Belki ýaşajaksyň, belki öljeksiň,
Belki aglajaksyň, belki güljeksiň,
Belki güllejeksiň, belki soljaksyň,
Ertir näme boljagyn, nirden biljeksiň?!

Adama keşbinden bermegin baha,
Seretgin ýüregniň gözelligine.
Ýapragam gurasa boş galar şaha,
Aldanmagyn ilki onuň terligine.

Bilip bolmaz öňde näme barlygyn,
Ýaşamasaň bu dünýäni wagtynda.
Geçip bolmaz öz ýazgydyň deňinden,
Görersiň sen, näme bolsa bagtyňda.

Şonuň üçin howlukmada ýaşaber,
Ýaşadykça ähli zatlar düzeler.
Barýan ýoluň birden egri bolaýsa,
Yhlas etseň egri ýoluň göneler.

Şuwagt kösenç görseň bakydyr öýtme,
Bilseň ähli zatlar gelip-geçiji.
Ölüm ýakynlanny birden duýsaňda,
Eden arzuwlarňy bolma ýykyjy.

Saklanmagyn maksadyňa ýetmekden,
Tupan gelse gül çekinmez bitmekden,
Hiç kim gorkmaz Everest-e çykmakdan,
Öňde ne boljagyn nirden biljeksiň?!

Ynha, görseň birden ömrüňem soňlar,
Ölüm silkäp tutar, goluňdan towlar,
Onsoň seni kim medetlär, kim goldar,
Şol wagt gelse kimden peýda görjeksiň?!

Rahymberdi
Suhanow

Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir