz gypyp, etme zynany,
Gabyr içinde çagyr, waylar görer sen.
Namaz bile bäş işiñi jaý etgin,
Toprak bile öz köñlüñi taý etgin,
Muhammet zamundyr, iunda waý etgin,
Azhdarha, mar atly möýler görer sen.
Terk eylemäwergin bäş wagt namazyñ,
Gör içinde egsik bolmaz owazyñ,
Gyşyñ eda bolup, tükenmez yazyñ
Aby-köwser atly suwlar görer sen.
Ol iki çeşmiñi gözüñden akdyr,
Ýoldaşyñ imandyr, ýaradan hakdyr,
Menziller yrakdyr, ýollar uzakdyr,
Ýaşmaz günler, batmaz aýlar görer sen.
Bir gün zaýa eýlär asman, zemini,
Derýalar gark eder suwda gämini,
Iller, beýan etsek ýedi tamugny,
Içinde zekatsyz baýlar görer sen.
Säher turup, tiliñ senalar sana,
Açlara nan berip, ýalañaç – dona,
Rahym ýoldaş etse seni imana,
Behişdiñ içinde toýlar görer sen.
Asly käri gazanyñda, aşyñda,
Perişteler oýluşarlar daşyñda,
Hüýri gyzlar gelip durmuş gaşyñda,
Lagly-jöwahyrdan şaýlar görer sen.
Bende, Magtymguly, çagyr Allany,
Azazyl şeýtana berme pelläni,
Nesip etse jennet içre hülläni,
Münseñ, Byrag atly taýlar görer sen
-
prikolgeldi
14 years ago
- öwrenji azrak yazybermeli ekeninda, gaytam şeyle iç gysgynç zat bilen dinden gaçyryan adamlary, mena uklap galdym okap başlandan
-
kaprizdal
14 years ago
- yokarkyny doly okan barmyka
-
leon
14 years ago
- 1. namaz okamayan kapyr bolarmy: sünnilikde 4 sany hak mezhep (yol) bar. bular hanefi (esaslandyran ymam ebu hanife), şafi (ymam şafi), maliki (ymam malik) we hanbeli (ymam ahmet bin hanbel). men özüm hanefi, türkmenistanda yaşayan rayatlarymyzyn köpüsem yalnyşmayan bolsam hanefi bolmaly. hanefi mezhebine göra, bir musulman 5 wagt namazyny okamasa kapyr bolmaz, yöne allatagala indinde 'uly günali' (fasyk) bolar. şon üçinem başardygymyzdan namazymyzy okajak bolalyn (men özüme-de degişli!)
2. juma namazyna 3 gezek yzly-yzyna gitmedik bir erkek adam dinden çykar diyilse, bu öte geçildigi bolar. yöne şol adamyn yaradan indinde günali (günakar) boljagy welin ikuçsyz.
3. fistik, men sana maslahadym, şu wagt dine ertir namazyny okamaga mümkinçiligin bar bolsa, onda dowam et okamaga. wagty gelende nesip bolsa 5 wagt okamaga-da başlarsyn. men pikirimçe, namaz ya-da beyleki dini ybadatlar 'mts pakedi' yaly bir zat dal, güyjümiz yetdiginden we başardygymyzdan haydabermeli :) her name etsegem ilki b/n özümiz üçin edyas-a, şeyle dalmi?!
-
hasrat
14 years ago
- kaprizdal, yokarkyny okana bar.
jogaplaryngyz u/n minnetdar...
-
fistik
14 years ago
- sagbol leon.dogru aytyan.
-
cool88
14 years ago
- ine 6unyaly zatlary koprak yazynow,gowy eken,molodec,
-
cool88
14 years ago
- ine 6unyaly zatlary koprak yazynow,gowy eken,molodec,
-
gaplan
14 years ago
- Owreniji berekella!
-
kaprizdal
14 years ago
kaprizdal, yokarkyny okana bar.
