ADAMDAN ÖŇ

Hawa...
Ýalňyş okamadyňyz...
Adamdan öň nämeler bolup geçdi ýer ýüzünde? Ine şu pikirler bilen eýsem diňe men gyzyklanamok. Siziňem kelläňizde şolar ýaly soraglar kök urýandyr.
Jek Londonyň ''Adamdan öň'' eserini okap gördüňizmi? Şonda awtor Paýhasly adamlardan öň ilkidurmuş obşina döwrürlerinde bolup geçen zatlary eseriň üsti bilen beýan edýär. Göýä awtoryň özi Ilkidurmuş obşinasynda önüp-ösýär we gören-eşiden zatlaryny ýatlaýar...
Hakykatdanam Adamzatdan öň nämeler bolup geçdikä? Adamdan öň haýsy janly-jemende ýaşap geçdi bu goja zeminde?
Şu soragy soraýaň welin ylmy kitaplaryň käbiri Çarlz Darwinizmiň ewolýusiýasyny ýaňzydyp: Adamdan öň ''Maýmyn'' bolupdyr we maýmyndan adam emele gelipdir'' diýýär. Käbir ylmy kitaplar bolsa delilleri bilen bu teoriýalary çüýredýär...
Ine şu soraglar bilen gyzyklanýan döwürlerimde täze maglumatlar öz-özünden yş berip başlady.
Hawa bu maglumatlar Magtymgulynyň bir goşgusynda yzygider görnüşde geň galdyryjylyk bilen beýan edilýär:

''Elli müň ýyldan soň döw gelip doldy, 
Hiçe ýyllap Hakyň hyzmatyn kyldy, 
Kap dagynyň aňyrsynda döw galdy, 
Gädiginden ýaman ary gitmezmiş. 

Elli müň ýyldan soň ýylky geldiler, 
Olar niçe ýyllap şonda boldular, 
Ol ýylkynyň müddet güni doldular, 
Her ýylkynyň ahy-zary gitmezmiş. 

Ol ýylky şalaryna bökelek geldi, 
Niçe ýyllap Hakyň hyzmatyn kyldy, 
Resulnyň nurundan ýer-gögi saldy, 
Ýer-gögüň melaýyk-hüýri gitmezmiş. 

Elli müň ýyldan soň Benijan ötdi, 
Adam ata kyrk ýyl palçykda ýatdy...''
/Magtymguly. ''Zory gitmezmiş''/
- Ine Magtymguly Pyragynyň beýleki goşgularynda kän bir gabat gelmeýän ezoterik maglumatlar öz-özünden peýda bolýar duruberýär. Yzly-yzyna ençeme mahluklaryň, döwleriň, ýylkylaryň, bökelegiň, benijanyň we ş.m. mahluklaryň Ýere gelendigini Magtymguly eýsem haýsy çeşmä salgylanyp aýtdyka? Onuň käbir goşgusynda diňe Benijanyň Adamdan öň ýaşap, soňra bolsa ýok edilendigi setirlere salynýar. Emma Döw bilen Benijandan beýleki ''Ýylky'' we ''bökelek'' asla agzalmaýar...
Eýsem şol setire salynan söz hakykatdanam ''Ýylkymy'' ýa ''Bökelekmi''? Ýylky bilşiňiz ýaly türkmençe ''At, ýaby'', ''Bökelek'' bolsa siňegiň bir tip görnüşine berilen atdyr. Ýa bu ýerde göçürijiniň ýalňyşlygy barmyka??? Bu mesele bolsa Magtymgulyşynasçylara degişli! Adamdan öň başga bir adam nesliniň hem ýaşap geçendigi hakdaky maglumatlary üns bilen diňlän:
Sözümiň ahyrynda bolsa şeýle geň rowaýaty gürrüň berip makalany tamamlamakçy...
Orta Asyrlarda ýaşap geçen Ibn Araby bilen baglanyşykly şeýleräk waka bolup geçipdir. Ýagny Ibn Araby Mekge şäherine baranda üýtgeşik, geň adam bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. Ozal bular ýaly keşpli adam görmändigi üçin Ibn Araby ondan ''Sen kim borsuň'' diýip sorapdyr. Ol şeý diýipdir: ''Men adam, özem men siziň ataňyz Adam atanyň zürýadyndan däl, Allatagala siziň ata-babalaryňyzy ýaratmanka başga-da adam nesillerini ýaradypdy we adamyň gelip-geçijiligi ýedi gezek döwürleýin ýaradyldy, siziň ataňyz Adam ata olaryň ýedinjisidir, men bolsa ondanam öňkülerden galanlaryň zürýatlarynyň biri'' diýip jogap beripdir...
Eýsem bu aýdylanlar hakynda näme diýersiňiz?




@Jeksparro

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir