JEMŞIT PATYŞA
Tahmuresiň ogly...
Fidewsiniň ''Şanama'' eserinde duş gelýän gadymy Pişdadylar dinastiýasynyň dördünji patyşasy (edebiýatda gysgaldylyp Jem şeklinde hem ulanylýar). Jemşit eýran mifologiýasynyň iň gadymy we iň esasy obrazlaryndan biridir. Ol ilkinji gezek demirden uruş ýaraglaryny ýasamaklygy adamlara öwredipdir, şeýle hem gämi ýasamaklygy-da, göýä, şol adamlara öwredenmiş. Jemşit bir tagt ýasap, şoňa çykyp oturýar, şol güni bolsa ''Nowruz'' diýip atlandyrýarlar we şonuň şanyna baýram edýärler. Jemşit adalatly patyşa bolýar, 300 ýyl patyşalyk edýär. Emma soňabaka ulumsylyk edip, özüni hudaý - dünýäniň eýesi diýip bilýär. Netijede halkyň goldamagy bilen Zahhak ony tagtdan düşürýär. Jemşit halkyň goldamagy bilen Zahhak ony tagtdan düşürýär. Jemşit gaçýar we ýüz ýyllap gizlinlikde ýaşaýar. Bir gezek ol Hytaý deňziniň kenarynda peýda bolýar. Şonda Zahhak ony görüp tutýar we byçgy bilen iki kesip öldürýär. Mifologiýa görä, göýä Jemşidiň bir ajaýyp Jamy bolupdyr, şol jamyň içinde göýä dünýäniň hemme ýeri görnüp duranmyşyn.
Jemşit patyşa
-
Khanture
3 years ago
- @aynura şony aýt olar ýaly zatlara gyzyklananok bu agzalaryň köpüsi. uruş dawa diýseň bolany käbirine. şular ýaly blog okap bir zat öwrense özlerine peýda ahyryn.
-
soho
3 years ago
- gyzykly maglumat
aynura 3 years ago- name ucin sheyle tema az okalya we teswirsiz galya