.hasrat mana ters dushunme,men bulary yany okadym govy zatlar bar eken,ve netije chykardym
jogaplaryngyz u/n minnetdar..
-
Mumin
14 years ago
- http://www.facebook.com/video/video.php?v=333800459361
shuna girip wideo seredin, belki jogaplaryny taparsynyz. Alla yardamjynyz bolsun
-
owreniji
14 years ago
- saol
-
Iman
13 years ago
- Owrenji sen berekella saña dua edyarin adyn kimem bolsa geljekde islamyñ adyndan dillerde dessan bolmagyny Alladan dileýan(amin).men okap imanyma güç berdiñ seýle zatlar yazyp dur bormy.
-
Iman
13 years ago
- MUHAMMED(s.a.w.)sahabalary sahabalary sorapdyrlar:"Ya Resulullah biz geljekde kapyrlar bilen musulmanlañ tapawudunu nadip bilmeli? Onda Söygili Pygamberimiz $eyle jagap beripdir:" Olaryñ tapawudy 5 wagt namazdyr."
-
Jereen
13 years ago
- hawa namazyny okamayan adam kapyr derejesinde bolyar.. ESTAFURALLAH. Hakyky musulman namazly musulman. Dogry aydyanyz. Owrenji masallah! gowy hem hakyky zatlary yazdynyz. Aslynda bir wagtyna okalyan namaz, dine namazyn dogalaryny, hereketini owrenmek ucin okalyp baslanyar.. Sonundan hokman 5 wagtyna gecmek niyeti bilen okamak rugsat berilyar.. Hereketlerini bilyan bolsanyz, dogalaryny bilyan bolsanyz onda gijikdirman namaza baslan. Alla kabul etsin. Ensalla.
-
bmw525
13 years ago
- ilki kafyr diymek name shuny owreninhow. Bolmasada kafyr diyen tema bar shony okap gorun.
-
unversal
13 years ago
- imanyn 5 serti bar namazam son biri. Onsan namaz okamasan nadip imanly boljak. Men yuregim pak yone namaz okamok diyilya. Yuregin pak bolsa namaz okardyn.
-
bmw525
13 years ago
- yurek pakligi namaz bilen anyklanmayarmyka diyyan, m.u. bir namazly oglan bar. Yone gorup, bahyl, yuregi gara, ozem adamlar bilen normal gepleshmani basharanok, karochi godekda, onsan bolyamy shol ayt hany.
-
nauk
13 years ago
- namazy imanyn bl allan razylygny gazanmak ucin okasan bolmaz bmw il ucin okasan hemme zadam bolar. Men niyetim arassa diyip namaz okamasan olam bolmaya namazy sen o dunyan ucin okayan
-
Leylisa
13 years ago
- Wah namaz okasan bashga dunyade keyp gerekdal,menem bir uly guna gazandym, on men namaz okayadym yone okuw uchin ilki agshamkyny tashladym son gündüz ay garaz sheydip tashladymda indi okojak bolyanda shu hemme zady bilyan welin,ondada okap bashlayan welin azany okap gutaryanam yzy yadyma gelenokda 2yyl bari sheydip kosenyan.yok namaz okamasan kapyr bolonok
-
bmw525
13 years ago
- tabi
-
nauk
13 years ago
- gunasin almayyn. Gowam bolonok. Okamasan musulman bolyan bolsan kurany kerimde yazylardy. Ozumize gowunlik bermek bolya o pikirler. Leyli dogan hany cynyn bl yapysh bolmazmyka pikirin bl okajak bolmaly dal yuregin bl okajak bolmaly
-
Jereen
13 years ago
- dogry aydyanyz nauk!
-
Jereen
13 years ago
- dogry aydyanyz nauk!
hasrat 14 years ago- shular yaly bir zat eshdipdim welin aklyma gelse birhili bolup gidyanay